Fatima
17.05.2020 00:25
Söýgüde bir, bir biregi aldamajak bolyň (bolan waka)
Başda oňa köpçülige öwrenişmek ýeňil düşmedi. Özi bilen deň oglan-gyzlar, deñ-duşlary oň bilen mähirli gürleşselerem Aÿnur olara goşulşyp gidiberenokdy. Az gürleýärdi. Agzyndan salamdan başga söz aljak gümänyň ýokdur. Ýöne, toparda ýeke özüň şeýle bolsaň, köplük derrew seni özüne goşaýýar. Aÿnuram soňabaka açylyp ugrady. Aramyza goşuldy. Asyl görüp otursak, beýle bir dymma hem däl eken. Gürlemän gürlemän bir söz diýýä welin ýüregiňe jüňk bolaýýar. Men-ä oňa: - Ýere bakandan ýer gorkar, ýeriň damaryn gyrkar - diýip degýärdim. Ol wagtlar internetiň ýaňy ýaýrap başlan wagtlarydy. Hemmeleriň "agenta" girip başlan, internet diýlende diňe "agent" diýip düşünilýän döwrüdi. Toparmyzda ýedi gyzdan diňe iki sanymyz girýädik o ýere-de. Soňra meniň tagallam bilen topardaky gyzlaň baram girdi, ýöne bir ýyldan soň. Aÿnuram girdi. Ine hemme zadam şol "agenta" girenden soň başlandy. Giren gününden Aÿnura biri ýazyp başlady, tanyşdylar. Ýöne Aÿnur tanyşanda özi hakda dogry maglumatlary bermedi. Ýöne bu ilkinji internet tanyşlygynda bolup biläýjek zat. Garşyňda, ekranyň aňyrsynda saňa kim, nähili adam ýazýandygy belli däl-ä. Hawa, Aÿnuram şeýtdi. Özüni aşgabatly diýip tanatdy. Ýöne Bäşim özi hakda dogry maglumatlary beripdir eken. Ikisi agentda uzak gün gürleşip başladylar. Bäşim hem Türkmenistanda bir ýokary okuw jaýynda okaýan eken. Özem Aşgabatly. Ikisi ir ertirden başlap, giç agşama çenli, käte gijelerinede gürleşýärdiler. Näme gep tapýandyklaryna bilemok, ýöne Aÿnuryn gözüniň telefondan aýrylman ýylgyryp otyrýanyny görýärdik. Başimi biz bilenem tanyşdyrdy. Dogry, başda tanyşlyk kän ýakymly bolmasa-da, men-ä soňabaka onuň ugruny tapdym. Özüň aldamasaň, ýöne seni aldasalar iň agyr degýän zat. Onda-da öwrenşen adamyň, ähli duýgularyňy paýlaşyp ýören adamyň aldasa has agyr degýär. Bäşimem özüni Aÿnuryn aldanyny bildi. Ýogsa Aÿnur diňe özüniň Daşoguzlygydygyny aýtmandy, galan zat hakynda dogry aýdypdy, okaýan ýerini, adyny, doglan ýylyny...Ony aýtmaga welin çekinipdi... Sebäbi bärde daşoguzly ýa lebaply bolsaň "şat" ýa "tat" bolýaň, haman ol welaýatdakylar türkmen däl ýaly, hamana olar bärde ýaşaýanlaryň düýesine geçi diýen ýaly. Aÿnuram Bäşimiň özüni kemsiderinden gorkup aýtmandy. Bäşim aşgabatly, ol daşoguzly - göwni ýetmez öýdüpdi. Aýdaýsa iki ýyllap öwrenşen adamsyny ýitirern öýdüp gorkupdy. Bäşim bilenden soňam Aÿnur "Biz aslymyz daşoguzly, ýöne bärde ýaşaýas" diýip, ýene-de aldady. Olam ýitirmek gorkusynyň bolandygy üçin. Ýöne ahyrynda bu mesele oňyn çözüldi. Şonça wagt bir şäherde bolup bulaň ikisi görüşmedimikä diýen sowal hemmäňiziň kelläňizi eýelän bolsa gerek. Ýok, görüşmediler. Bu babatda hem Aÿnur ejizlik etdi. "Görenden soň halamasa?! Men-ä oň bilen görüşsem, ahyrynda-da oň ejesi alyp berjek däl daşoguzly gyzy