Iň eý görýän adamyňyz barada,
Düzme ýazyň diýdi bir gün mugallym,
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi,
Bu uly klasda bir özüm galdym.
Eýläk-beýläk gezmeleýär mugallym,
Men bolsa sözbaşam tapamok şindi,
Kagyza damanda gözümiň ýaşy,
Mugallymym ýagdaýyma düşündi.
Ol ýuwaşlyk bilen çykdy-da, gitdi,
Gözümi süpürdim, nemlendi ýenem,
Şeýdip sessiz aglap, çola klasda,
Saňa goşgy goşdum mähriban, enem.
Bolýan işe seret, ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr bäşlik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,
Ezizin elinden aldyran, ýaşlyk.
Berdinazar Hudaýnazarow