Diñesen
14.09.2020 10:17
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaňda ýyndam urýar ýüregim,
Jaň edeňde has ýagtylýar töwerek.
Duýgularmy ýaýyp goýduň öňüňde
Gursagymy beýlesine çöwürip.

Öňde-soňda bolan sowuklyklary
Unutdyk-da, kalbymyzda ýaz açdyk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýokdy,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk...

Awtor: Sapa HOMMADOW
5
321
sazsoft
26 Dekabr 2023
💗
November05
14 Sentýabr 2020
Taze wersiyany ustanovka edip blmk
ГуванчДортмырадов
14 Sentýabr 2020
Nam boldy
November05
14 Sentýabr 2020
Kim bar bolsa komek edayin
Kartanesi
14 Sentýabr 2020
ayyyy gowja goshgy gaty haladyma❤
Doctor
14 Sentýabr 2020
bolya Gulnar
guli_
14 Sentýabr 2020
Doctor,Hic oyde
Doctor
14 Sentýabr 2020
name isleyan Gulnar
guli_
14 Sentýabr 2020
Doctor,Bolya
Doctor
14 Sentýabr 2020
ha bolya Gulnar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.