GYLYJOW DIYAR
03.03.2020 20:46
Hiç wagt, hiç kime özüñ baglama,
Söýülmedim diýip bagryñ daglama,
Bir gereksiz adam üçin aglama,
Taparsyñ hakyky dostuñy bir gün.
Asyl dostlugyñy Allaha bagla,
Allah gorkusyndan bagryñy dagla,
Resulallahyñ hasratyndan agla,
Taparsyñ Allahyñ söýgüsin bir gün,
Hiç wagt özüñi aşak düşürme,
Hiç wagt özüñi uly-da görme,
Wepasyza hiç bir syryñy berme,
Asyl wepalyny taparsyñ bir gün.
Gelen geçer, adam galmaz dünýäde,
Hakyky, soñsuz ömür soñky älemde,
Beden galmaz, çüýrap gider kepende,
Ölüm üçin taýýar boljak bol her gün.
12
393
GYLYJOW DIYAR
26.02.2020 21:14
Bir ulyrak ýaşan adam öz 25-ýaşly ogly bilen otla münüp, öz orunlaryna geçip oturýarlar. Ýigit penjiräniň öňünde oturyp daş-töweregi synlap barýardy. Otly gymyldap ýöräp ugranda ol elini aýnadan daşyna çykaryp howanyň elini sypalap barşyny synlaýardy. Birdenem:
- Kaka, seret, ähli baglar bizden yza gidýärä, görýäňmi? – diýip begençli seslenipdir. Ol adam jogabyň ýerine ýylgyryp oňýar. Bularyň ýanynda bir är-aýal hem oturan ekeni. Olar 25-ýaşly oglanyň özüni çaga ýaly alyp barýandygyna bir hili bolupdyrlar. Birden ýaňky ýigit ýene gygyrypdyr:- Kaka, görýäňmi, ana ol ýerde köl, haýwanlar bar... Asmandaky bulutlaram biz bilenýöräp barýara.Oturan är-aýal bu oglanyň hereketlerini örän geň görüpdirler, kakasyna seretseler welin onuň ýüzünde hiç hili geň galma alamatlaryny görmändirler. Birden ýagyş ýagyp ugrapdyr. Onuň damjalary oglanyň ellerini ýuwýardy. Ýigit ýene-de bu “gudrata” begenip kakasyna şeýle diýýär:
- Kaka, seret ýagyş ýagýar, meniň ellerimi ýuwýar. Görýäňmi, kaka? Bir zada bir kömek etmek niýeti bilen zordan çydap oturan är-aýal ahyry oglanyň kakasyna ýüzlenýärler:
- Näme üçin ogluňyzy görkezmek üçin hassahana äkideňzok?Oglanyň kakasy ulydan demini alyp:
- Biz edil ýaňja hassahanadan geldik. Şu gün meniň oglum ikinji sapar dünýä indi. Çünki onuň gözleri ýaňyja bütin dünýäni görüp başlady – diýýär.
Like goymagy unutman
17
531