Meksikanyň Prezident saýlawlarynda hökümet tarapynda duran koalisiýadan dalaşgär Klaudii Şeýnbaum ýeňiş gazandy. Bu barada çepçi “Milli galkynyş hereketi” (Morena) partiýasynyň başlygy Mario Delgado mälim etdi.
“Hilton” myhmanhanasynda geçirilen metbugat maslahatynda Delgado Şeýnbaumyň ekzitpol boýunça ýakyn bäsdeşi – oppozision dalaşgär Soçitl Galwesden iki esse öňe geçýändigini belledi.
Meksikanyň Milli saýlaw institutynyň maglumatlaryna görä, býulletenleriň 41%-i işlenenden soň, Şeýnbaum sesleriň 57,4%-ini aldy, Galwes 29,7% ses aldy.
Şeýlelikde, Şeýnbaum Meksikanyň Baştutany bolan ilkinji zenan bolar. Saýlawlaryň soňky netijeleri 5-8-nji iýunda yglan ediler.
Belläp geçsek, 2-nji iýunda Meksikada ählumumy saýlawlar geçirildi. Olaryň jemi boýunça täze döwlet Baştutany, 128 senator we kongresiň 500 deputaty, şeýle-de häkimiýetiň ýerli organlarynyň tas 20 müň agzasy saýlanar. 2018-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk eden 70 ýaşly Lopes Obrador öz dalaşgärligini hödürlemedi.