Fatima
21.05.2020 09:15
Wah ýanan söýgim...
Men 8-nji synpdym mekdebiň ilkinji günleri men bir oglana aşyk boldum. Ol şeýdip başlapdy. Men arakesmede synpdan çykyp naharhana gidip barýakam bir oglana gözüm düşüp gitdi we şol oglan meni gyzyklandyryp başlady ýatsam düýşümde, tursam huşumda boldy diňe şol hakda oýlanýadym. Onuň ady Maksatdy we menden bir ýaş uludy. Soň soňlar men arakesmä çykmagym köpelip başlady Makdady görmegim üçin şeýdip gözüne gowja düşdüm.Soňky wagtlar ol maňa lak atyp başlapdy men begenýädim nädip begenmejek söýýän oglanyň seni tananynda!? Men şeýle bagtlydym Maksadyň barlygynda. Men başda oňa söýýänligimi aýtmak isläpdim soň bolsa ol pikirimden yza çekildim sebäbi gyz maşgala oglana söýýänini aýtsa gelşiksiz bolara!? Mekdebiň gutarmagyna 1,2 hepde galanda garaşylmadyk ýagdaý boldy ýagny Maksat meniň synpdaşym Jereniň yzyna düşüp ýörendigini bildim.....(dowamy bar)
10
115
Fatima
20.05.2020 07:03
Gadyr gijede eden arzuwlaryñyz, niýetleriňiz, dilegleriňiz Allah dergähinden kabul bolsun?
Ýatdyňyzmy indi?
4
59
Fatima
20.05.2020 00:09
Kabul bolsun ?
Kim bar??
4
176
Fatima
Fatima
19.05.2020 00:09
Kim Gadyr gijede ýatman otyrýa? Bile otyralyň?
Fatima
Fatima
18.05.2020 10:38
☝☝☝
Fatima
17.05.2020 10:14
Salam hemmanize. Su progda bir myhman bar eken. Owrenmelinin agzalarynda ary bar eken hemmamize dislike sol goyya.
Aýtda indi name arr???
7
210
Fatima
17.05.2020 00:25
Söýgüniň güýji (bolan waka)
Gözel ilki günler internete girende onyň içine düşünmän kän gezdi. Şahsyda gelýan hatlaryň hiçisine hem jogap berenokdy we onyň nädip ýazylýanyn hem düşünenokdy Bu gün Gözel işlerin ir edip boldyda eline telefonyny alyp, bir çaşga kofeýani hem aldyda daşarda duran sallanjaga, arkasyna han ýassyk goýyp gowy ornaşdy. Ol sallanjagyň üstünde Internetin açyp ,kim näme ýazdyka diýip bir laý göz aýlady Onyň içine güýmenip otyrka oňa şahsy hat geldi — salam — salam — siz bilen tanyşmak mümkinmi,men Myrat Balkandan - men Gözel Änewden - siz name edýaňiz - menmi, aý internetime güýmenýan - ýa ýazyşýanyň barmydy, ýa-da gepleşýan ýigdiň barmy? — ýokla, ýöne okamak üçin giräýdim menä,kän düşunemogam — özüm öwrederin, gaýgy etme Gözel. - sagbol Myrat Gözel Myrat bilen hat alşyp başlady. Olar günde durli durli meseler boýunça pikir alyşýardy Olaryň bar arzuwy şu ýyl yokary okuw jaýyna girmekdi, nesibämizde bizde-de okamak ýazylaýan bolsady diýip arzuw ederdiler Bular bir birleri bilen telefon üsti bilen, aralygynda hat ýazşyp taýýarlanýan dersleri boýunça maslahatlaşýardylar Şeýdip aradan 8 aý töweregi wagt geçdi. Bular ýokary okuw jaýyna resminamalarny tabşyrmaga gidenlerinde, bir birimizi 8 aý bäri tanaýas ,şo taýda ýüzbe ýüz görşeli diýip dilleşdiler Ýöne bularyň arzuwlary başa barmady ,okaryň hersi bir günde resminamalarny tabşyrmaly boldy we Gözel bilen Myrat ilkinji ekzamen göni bir birine gabat geldiler Gözel Myrady beýle göz öňine getirenokdy. Myrat uzyn boýly görmegeý ýigit eken. Myrada näme Gözeli görüp göýä asmandan hüýr melekler ýere düşen ýaly Gözeliň ajaýyp keşbine ank bolup seredýardi. Ol Gözeliň - Myrat, meni