GaýypgulyBaýramow
02.04.2022 08:44
Magtymguly pyragy;

Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin;
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür, –
Solaýyn diýseň öýlengin.

Öý-il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal – duşak,
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaýyn diýseň, öýlengin.

Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen, derde dolaşyp,
Gaýgydan gama ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.

Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan-,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.

Açyp ýigitlik dumanyn,
Getir sen gaýgy zamanyn,
Dünýäniň ýagşy-ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.

Magtymguly, gezip her taý.
Etmediň jahandan perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.
10
63
ŞirnazarTaganow
2 Aprel 2022
Gowy post!👍
GaýypgulyBaýramow
2 Aprel 2022
Sagbol dosjan
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
GaýypgulyBaýramow , 👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍 dine like goyjak
GaýypgulyBaýramow
2 Aprel 2022
Sagbol dosjan
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
GaýypgulyBaýramow , Magtymgylyn gosgulary malades soz yok halk aydymlary edip aydylyar howri kop bolsun dossum 👍👍👍👍👍👍👍👍👍
GaýypgulyBaýramow
2 Aprel 2022
Arkaýyn dosjan aýdyber
halmyrat_gmail_com
2 Aprel 2022
Перман , GaýypgulyBayramow , Degisme bir gowy zad esasy zad adamlaryn gowne degmeli dal

GaýypgulyBayramow , gosgyny toylarda aydym edip aytsan bolyarmy eger rugsat bersen toylarda aydym edip aytjak
Перман
2 Aprel 2022
GaýypgulyBaýramow, ёне дегишме язаным. Элбетде говы сайланда ялнышмасан
GaýypgulyBaýramow
2 Aprel 2022
Őýlenseñ gowy tarapam bar erbet tarapam barda
Перман
2 Aprel 2022
-Агам ойленсен говымы? - элбетде аялын сен дердини пайлашар! -ёне менде дерт ёга? - ойленсен болор иним
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.