Emirhan_
20.05.2024 22:16
Göräýmege bilýänler üçin ýönekeý görinmegi mümkin emma bilmeýänler öwrener.

DAYS OF THE WEEK • Hepdäniň günleri

1-nji gün - Monday (• Duşenbe)
2-nji gün - Tuesday (• Sişenbe)
3-nji gün - Wednesday (• Çarşenbe)
4-nji gün - Thursday (• Penşenbe)
5-nji gün - Friday (• Anna)
6-njy gün - Saturday (• Şenbe)
Dynç güni - Sunday (• Ýekşenbe)
15
57
Emirhan_
18.05.2024 00:08
Bagtlylyk bu syýahatdyr, syýahatda bolsa esasy zat ýol dälde ýoldaşdyr.
11
47
Emirhan_
15.05.2024 22:40
Salam ýekelik, ine gündeki endigime görä men ýene-de seniñ bilen ikiçäk. Bilýäñmi, aslynda her bir adamyñ içinde öz ýekeligi bar, belki ynsanlar ony gizleýär ýa-da bildirmek islemeýär. Seniñ ýanyña gelen adamlar ýüregine giñlik tapýar, a käbiri bolsa señ bilen bile galmakdan gorkýar, belki seni düýbinden tanamaýanlaram bardyr, emma ynsan ir-giç ýekeligiñ pidasy bolýar.


Ümsimlige mätäç wagtym seni çagyryp içimi dökmäne başlaýan, sen bolsa şol sessizligiñ bilen meni ünsli diñleýäñ. Hatda iñ söýgili adamym, meni terk edende, sen meni gujaklap köşeşdirýärsiñ. Gam - gussadyr dertleriñ beren ezýetlerini unutdyrmak üçin ýardamçy bolýañ...

SAGBOL, bu ýagty jahanda meni hiç wagt ýeke goýmadyk ÝEKELIGIM!


▪︎ Suleyman Annagurbanow
20
118
Emirhan_
14.05.2024 22:28
*Aç ýanynda nan iýme!

*Açylan solar, aglan güler.

*Arsyza alty gün baýram.

*Başyndan ötmedigiň, gaşyndan ötme!

*Bilenden hem geçer, bilmedikden hem.

*Bir gerek bolan iki hem gerek bolar.

*Bu ýyl yzy bolsa, geljek ýyl özi bolar.

*Çynar çủýremez, arça guramaz.

*Dag başynda gar bolar, är kişide ar.

*Derýa balyksyz bolmaz, dag- keýiksiz.

*Dil başga, dileg bir,
Ýüz başga, ýürek bir.

*Dyrmaşan dagdan aşar.

*Gaýratly goýundan gurt hem gorkar.

*Gedaýyň horjuny dolsa-da, gözi doýmaz.

*Gol-goly tanar, kör - ýoly.

*Gören bilen göz doýmaz,
Dek durmaga nebis goýmaz.

*Gula gaçmak bir arman.

*Güneş garalmaz, altyn zeňlemez.

*Höwes etseň ýetersiň.

*Içi dara dünýä dar.

*It aryna galanda, süňke hem garamaz.

*Iýmez agyz gol baglar.

*Kepderi bolup dogulsaň, garga bolup ölüme gitme!

*Keýigi kowan towşany görmez.

*Köňül kirin ýedi derýada ýuwsaň hem
arassalanmaz.

*Köp ýüwren bir ýykylar.

*Mal- janymyň sadagasy,
Jan - arymyň sadagasy.

*Namysy ýaşlykdan gora!

*Näkesiň işi minnet.


Taýýarlan: Mahym NARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
26
139