masgara edýaňa oglan, daş töwerek doly adamdan beýdip açgözlilik bilen seretmäýdä, diýdi Myrat özine geldi. Ol birhili ýaýdanly. Synag başlady. Oňa ilki Myrat girdi, Myrat kän eglenmedi soň Gözel girdi welin hiç wagty bilen çykmady wah bilmeýan soragy düşaýdimikä diýip Myrat iki ýana ýörap ýadady Ine birden Gözel çykdy, çykan badyna Myrat - bilýan soragyň düşdümi? - hawa düşaýdidä Allajan kömek etdidä maňa, diýip ýylgyrdy - onda name giç çykdyň?! - aý Kalamordan bir gazak gyz ýanyma düşdi, kömek edaý diýip ümledi we onyň soragy meniňkiden hem aňsatdy, şoňa kömek etdim, oda hazir çykýar diýdi Bular birinji ekzamenden sagaman geçdiler, soň ikinji, soň üçinji iň aljyraýan pursat hem geldi bu konkursdy, indi balyň ýetse talyp diýen ada eýe bolaýmalydy Ertesi irden her kim geçiş tagtadaky spisogy okamaga howlykýardy Gözel bilen Myrat hem ir gelipdi, ýöne tagtaň ýanyna abituriýentlerden ýaňa barar ýalyna daldi Ahyr Myrat kürdäp köpçüligiň içine girdi we familýasyn gözledi,öz familýasy geçenleriň arasynda görup uraaaaaa diýip gygyranyny hem duýmady, soň ol Gözeliň familýasyn gözledi .Onyň familýasyn hiç tapmady, bir iki gezek okasada tapmady, ahyr ýandaky gyzyň ynha seniň gözleýan gyzyň diýip görkezende, ony görüp göni Gözele gygyrdy — Gözel gutlaýan, biz talyp boldyk.. Talyplyk döwri başlady .Bular 5 ýyllap bir unywersitetde okap, bilim alyp hersi öz welaýatyna mugallym bolup gitdiler Bular bir birine 5 ýylyň dowamynda aýrylmaz dost boldylar, ýöne söýgi sözin bir birine hem aýtmadylar Myrat bir iki gezek synaşdam ýöne dostlygym hem ýiter öýtdüp, gorky howpuny basýardy Gözel bolsa hiç hem aýdyp biljek daldi Iň soňky hoşlaşyk güni Myradyň - Gözelim men seni söýdüm, ýöne bu söýgi haçan döranini men bilemok, ýöne sensiz durmyş maňa agyr düşer, diýdi Gözel bolsa - nesibedir o zatlar, görerisda diýip bor hem diýmedi yok hem diýmedi Myrat bilen Gözel hersi öz ýoly bilen gitdi. Soň olar kawagt telefonda gepleşaýmese görşüp bilmediler Ýöne Gözel hem Myrady halaýandygny duýýardy Aradan ýyla golaý wagt geçdi. Indi Gözeliň ejesi Gözeli çykarjaklygy barada oňa syzdyrdy. Gözeliň göwni welin Myratdady ýöne ejesiniň, janymdan eý görüp, ullandan balamy öz elim bilen öz islan ýerime bersem diýen sözini eşdip Gözel Myrat barada ejesine aýtmagy çekindi Gözele bolsa aldygyna sawçylar gelýardi. Olaryň içinden Gözeliň ejesi öz işdeşiniň aýal doganynyň ogly üçin Gözeli soranda ,şulara razylyk berdide otyryberdi Ejesi welin Gözeliň yok diýmejegin bilýärdi Ol guda bolnansoň telefon nomerin çalyşdy Öýlenýan ýigit özi bilen gepleşjek diýende göwnemedi ,basym toýym boljak bolup durka nameüçin şu oglanlar howlykýarka, diýip pikir etdi Toý sähedine çenli ol oglan bilen hiç gyzyklanmady. Toý edýanine ynanyp bilenokdy Bir gün öýde öz jaýynda otyrka gyz jigsi barjak ýigdiňi görjekmi, gelnejesi geldi, saňa surat goýup gitdi, diýdi Gözel bolsa ýook göresim gelenok, maňa azar bermaň diýip gözine ýaş aýlady Gyz jigsi elindäki suraty stolyň üstunde goýdyda çykyp gitdi Ol gün geçdi. Ertesi irden otagyny ýygnap ýören Gözel stolyň üstundaki surata göz gytagy bilen seretdi