Deyzi_
07.06.2024 05:11
Alymlar öňräkden bäri Günüň Şwabeniň sikllleri diýip atlandyrylýan 11 ýyllyk işjeňliginiň syryny açmaga synanyşýarlar. Täze barlag bu sikle (aýlawa), şeýle-de Günüň beýleki sikllerine ýyldyzyň diňe bir öz içindäki prosesleriň däl, eýsem, Gün ulgamynyň planetalarynyň hereketiniň hem täsir edip biljekdigini çaklaýar diýip, ScienceAlert ýazýar.
Gelmgols Drezden-Rossendorf adyndaky Merkeziň laboratoriýasynyň fizigi Frank Stefaniniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Günüň, Weneranyň, Ýeriň we Ýupiteriň arasyndaky dartyş güýjüniň Gün siklleriniň sinhronlaşmasynda rol oýnap biljekdigini çaklaýar.
Täze çaklama görä, Günüň iň pes döwründe her 11,07 ýyldan bu üç planeta bir hatara düzülip, Güni özüne dartyş güýjüni artdyrýar. Bu täsir, şeýle seredeňde, gowşak hem bolsa, Günüň sikllerini sinhronlap, onuň içki güýjüne täsirini ýetirip bilýär.
Şeýle hem, barlagçylar bu üç planetanyň islendik ikisiniň deňleşmeginiň Gün sikllerine täsir edip biljek derejede güýçli bolup biljekdigini anykladylar.
Alymlar tarapyndan geçirilen matematiki modelirleme olaryň gipotezasynyň Şwabeniň 11 ýyllyk siklini we Rigeriň, takmynan,150-160 gün dowam edýän gysga sikllerini düşündirip biljekdigini görkezdi.
Elbetde, Gün örän uly we çylşyrymly ulgam, şonuň üçin planetalar onuň aýlawlaryna täsir edýänem bolsalar, bu ýagdaýyň bary-ýogy diňe bir bölegidir. Emma gabat gelmeler olary äsgermezlik ederden juda takyk diýip, alymlar belleýärler.
"Diňe elimizde maglumatlar has köp bolan ýagdaýynda biz 100% ynamly bolup bileris, ýöne bu çaklamany goldaýan deliller gaty güýçli" - diýip, Frank Stefani sözüni jemleýär.
15
67