Şahyryň ýanyna baranmyş ýigit,
Hem beripdir oňa, bir täsin sowal.
Diýenmiş "gyzlar-a mydam näz edýär,
Oglanam näz çekýär, bu niçik ahwal?"
Erkek dälmi ojak üçin gynalýan,
Köp zähmet çekýänler elbetde oglan.
Ýöne nämüçindir taryplanýanam,
Näzi çekilýänem şol saçy boglan.
Ählije döreden goşgularňyzda,
Eposlarňyzda-da, romanlarda-da,
Gyza höküm sürýär, ýigitler guly,
Gerçekler uçraýar erbet derde-de.
Ele galam bilen, kagyzyn alyp,
Şahyr diňledi-de ol ýeňil ýigdi,
Indiki dörejek eseri bilen,
Sapak bermekligi ýüregne düwdi.
Şahyryň döredýän täze şygrynda,
Ýigdä näz edýärdi, gyzam çekýärdi.
Gözeliň gulluga gidýän pursaty,
Oglan aglamjyrap, ýaşyn dökýärdi.
Goşgyny diňleýän hälki ýigidem,
Biraz geňirgendi, ýüzi çytyldy.
Özüni oňaýsyz duýup, dikelip,
Öňküje ýerinde ýene oturdy.
Şahyram sözüniň täsir edenin,
Duýdu-da beterden beterin tapdy.
Täsinje döreýän hälki eserde,
Oglan gap-gaç ýuwdy, gyzam ýer depdi.
Şeýdip goşgudaky gahrymanlarmyz,
Bir-birini halap gurdular durmuş.
Gyz-a ýaplanypjyk, çaýyn süzýärmiş,
Oglanam çaý demläp, hyzmatda ýörmüş.
Az wagtdan olaň perzendi boldy,
Çagany-da erkek ideg edip ýör.
Şahyryň goşgusyn diňläp birkemsiz,
Jedelli myhmany basdy gara der.
Şahyr ýene başlamakçy bolanda,
"Boldy besdir" diýip ýigit dillendi.
Uludan dem alyp, özüni dürsäp,
Aýdylanlar hakda ol pikirlendi.
Bir şahyra bakyp, birem halyça,
Süpürdi maňlaýnyň çygjaran derni,
Soň diýdi "Deň eken munda her jübüt,
Dagyň öz orny bar,
Düzüň öz orny".
Näbelli