we suraty gaty tanyş ýüz bolansoň, ýaman tanyşla diýip suraty eline aldyda, Waaaý Allajanlarym bu ýigit, bu ýigit ýaman Myrada meňzeşle diýip suraty alyp ejesiniň ýanyna gitdi - eje bu surat kimiň suraty diýdi - waý jan gyzym bu suratdaky ýigit seniň barmaly ýigdiň ahyry , ady Myrat, saňa ilki işdeş joramyň aýal doganynyň oglyna berjek diýen ýigimda şu,siziň sanlyja gunden toýuňyz boljak bolup dura,diýdi Sen bolsa gökden düşen ýaly, oglan bilen gepleşjekdäl, görüşjekdäl diýip aýak dirediň durdyň Gözel doňyp galdy, ol bu garaşylmadyk ýagdaýy name diýip atlandyrjagyn bilmedi Ol Myradyň telefon belgisin alyp jaň etdi — salam, Myrat bu senmi sen bilýardiňmi bu bolup ýören zatlary, diýdi — hawa bilýardim —onda nameüçin aýtmadyň - men jaň edemde sen jaňymy almadyň, soň öziň jaň edersiň öýtdüm,diýdi — Nämeeeeeeeeee men bolsa özgaň gujagyna nadip öwrenşermikam diýip günde aglap ýatýadym —wah balajygym,gülüm diýip,seni özgäň gujagyňa heýde men dözerinmi, diýip trupkaga ep- esli gürleşip trupkany goýdy Gözel bolsa elinde barmaly ýigdiň suraty, ýöne bu gezek ol aglap durdy ýöne begençdendi, Ol durmyşa çykýardy, özäm ejesiniň halan ýigdine,maňlaýyndan çykan ýigde boýun bolupdy Ol şondada aglaýardy ýöne begençdendi ..... Goý ýaşlar bagtly bolsunlar!!!
8
141
Fatima
17.05.2020 00:25
Söýgüde bir, bir biregi aldamajak bolyň (bolan waka)
Başda oňa köpçülige öwrenişmek ýeňil düşmedi. Özi bilen deň oglan-gyzlar, deñ-duşlary oň bilen mähirli gürleşselerem Aÿnur olara goşulşyp gidiberenokdy. Az gürleýärdi. Agzyndan salamdan başga söz aljak gümänyň ýokdur. Ýöne, toparda ýeke özüň şeýle bolsaň, köplük derrew seni özüne goşaýýar. Aÿnuram soňabaka açylyp ugrady. Aramyza goşuldy. Asyl görüp otursak, beýle bir dymma hem däl eken. Gürlemän gürlemän bir söz diýýä welin ýüregiňe jüňk bolaýýar. Men-ä oňa: - Ýere bakandan ýer gorkar, ýeriň damaryn gyrkar - diýip degýärdim. Ol wagtlar internetiň ýaňy ýaýrap başlan wagtlarydy. Hemmeleriň "agenta" girip başlan, internet diýlende diňe "agent" diýip düşünilýän döwrüdi. Toparmyzda ýedi gyzdan diňe iki sanymyz girýädik o ýere-de. Soňra meniň tagallam bilen topardaky gyzlaň baram girdi, ýöne bir ýyldan soň. Aÿnuram girdi. Ine hemme zadam şol "agenta" girenden soň başlandy. Giren gününden Aÿnura biri ýazyp başlady, tanyşdylar. Ýöne Aÿnur tanyşanda özi hakda dogry maglumatlary bermedi. Ýöne bu ilkinji internet tanyşlygynda bolup biläýjek zat. Garşyňda, ekranyň aňyrsynda saňa kim, nähili adam ýazýandygy belli däl-ä. Hawa, Aÿnuram şeýtdi. Özüni aşgabatly diýip tanatdy. Ýöne Bäşim özi hakda dogry maglumatlary beripdir eken. Ikisi agentda uzak gün gürleşip başladylar. Bäşim hem Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynda okaýan eken. Özem Aşgabatly. Ikisi ir ertirden başlap, giç agşama çenli, käte gijelerinede gürleşýärdiler. Näme gep tapýandyklaryna bilemok, ýöne Aÿnuryn gözüniň telefondan aýrylman ýylgyryp otyrýanyny görýärdik. Başimi biz bilenem tanyşdyrdy. Dogry, başda tanyşlyk kän ýakymly bolmasa-da, men-ä soňabaka onuň ugruny tapdym. Özüň aldamasaň, ýöne seni aldasalar iň agyr degýän zat. Onda-da