Dovletova_07
Dovletova_07
14.04.2022 01:17
Orta asyrlaryñ giç jogap berýän gyzy😄
Dovletova_07
12.04.2022 22:14

Şahyryň ýanyna baranmyş ýigit,
Hem beripdir oňa, bir täsin sowal.
Diýenmiş "gyzlar-a mydam näz edýär,
Oglanam näz çekýär, bu niçik ahwal?"

Erkek dälmi ojak üçin gynalýan,
Köp zähmet çekýänler elbetde oglan.
Ýöne nämüçindir taryplanýanam,
Näzi çekilýänem şol saçy boglan.

Ählije döreden goşgularňyzda,
Eposlarňyzda-da, romanlarda-da,
Gyza höküm sürýär, ýigitler guly,
Gerçekler uçraýar erbet derde-de.

Ele galam bilen, kagyzyn alyp,
Şahyr diňledi-de ol ýeňil ýigdi,
Indiki dörejek eseri bilen,
Sapak bermekligi ýüregne düwdi.

Şahyryň döredýän täze şygrynda,
Ýigdä näz edýärdi, gyzam çekýärdi.
Gözeliň gulluga gidýän pursaty,
Oglan aglamjyrap, ýaşyn dökýärdi.

Goşgyny diňleýän hälki ýigidem,
Biraz geňirgendi, ýüzi çytyldy.
Özüni oňaýsyz duýup, dikelip,
Öňküje ýerinde ýene oturdy.

Şahyram sözüniň täsir edenin,
Duýdu-da beterden beterin tapdy.
Täsinje döreýän hälki eserde,
Oglan gap-gaç ýuwdy, gyzam ýer depdi.

Şeýdip goşgudaky gahrymanlarmyz,
Bir-birini halap gurdular durmuş.
Gyz-a ýaplanypjyk, çaýyn süzýärmiş,
Oglanam çaý demläp, hyzmatda ýörmüş.

Az wagtdan olaň perzendi boldy,
Çagany-da erkek ideg edip ýör.
Şahyryň goşgusyn diňläp birkemsiz,
Jedelli myhmany basdy gara der.

Şahyr ýene başlamakçy bolanda,
"Boldy besdir" diýip ýigit dillendi.
Uludan dem alyp, özüni dürsäp,
Aýdylanlar hakda ol pikirlendi.

Bir şahyra bakyp, birem halyça,
Süpürdi maňlaýnyň çygjaran derni,
Soň diýdi "Deň eken munda her jübüt,
Dagyň öz orny bar, 
Düzüň öz orny".

Näbelli
14
74
Dovletova_07
05.04.2022 00:31
Pursat

Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý diýäýdimi?!»

Bir demde,
Birem däl, ýartyja demde
Gözüniň öňünde düzüldi bar zat.
Özüni ýitirdi, aljyrady gyz,
Duýgularny biri-birine garjap.

Gyzarmak, agarmak, darykmak üçin
Ýartyja sekundam ýeterlik eken.
Bir sekundyň ýary uly howsala,
Galan ýaram örme teperrik eken.

Jogap bir mahallar taýynam bolsa,
Gyz ýüregi tebil tapdy, tisgindi. 
Ýogsam, bar aýdylan ýekeje sözlem:
«Ertir ejem dagy barybersinmi?»

Agageldi ITALMAZOW
4
43
Dovletova_07
Dovletova_07
03.04.2022 23:32
Agzaçardan soñ men☺
Dovletova_07
Dovletova_07
02.04.2022 16:04
İne-de ilkinji günümiz. Ok ýaly maksadaokgunlylyk we polat ýaly tutanýerliligi arzuw edýän hemmämize;) Ählimizin sogabymyz bolsun bu aýda etjek ýagşy niýetlerimiz
Dovletova_07
01.04.2022 12:06
Ine, görersiň...

