Diñesen
14.09.2020 10:17
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk...

Awtor: Sapa HOMMADOW
5
319
Diñesen
09.07.2020 08:21
Ýatan däl ýeten öler.
7
327