GaýypgulyBaýramow
04.04.2022 07:28
Mollanepes
Gyz-gelin aýdyşygy
Bir gyz bilen bäs eýleýir bir gelin,
Gelin aýdar: «Husnum erem bagydyr;
Aşyk ähli tirsem diýer ter gülüm,
Aşyk bolan bir-birine ýagydyr».

Gyz hem aýdar: «Ýüzüm hurşydy-hawer,
Husnum mähtäjidir mahy-münewwer,
Uzyndyr boýlarym serwi-senuber,
Ýaşym on dört, hup mestana çagydyr».

Gelin aýdar: «Meniň söhbedim süýji,
Ança ýigitlerniň başynyň täji,
Gyýa-gyýa baksam, gözümiň ujy
Gören aşyklaryň aklyn dagydyr.»

Gyz hem aýdar: «Älem ýakar näzlerim,
Beklegli gunça dek bolsam özlerim.
Indi ger açylsa bahar ýazlarym,
Baglaryň sünbüli zülpüm dagydyr».

Gelin diýr: «Bezensem müň dürli elwan,
Görmäge ajyzdyr hurşydy-taban,
Aşyk synasynda ýaradyr çendan,
Nerkes gözlerimiň goýan dagydyr».

Gyz hem aýdar: «Gelin maňa taý degil,
Goýnum bir jennetdir, özge jaý degil,
Deň görüngen täze dogan aý degil,
Ýakamdan görünen göwsüm agydyr».

«Gel, gyz, bäs eýleme sen meniň bilen,
Jahyllar janyna men otlar salan,
Kamatym barabar tubylar bilen,
Leblerim açylan gül ýapragydyr».

Gyz hem aýdar: «Husnum elem peýwendi,
Alynmyş geliniň galasy, kendi.
Abatdyr şährimiň müftahy-bendi,
Synam köp arzyly şa otagydyr».

Gelin aýdar: «Indi haýran olup men,
Seniň bu sözüňe teslim kylyp men.
Özüm satyp, ýüzläp tümen alyp men,
Goç ýigitnin seýran eden çagydyr».

Nepes diýer bizge barabar bary,
Serden çykmaz gyz-geliniň humary,
Ikiňiz hem täze bagyň gülzary,
Baglaryň açylgan gül pudagydyr.
11
38
GaýypgulyBaýramow
03.04.2022 08:25
Kerim Gurbannepesow
Ýalñyzlyk.

1
Ýalňyzlyk hakynda menem ýazaýyn
Sebäp – ýazýan köplük, ýazmaýan azlyk,
Başyňa iş düşer, janyň hem satdyr.
Muňa diýilýändir Kiçi ýalňyzlyk.

2
Otuza ýetensiň, Zürýadyň ýokdur.
Soň kyrkyň ujundan gädip ugransyň.
«Ilden ala-böle näme beýlekäm?»
Diýip, öz täleýňe özüň haýransyň.

«Kaka» sözün eştmän ellä ýetersiň.
Bir gün tapynarsyň ogullyk, gyzlyk,
Özüňkidir, emma ozüňkem däldir.
Muňa diýilýändir Orta ýalňyzlyk.

3
Duluňda ajaýyp aýalyň bardyr.
Öýüňe bezegdir, dyzyňa – gudrat.
Ylgap hyzmat edýän onuň özüdir,
Emma seň adyňa getirer hormat.

Ellä ser urarsyň. Çagasyn döküp,
Gözlerin ýumar ol. Başlar ejizlik.
On müň dostuň bardyr – göýä ýekesiň.
Muňa diýilýändir Uly ýalňyzlyk.

4
Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym»
diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.

Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz Doly ýalňyzlyk:

5
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.

Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.
19
77
GaýypgulyBaýramow
02.04.2022 08:44
Magtymguly pyragy;

Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin;
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür, –
Solaýyn diýseň öýlengin.

Öý-il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal – duşak,
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen, derde dolaşyp,
Gaýgydan gama ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan-,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Açyp ýigitlik dumanyn,
Getir sen gaýgy zamanyn,
Dünýäniň ýagşy-ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý.
Etmediň jahandan perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.
10
63
GaýypgulyBaýramow
01.04.2022 08:32
Baklajan näme?
Kim bilýär.🤔🤔
8
136
GaýypgulyBaýramow
31.03.2022 08:37
Pil çagasyny näçe aý garnynda saklaýar?
🤔🤔
8
97
GaýypgulyBaýramow
30.03.2022 17:15
Pandalar haýsy ýurda degişli?
8
108