Harplar agladyp gördümi seni? Käteler ýeke özüň uzaga gitmek islediňmi? Näçe gezek arkaňdan ok atyp gördüler? Guşuň ganadynyň pasyrdaýşy ýaly, ýüregiň tebsireýärkä ganadyňy gyryp gördülermi? Ýa-da ruhuňy gabap gördülermi? Şatlanyp gördüňmi ýönekeý zada? Ýüregiňe ynanyp, beýniň azaşyp gördümi? Iň gowy häsiýetleriň sebäpli zyýan çekip gördüňmi? Ejeňe, kakaňa seredip, içiňden: "Hudaýa şükür!" diýip gördüňmi? Doganyň kesellände aljyrap, özüňi ýitirip gördüňmi? Geljegiňi arzuw bilen bina edip, soňra bir-birden kerpiçlerini söküp gördüňmi? Aýtsana, niýetiňi çaga ýaly päk saklap gördüňmi?..
Muňa "Ýaşamak" diýýärler!..
Ýöne näme üçin meň ruhum ejir çekýär şu wagt, edil şu pursat?! Biri gelip, ýüregimi alyp, mynçgalap-mynçgalap yzyna salan ýaly. Öňküligi däl...
Bir ýakyn dostum bardy. Şonuň: "Ты главное верь!" diýen sözi ýaňlanýar gulagymda. Şol jadyly söze ynansam, öňkim ýaly bolarynmykam?! Men ynanmaly. Ine, görersiň, şol gün geler, durmuş bilen ýaraşaryn. Ene süýdüni emen ter günlerim ýadyma düşer. Gurbannazaryň güýzleri menin bagtly gunlerimin pasyly bolar. Olar, hamala, ter çagalygyň bigünä ýaýlasynda güýzden galan sary ýapraklar ýaly diňşirgenmegi we meýmiremegi ýatladar. Ine, görersiň...
6
19
Dovletova_07
30.03.2022 22:23
Alasarmyklyk...
Bu gün gije meñ söýgim dünýeden gaýtdy. Ol gözüni açyp öldi. Gynandym. Aglap bilmedim. Ähtimal indi aglamak üçin bu göwrede mejal galan däldir. Bilmedim... aslynda aglap bilen bolsamam üýtgejek zadam ýokdula. Ölüni aglap direldip bolýarmy näme? Bolanok. Menem bolmajak zadyñ ugruna çykyp özümi kösejegem bolmadym. Daşymdaky heýjanelek bolup ylgap ýören tekepbirlik bilen naýynsaplygyñ edýän hereketlerine seretdim oturdym.

Myhman almak...
Göwün otagymy boşatdylar. Içindäki ähli yhlaslary, ynamlary, ýylgyryşlary, ezizligi daşary çykardylar. Otagyñ düşegi bolan mähiri bir gyra togalap goýberdiler. Ýalañaç galan ýerde öli söýgümiñ jesedini ýatyrdylar. Onuñ aýaklarynyñ barmaklaryny çatdylar. Elini döşünde birikdirip, äñinide bagladylar. Açyk galan gözüni ýumdurjak boldular. Başarmadylar. Üstüne ap-ak kamys ýapdylar. Biz ony myhman aldyk.

Höwür...
"Myhmany ýeke goýmaly däl" diýip akyl, ynsap, umyt, göz, ýürek, ejizlik otagda galdylar. Ümsümlik dowam etdi.
Birdenem düýrläp diwara tarap togalanan mähirden zaryn sesler eşidilip başlady. Yzysüre bolsa horkuldylar... Akyl dymdy. Ynsap ýüzüni kese söwdy. Umyt ýere bakdy. Göz ümezledi. Ýürek mähiriñ sesine goşulyp tisginip başlady. Ejizlik ejizledi, otagdan uly ili bilen ses edip çykdy. Onuñ ornuny Yhlas eýeledi. Mähir aglaýardy...

