GYLYJOW DIYAR
26.02.2020 21:14
Bir ulyrak ýaşan adam öz 25-ýaşly ogly bilen otla münüp, öz orunlaryna geçip oturýarlar. Ýigit penjiräniň öňünde oturyp daş-töweregi synlap barýardy. Otly gymyldap ýöräp ugranda ol elini aýnadan daşyna çykaryp howanyň elini sypalap barşyny synlaýardy. Birdenem:
- Kaka, seret, ähli baglar bizden yza gidýärä, görýäňmi? – diýip begençli seslenipdir. Ol adam jogabyň ýerine ýylgyryp oňýar. Bularyň ýanynda bir är-aýal hem oturan ekeni. Olar 25-ýaşly oglanyň özüni çaga ýaly alyp barýandygyna bir hili bolupdyrlar. Birden ýaňky ýigit ýene gygyrypdyr:- Kaka, görýäňmi, ana ol ýerde köl, haýwanlar bar... Asmandaky bulutlaram biz bilenýöräp barýara.Oturan är-aýal bu oglanyň hereketlerini örän geň görüpdirler, kakasyna seretseler welin onuň ýüzünde hiç hili geň galma alamatlaryny görmändirler. Birden ýagyş ýagyp ugrapdyr. Onuň damjalary oglanyň ellerini ýuwýardy. Ýigit ýene-de bu “gudrata” begenip kakasyna şeýle diýýär:
- Kaka, seret ýagyş ýagýar, meniň ellerimi ýuwýar. Görýäňmi, kaka? Bir zada bir kömek etmek niýeti bilen zordan çydap oturan är-aýal ahyry oglanyň kakasyna ýüzlenýärler:
- Näme üçin ogluňyzy görkezmek üçin hassahana äkideňzok?Oglanyň kakasy ulydan demini alyp:
- Biz edil ýaňja hassahanadan geldik. Şu gün meniň oglum ikinji sapar dünýä indi. Çünki onuň gözleri ýaňyja bütin dünýäni görüp başlady – diýýär.

Like goymagy unutman
17
531
Myhman Myhman
27 Fewral 2020
waheyyy
Arzuw Şaýymova
27 Fewral 2020
?????
Myhman Myhman
26 Fewral 2020
oran gowy
ALFIYA
26 Fewral 2020
yuregim birhili bolup gitti....
☆NUR☆
26 Fewral 2020
Birhilek bolup gitdim??? oran gowy eken❤❤❤❤
Fatima
26 Fewral 2020
Gynandym azrak son begendm gozi gorenine☺
Aycicek
26 Fewral 2020
diyseň gowwy?Didar
Селби
26 Fewral 2020
Hem gynandyrya hem begendirya gowy hekaya
Jerkam.
26 Fewral 2020
Gowy men muny Gunes zurnalda on okapdym ????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.