Emirhan_
14.05.2024 22:28
*Aç ýanynda nan iýme!

*Açylan solar, aglan güler.

*Arsyza alty gün baýram.

*Başyndan ötmedigiň, gaşyndan ötme!

*Bilenden hem geçer, bilmedikden hem.

*Bir gerek bolan iki hem gerek bolar.

*Bu ýyl yzy bolsa, geljek ýyl özi bolar.

*Çynar çủýremez, arça guramaz.

*Dag başynda gar bolar, är kişide ar.

*Derýa balyksyz bolmaz, dag- keýiksiz.

*Dil başga, dileg bir,
Ýüz başga, ýürek bir.

*Dyrmaşan dagdan aşar.

*Gaýratly goýundan gurt hem gorkar.

*Gedaýyň horjuny dolsa-da, gözi doýmaz.

*Gol-goly tanar, kör - ýoly.

*Gören bilen göz doýmaz,
Dek durmaga nebis goýmaz.

*Gula gaçmak bir arman.

*Güneş garalmaz, altyn zeňlemez.

*Höwes etseň ýetersiň.

*Içi dara dünýä dar.

*It aryna galanda, süňke hem garamaz.

*Iýmez agyz gol baglar.

*Kepderi bolup dogulsaň, garga bolup ölüme gitme!

*Keýigi kowan towşany görmez.

*Köňül kirin ýedi derýada ýuwsaň hem
arassalanmaz.

*Köp ýüwren bir ýykylar.

*Mal- janymyň sadagasy,
Jan - arymyň sadagasy.

*Namysy ýaşlykdan gora!

*Näkesiň işi minnet.


Taýýarlan: Mahym NARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
26
139
medik_
15 May 2024
👍
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 May 2024
@guncak, 🙂
Emirhan_
15 May 2024
@guncak, ay her kim oz gerek zadyna eýerýada😊
Deyzi_
15 May 2024
@kane, Ata babalarymyzam nakyla eýeripdir . Tüweleme diñe Sen akyla eýerýäñ ...Bravooo
Emirhan_
15 May 2024
@guncak, sen eyer nakyla 😁
Emirhan_
15 May 2024
@guncak, yok men akyla eyerjek,nakyla akylsyzlar eyermeli eken😬.
Deyzi_
15 May 2024
@kane, Nakylaa
Emirhan_
15 May 2024
@guncak, haysyna
Deyzi_
15 May 2024
@kane, Sen eýeremiñ osannn🤭
Emirhan_
15 May 2024
@guncak, degsip aytdym🙂.. yañkyñ dolysy: akylyn bolsa akyla eýer , akylyn bolmasa nakyla.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.