Hoşlaşyk...
Söýgüsizligiñ ilkinji garañky säherinde öli söýgi bilen hoşlaşyk başlandy. Umyt jesediñ ýüzüni açyp onuñ gözlerine iñ soñky ýola hem umyt bilen garady. Jogap bolmady. Ýygryla-ýygryla otaga giren Utanç bilen Haýa hamsygyp, delminip hoşlaşyk nobatyny geçirdiler. Ynam bili omurlan ýaly bolup söýgüniñ üstünde küýkerdi durdy. Ýylgyryşyñ bolsa bürenjegini çümre geýip hamsygmakdan başga diýibilen zady bolmady. Ýürek durubilmedi. Ölüni ellemeli däldigini bilsede erkini ýitirdi. Bagryna basdy. Akyl ýüregi emaý bilen yza çekdi. Ýüregiñ yzasyny Göz aldy. Ejizlik ýene ejizledi...

Tämizlik...
Ýüregi sykdylar. Gözden akan suwa jesedi synjalap täret aldyrdylar. Garşydaş söýgüsinden gönenmedik söýgini ýuwdylar. Kepene dolap döşüne gursak dogasyny ýazdylar.
Bu işleri Gussa bilen Sussupeslik ýerine ýetirdi.

Soñky ýol...
Aýralyk tabydyna goýlan öli söýgümiñ jesediniñ jynazasyny Betbagtlyk okady. Söýgümi Añymyñ Ýatlama mazarystanlygynda gonambaşy edip jaýlap gaýtdylar.

Söýgi bar wagty...
Akylam öz akylyny berdi. Ýüregem öz duýgularyny öñe iterdi. Utanç-haýada utandy. Yhlas yhlaslylyk bilen goragçy boljak boldy. Ynam ynandy. Umydam ertire umydyny berkleýärdi. Ýöne Tekepbirlik bilen Gabanmaklyk welin bularyñ baryndan üstün çykdy. Olar söýgüni öldürdiler.
Söýgüsiz boşap galan Göwün otagymyñ bir diwaryna ýüzüni berip henizem Mähir aglap ýatyr.
...Arman, indi oña gerek mähri berip biljek söýgi ýok...
6
56
Dovletova_07
25.03.2022 18:17
Döwük penjire teoriýasyny okapdyñyzmy? Teoriýa şeýle, eger bir jaýyñ köp penjiresi döwük bolsa, geçip barýan adamlar onuñ beýleki penjirelerini döwmäge çekinmezler we muny edenlerinde özlerini günäli hasaplamazlar. Çünki " asylam jaýyñ köp penjiresi döwükdi" diýerler. Durmuşda-da şeýle, eger adamlara ejiz taraplaryñy, ýaralaryñy aýtsañ olar sizi ýenede ýaralamakdan çekinmezler.
11
70
Dovletova_07
Dovletova_07
24.03.2022 10:34
Ejemiñ mantysyna bagyşlaýaryn❤ Güneş bolup saçaryn men, Ýollaryña ýagty, eje! Ýene bir zat, meñ bararma, Bişirip goý manty eje!
Dovletova_07
23.03.2022 02:40
ÝETENOK!
Bu gün ýene küýsedim! Çetdäki obamy, gyş aýlary iñrenip okuwa gidýän palçykly köçäni, tomuslary ýakyp ýandyrýan ýalynly howany, salkynlamak üçin girýän ilerdäki bulanyk güzeri küýsedim. Belkide şu wagta çenli ýaşap biljek iñ ösen diýip hasaplanýan jemgyýetleriñ birinde ýaşaýşyma dowam etsemem ýetenok! Çagylly köçämiñ sesini asfaltlar çykaranok. Obañ çetindäki bulanyk güzeriñ mazasyny deñiziñ suwy berenok. Mekdebiñ stolowoýçylaryna ýazdyryp alýan ruletlerimiñ ýerini hiç bir tagam dolduranok! Ýetişmän ýarym ýalta telewizordan diñleýän aýdymlarymyñ keýpini spotify premium berenok! Agşamlary 10-20 minutlyk görkezýän ýerelaşyñ ýerini Netflix dolduranok. Maña ýeke zat ýetenok, maña Watanym ýetenok!!!

Daşary ýurtda okaýan studentiñ gündeliginden.
9
40