Gülhan
27.06.2022 11:43
🖤..🕊️)
6
95
Gülhan
Gülhan
27.06.2022 11:15
HAÝYŞYM... Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde, Aladaly gabat gelýäň ýygydan Hemem gursagymy otlap goýberýäň. (Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!) Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär, Artyk zadam islämok-la
Gülhan
27.06.2022 01:00
Ylgaşyp, öňürtip barýas sagatdan,
Heý säginip bolmazmyka dünýäde?!
Edilmeli işler edilenden kän,
Ýetişemok, ýetişemok hiç zada!

Köpdür bu durmuşyň gaýgy-gussasy,
Ne elimiz degýär, göwnümiz şada.
Han-ha seýilgähde, deňi-duşlarym,
A men welin ýetişemok hiç zada!

Agyr günler düşen wagty başyma,
Mydama dost-ýarym ýetişýär dada.
Arzymy aýtmana wagt tapamok,
Ýetişemok! Ýetişemok hiç zada!

Bir ýola rowana, bir tanşym çykýar,
Ýanda ýanyp bilseň alawly oda,
Hal-ahwal sormaly, göwün bar onda,
Men näm üçin ýetişemok hiç zada!

Gümra bolup bu ykbalyň oýnuna,
Kapýalar düşmejek bolýala ýada,
Duýgulam gursagy, ýaryp barýala,
Ah neçün men ýetişemok hiç zada?!

Haçan gutararka, irizýä dostlar,
Bu aýylganç ýan bermezek kada!
Ýöne ykbalymdan zeýrenemok men,
Ýetişmesemde durmuşda hiç zada!

İrde-giçde ýetişerin bir bada,
Asyl şeýle ýaşalarda dünýäde!

Daňatar_Galpakow
13
78
Gülhan
Gülhan
27.06.2022 00:17
Bir Kakanyň çağasyna edip biljek iň gowy ýagşylygy, onuň ejesini sylamak we söýmekdir 💐
Gülhan
Gülhan
24.06.2022 02:16
Gijeki hal Eýýäm tümlük ornaşypdyr içime, Ýary gije söndüremok çyrany. Ýatlamalar ýüregime çüme-çüme, Ýatsam ganadýalar köne ýaramy. Diwardan asylgy halyň ýüzünden, Yeke yeke nagyşlaryn yzlaýan,
Gülhan
Gülhan
24.06.2022 01:34
Atmaga çykaryp wyždan oklaryn, Biribara doğa edýän ýol çykdy.. Ýuwup nadanlaryň atan ýüklerin, Gözlerimden gara kirli köl çykdy ... Kösenenmiň sebäpkärin gözlesem, Ýamanlaryň sanaw sany nol çykdy.
Gülhan
Gülhan
19.06.2022 16:50
Bolup owadanja gidäýsem seýle, Ýyldyz ýaly tozgajyklaň öwşüni... Öýmüze giresim gelenok Eje, İşikde görmesem seniň köwşüňi... Bahar Toýlyýewa
Gülhan
Gülhan
18.06.2022 15:52
Gelin borun.. Ene borun.. Ýar borun Ýene näçe noýabrly güýzler bar... Dyrnap duran ýaralarmyň iň törün, Segsen geçse könelmejek yzlar bar..
Gülhan
18.06.2022 01:03
İň köp hormata laýyk görýän kişilerim...

* - Hem okaýan hem işleýän studentler.

* - Ýeke başyna çağa ulaldan Eje we kakalar.

* - Söweşip, dyrmaşyp ýokara çykan beýik adamlar.

* - Meniň pikirime goşulmasada, näzik şekilde dawalaşyp, öz düşünjesini owadanlap düşündiren ynsanlar.

Keanu Reeves.
19
189
Gülhan
Gülhan
17.06.2022 07:02
Ýaradan bir gulyna bir zady bermegi islemesedi, o gulyna şol zada bolan islegi bermezdi. Ol size bir zady isledýän bolsa şony bermek üçin isledýändir.... Nesip etdirmejek zadyny pikir hem etdirmez..🌸