öwrenşen adamyň, ähli duýgularyňy paýlaşyp ýören adamyň aldasa has agyr degýär. Bäşimem özüni Aÿnuryn aldanyny bildi. Ýogsa Aÿnur diňe özüniň Daşoguzlygydygyny aýtmandy, galan zat hakynda dogry aýdypdy, okaýan ýerini, adyny, doglan ýylyny...Ony aýtmaga welin çekinipdi... Sebäbi bärde daşoguzly ýa lebaply bolsaň "şat" ýa "tat" bolýaň, haman ol welaýatdakylar türkmen däl ýaly, hamana olar bärde ýaşaýanlaryň düýesine geçi diýen ýaly. Aÿnuram Bäşimiň özüni kemsiderinden gorkup aýtmandy. Bäşim aşgabatly, ol daşoguzly - göwni ýetmez öýdüpdi. Aýdaýsa iki ýyllap öwrenşen adamsyny ýitirern öýdüp gorkupdy. Bäşim bilenden soňam Aÿnur "Biz aslymyz daşoguzly, ýöne bärde ýaşaýas" diýip, ýene-de aldady. Olam ýitirmek gorkusynyň bolandygy üçin. Ýöne ahyrynda bu mesele oňyn çözüldi. Şonça wagt bir şäherde bolup bulaň ikisi görüşmedimikä diýen sowal hemmäňiziň kelläňizi eýelän bolsa gerek. Ýok, görüşmediler. Bu babatda hem Aÿnur ejizlik etdi. "Görenden soň halamasa?! Men-ä oň bilen görüşsem, ahyrynda-da oň ejesi alyp berjek däl daşoguzly gyzy diýse?! Ýa biziň öýmizdäkiler tekä berjek däl diýseler?!..." Şular ýaly soraglar, jogaby tapylmaýan soraglar Aÿnury bynjalyk edýärdi. Ahyrynda-da "Biderek görüşip, soňundan biabraý bolnymdan görüşmäýin, entäk sabyr edeýin, näme bolýaka?" diýip, Aÿnur görüşmezlik kararyna geldi. Bäşim muň bilen razylaşandyr öýtýäňizmi? Elbetde ýok. Aÿnury görjek bolup çärelerde jan etdi. Öýüniň ýanyna 3 gezek geldi. Bir gezeg-ä Aÿnuryn özi çagyrypdy, ýöne ýene ýaňky pikirler bilen, görmegi goýbolsun edipdi.Bir gün Bäşim: "Maňa ejem öz halan gyzyny alyp berjek diýdi, söýüşme diýdi" diýip ýazdy. Ozallar: "Meň saýlanyma hiç kim garşy bolmaz, ejemem halanyňy alyp berjek diýýä" diýip ýazýan Bäşimiň bu sözüne Aÿnur birerbet boldy. "Näme üçin beý diýýärkä? Ýa ilkibaşdanam meni aldap gelýämikä? Görüşmänim gowam bolupdyr." Şu pikirlerden soň Aÿnuram Bäşime: "Menem saňa aýtmadym öň, meňem adaglym bar" diýip ýalan sözledi. Aÿnuryn bu sözi Bäşime Aÿnura Bäşimiň diýen sözündenem erbet täsir eden bolarly. Söwüşdiler. Aýrylyşdylar. Başda Aynur öwrenşibilmän kösendi, ýöne soňlugy bilen öwrenişdi. Sebäbi bäşim hyýaly dünýädi, 3 ýyla golaý wagt şol dünýäde gaýdy-gamsyz ýaşamlaryndan soňra, hakyky durmuşa dolanmaly boldylar. Hakykatda bolsa Aÿnura Yslam garaşýardy. Yslam Aÿnuryn daşgynrak garyndaşy, maşgalalaram gowy gatnaşýardylar. Başda Bäşimli dünýä ymykly gireni üçinmi, Aÿnur kän Yslamy halap baranokdy.Yslam ýogsa Bäşimdenemä öň bardy, Bäşimden has öň söýýändigini duýdurypdy. Ýöne her zadyň öz wagty bar diýleni. Bäşimi unutmak üçin Aÿnur Yslam bilen gürleşip başlady. Görüşýärdilerem. Sebäbi Yslam Aÿnuryn, Yslamyn maşgalasynyňam garşy bolmajak adamydy. Yslamy tanadygyça Aÿnur onuňam erbet oglan däldigini bildi. Akylly, agras, iň esasam, Aÿnury ýürekden söýýär. "Bäşim soňra ýitip gitdimikä?" diýip berjek soragyňyza jogap: - Ýok! 2 aýdan soňra (belki iki aýdanam köpüräk) ýazdy. Ýöne bu wagta Aÿnur eýýäm sowaşypdy. Indi Bäşim hyýaly geçmişe öwrülipdi. Onuň öňünde ýagty geljegi, soňlanmaz söýgini, beýik bagty berjek Yslam bardy...
