Emiir
04.05.2020 15:15
Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.
Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.
Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.
Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.
Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.
Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.
13
429
Emiir
03.05.2020 16:27
Degişmejik...
- Näme keýpiñ ýok goñşy? + Düýn Azat ýogally. Nädip ýogally.
- Öýüne içgili gelip, ýatan ýerinde çilim çekip öýüni otlapdyr.
- Ýanyp öldümi?
+ Ýok, aýnadan böküp ýetişipdir.
- Ýere gaçyp öldümi?
+ Ýok, bökmäkä pažarniklary çagyryp ýetişipdir, ol pažarniklañ tendine böküpdir.
- Onda nähili öldi?
+ Pažarniklañ tendine bökende, yzyna zyñlyp ýene öz öýüniñ penjiresine düşýär.
- Diýmek ýanyp öldidä?
+ Ýok how yzyny diñle. Öýe girmän penjireden ilişip, ýene aşak bökýär.
- Ýere gaçyp öldümi?
+ Ýok, ýene pažarniklañ tendine düşüp ýola çykýar, ol ýerde bolsa kamaz barýan eken.
- Häää, maşyn basyp öldümi?
+ Ýok, kamazyñ tendine düşüp ýene yzyna öýüne zyñýar.
- Ýoptyfaýmadyñ Azady nädip öldi?
+ Atyp öldürdiler, bar kişini zaýbal etdi, ondan oña böküp.
14
576