Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoň men söýdüm.
Soňy näme boldy?
Agyrdy yzy.
Ýöne öňde-soňda aýtmaly bolsa,
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza:
Söýülenim,
emma söýmänim üçin
Ol maňa beripdi şeýle bir jeza,
Şol jezaň astynda çekilen jepaň
Näçe tonnadygyn
bir ýürek aýdar.
– Dünýäniň ýüzünde iň betbagt kimkän
– Söýülen mahaly söýmedik adam.
Kerim Gurbannepesow...