Gülhan
27.06.2022 01:00
Ylgaşyp, öňürtip barýas sagatdan,
Heý säginip bolmazmyka dünýäde?!
Edilmeli işler edilenden kän,
Ýetişemok, ýetişemok hiç zada!

Köpdür bu durmuşyň gaýgy-gussasy,
Ne elimiz degýär, göwnümiz şada.
Han-ha seýilgähde, deňi-duşlarym,
A men welin ýetişemok hiç zada!

Agyr günler düşen wagty başyma,
Mydama dost-ýarym ýetişýär dada.
Arzymy aýtmana wagt tapamok,
Ýetişemok! Ýetişemok hiç zada!

Bir ýola rowana, bir tanşym çykýar,
Ýanda ýanyp bilseň alawly oda,
Hal-ahwal sormaly, göwün bar onda,
Men näm üçin ýetişemok hiç zada!

Gümra bolup bu ykbalyň oýnuna,
Kapýalar düşmejek bolýala ýada,
Duýgulam gursagy, ýaryp barýala,
Ah neçün men ýetişemok hiç zada?!

Haçan gutararka, irizýä dostlar,
Bu aýylganç ýan bermezek kada!
Ýöne ykbalymdan zeýrenemok men,
Ýetişmesemde durmuşda hiç zada!

İrde-giçde ýetişerin bir bada,
Asyl şeýle ýaşalarda dünýäde!

Daňatar_Galpakow
13
78
Myhman Myhman
28 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
ay_kiz_
27 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
❤❤❤Gülkäbe❤❤❤
27 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍
Elsa❄
27 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👏👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.