diýse?! Ýa biziň öýmizdäkiler tekä berjek däl diýseler?!..." Şular ýaly soraglar, jogaby tapylmaýan soraglar Aÿnury bynjalyk edýärdi. Ahyrynda-da "Biderek görüşip, soňundan biabraý bolnymdan görüşmäýin, entäk sabyr edeýin, näme bolýaka?" diýip, Aÿnur görüşmezlik kararyna geldi. Bäşim muň bilen razylaşandyr öýtýäňizmi? Elbetde ýok. Aÿnury görjek bolup çärelerde jan etdi. Öýüniň ýanyna 3 gezek geldi. Bir gezeg-ä Aÿnuryn özi çagyrypdy, ýöne ýene ýaňky pikirler bilen, görmegi goýbolsun edipdi.Bir gün Bäşim: "Maňa ejem öz halan gyzyny alyp berjek diýdi, söýüşme diýdi" diýip ýazdy. Ozallar: "Meň saýlanyma hiç kim garşy bolmaz, ejemem halanyňy alyp berjek diýýä" diýip ýazýan Bäşimiň bu sözüne Aÿnur birerbet boldy. "Näme üçin beý diýýärkä? Ýa ilkibaşdanam meni aldap gelýämikä? Görüşmänim gowam bolupdyr." Şu pikirlerden soň Aÿnuram Bäşime: "Menem saňa aýtmadym öň, meňem adaglym bar" diýip ýalan sözledi. Aÿnuryn bu sözi Bäşime Aÿnura Bäşimiň diýen sözündenem erbet täsir eden bolarly. Söwüşdiler. Aýrylyşdylar. Başda Aynur öwrenşibilmän kösendi, ýöne soňlugy bilen öwrenişdi. Sebäbi bäşim hyýaly dünýädi, 3 ýyla golaý wagt şol dünýäde gaýdy-gamsyz ýaşamlaryndan soňra, hakyky durmuşa dolanmaly boldylar. Hakykatda bolsa Aÿnura Yslam garaşýardy. Yslam Aÿnuryn daşgynrak garyndaşy, maşgalalaram gowy gatnaşýardylar. Başda Bäşimli dünýä ymykly gireni üçinmi, Aÿnur kän Yslamy halap baranokdy.Yslam ýogsa Bäşimdenemä öň bardy, Bäşimden has öň söýýändigini duýdurypdy. Ýöne her zadyň öz wagty bar diýleni. Bäşimi unutmak üçin Aÿnur Yslam bilen gürleşip başlady. Görüşýärdilerem. Sebäbi Yslam Aÿnuryn, Yslamyn maşgalasynyňam garşy bolmajak adamydy. Yslamy tanadygyça Aÿnur onuňam erbet oglan däldigini bildi. Akylly, agras, iň esasam, Aÿnury ýürekden söýýär. "Bäşim soňra ýitip gitdimikä?" diýip berjek soragyňyza jogap: - Ýok! 2 aýdan soňra (belki iki aýdanam köpüräk) ýazdy. Ýöne bu wagta Aÿnur eýýäm sowaşypdy. Indi Bäşim hyýaly geçmişe öwrülipdi. Onuň öňünde ýagty geljegi, soňlanmaz söýgini, beýik bagty berjek Yslam bardy...
8
136
Myhman Myhman
17 May 2020
dogry aytyan
Myhman Myhman
17 May 2020
Ey kaller go.un bokuny onar ilki ondan adamlara yrsara bolyamey
Myhman Myhman
17 May 2020
Adam cagasy bolmasam sorik gelmezdim heley

100% bolsan sana heley diymezdiler
Kaller
17 May 2020
Ey myhan mayyryk adam cagasa dal sen ??
Fatima
17 May 2020
Erkek bolsa regs bolsun
Fatima
17 May 2020
Men saňa zat diýemok biderek ýere kelläň agyrmasyn menkinäm agyrtma
Kaller
17 May 2020
Fatmia myhman manyak zada dusunmeyar gele 000%
Fatima
17 May 2020
Eý kaller diyen zatlammy ozüne çekseň mendemi soň günä. Işim ýok sen bilen. Myhman senmi?
Kaller
17 May 2020
Ey fatima ozune biderek sowdyrmesene
Fatima
17 May 2020
Ey kaller sana geplamok men ozam men adamyn yzyndan geplemeýan yuzune basýan ok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.