8
136
Fatima
16.05.2020 23:55
Ömri gysga söýgim (bolan waka)
Tomus paslynyň yssy günlerinden biri, sagat gündiz 4 töweregidi, öýüň içi daşy adamlardan doludy. Daşarda howluda papakly erkek adamlaryň özara "entek ýaşdy neresse" diýen gürrüňleri içerde bolsa aýal maşgalalaryň aglaşýan sesleri eşdilýärdi. Her näçe kynam bolsa borçlar ýerine ýetirilmelidi we tabyt daşara çykarylyp adamlar namaz üçin hatara düzüldiler. Namaz okalandan soň tabyty kamaz maşyna ýüklemek üçin erkekler herkim bir ujundan gezekme gezek götermäne başladylar. Tabytyň sag tarapynyň iň öňünde bir eli we kellesi ak marla saralan bir ýaş ýigit gözi ýaşlar içinde ýerini hiçkime bermän kynlyk bilen ýöreýärdi. Kamaza mündiler we mazarlyga tarap ýola goýuldular. Ýigit ýol boýy tabyty gujaklap "meniň günäm, bagyşla meni" diýip uly ses bilen aglaýardy. Ýanyndaky adamlar her näçe "Röwşen özüňi ele al, boljak zada çäre ýok" diýip köşeşdirmäne jan etselerde peýdasy ýokdy. Röwşeniň özüni günäkärlemeginiň hem sebäbi bardy. Röwşen bilen Aýlar eýýam 6 ýyl bäri bile halaşýardylar. Olaryň söýgüsi entek mekdep ýyllary başlapdy. Olar mekdebi gutaryp bile daşary ýurda okamana gidipdiler. Olar ýokary okuw jaýynda hem bile okaýardylar we wagtlaryny diýseň gowy geçirýärdiler. Olaryň halaşýandyklaryny köçe, oba, etrap, şäher, dost, duşman, garyndaş hatda her iki maşgalada doly bilýärdi, diňe galanja bir ýyl okuwlaryny tamamlap soň Röwşenem 1 ýyl gullugyny dynyp toý edäýmek galypdy. Olar 3nji kursy tamamlap öýlerine dynç almana gelýärdiler. Düýn gije olar Aşgabatdadylar we ertire çenli garaşmana howlugyp öz welaýatlaryna gaýtmak üçin gije ýeňil maşyn bilen ýola çykmana karar berdiler. Olar maşyna münüp ugranlarynda sagat gije 1 i geçipdi. Röwşen Aýlary çenden aşa söýüp hemmä gawanýanlygy sebäpli arkada özi oturyp Aýlary çep tarapyna oturdypdy, sebäbi sag tarapynda başga bir erkek adam bardy. Bularyň ýola çykanyna 3 sagat bolupdy, Aýlar Röwşeniň gujagynda Röwşen hem kellesini Aýlaryň kellesine söýäp ýadowlyk bilen süýji ukuda gelýärdiler. Maşynyň sürüjisi Aşgabada müşderilerini getirip dynç alman yzyna ýola çykanlygy sebäpli ukusyzdy, herwagt gözi ýumulýardy. Sürüji bu gezek uka uzagyrak gidipdi we maşyn ýoldan çykyp agdarylypdy. Bu ýagdaýy gören beýleki maşynlar kömege geldiler, tiz kömege habar berdiler, Röwşen hem hassahana äkidilenleriň arasynda huşsuz ýatyrdy. Aýlar bolsa şol Röwşeniň gujagynda gözlerini uka ýumany boldy gaýdybam hiç açmady. Aýlaryň bedenini topraga jaýladylar, Röwşen bolsa onuň bilen bilelikde özüniň ruhuny jaýlady, şatlyk-gülküsini, arzuw-hyýallaryny jaýlady. Aýlar neresse birgün wepat eden bolsa Röwşen hergün ölýärdi, içi içini iýýärdi, girere deşik tapanokdy, alýan her demi oňa puşmanlykdy, wagt oňa duşmandy, basýan her ädimi gussa doludy. Aradan 3 ýyl geçdi, Röwşen ne birini söýüp bildi nede öýlendi...
12
114
Fatima
Fatima
16.05.2020 22:10
Mαňα bir kofe getir☕ Durmuşym ýaly gαrα bolsun? Şeker sαlmα içine? Derdim yαly αjy bolsun? ..... Bαgtly bolmαk isleyαňmi ? Her yzyndαn gep edene gulαk αsmα? Her söz berene sözüňi tutαr diýme☝ Her