Blume_05
07.02.2021 22:40
-Eje...
Düşelgä ýetip gelýän gyz sakga aýak çekdi.Utanjyndan gulaklaryna çenli gyzardy.Gaýmaklap duran ýukajyk dodaklary tirpildedi.Gyzyň ýagdaýyndan bihawar çaga ylgawyny ýazdyrman, ony mäkäm gujaklady.Aýýallaryñ biri kömege ýetişdi.
-Diliňe döneýin, eziz bala!Dürje eje-dä şol!
Dürjemal çagajygy gujagyna aldy.Sessiz-üýnsiz bagryna basdy.Ýüzüni çaganyñ döşjagazynda gizledi.
Şeýdip ulugyz "eje" boldy...
Dürjemal jorasynyñ agysyny aglasa-da, ölümine ynanmady.Uzak wagtlap göwnüne Nurnabat gyzjagazyny göterip döleleriniñ añyrsyndan ýyljyraklap görünäýjek ýaly bolup duýuldy.Nurnabadyñ şol bir gatnaýan ýodajygyna seretdi ýördi.Jorasyndan oña ýatlamalar bilen diñe janlyja ýadygärlik galdy.
Bir gün giçlik Dürjemal işden gelşine, Nurnabadyñ gapysyny ýapdy-da, öýlerine sowuldy.Nurnabadyñ tamdyrynda çörek bişirip duran aýal bedresindäki suwy gahar bile köçä serpip göýberdi-de hüñür-hüñür etdi.Dürjemal kilwanyñ aýalynyñ özüne bir zat kakdyrýandygyny añdy-da ökje ogurlady.
-Doýa garny doýmadygam, irbärisiräp çaga eklejek.Ine-gana çörek bişirjek gümanyñ ýok.Gedaý ýaly ellerini serşip ömür gapdalyñda.Eýgereñokmy, elt-de ber-dä şähere!
Kilwanyñ aýaly öñem bir gezek awysyny pürkensoñ, içi kitüwli gyz gahary geldi-de, bu gezek geçirimlilik edip bilmedi, yzyna öwrüldi:
-Diliñi ýyg!Gedaýam, ogram sizden öñe geçýän däldir.Gedaý diläp alýandyr, bermeseñ, gider.Siziñ nädip alýanyñyzy bilmän durandyr öýtmegin!Bolduñ meñ başyma zatly heleý.Ilden bir utan!Ogurlap almak, iliñ daban azabyny iýmek, iñ erbedi şoldur!
-Nirede meni ogurlukda tutduñ, haýasyz?Gyz halyna heleý çykan salaty.Duruber bakaly, ojagaz diliñi damagyña gidermesem, kimiñ ogry, kimiñ dogrudygyny aýtdyrmasam, meñem adam bolmadygym.Kemally bolsañ är alardy.Beýdip çem gelen ýetimi boýnuñdam asyp entäp ýörmezdiñ.Hol, ilerki köçede-de bamyş bir ýetim.Ýygna şonam!
Çöregini ýanbaşyna alyp siltenjiräp aýalyñ tä öýlerine barýança sesi galmady.
-Diliñ gursun, ýalan sözlände agzam gyşaranok munuñ- diýip Dürjemal ýüregi dolup özbaşyna gürledi.
Agtygynyñ ýüzüni ak tam edip gelşini geñirgän garry atasy tirsegine daýandy-da, Dürjemala çiñerildi.
-Eýgilikmidir, guzym?!
Garrynyñ başujunda oýnap oturan gyzjagaz düwdenekläp, onuñ añyrsynda bukuldy.Gorkusyna eljagazlaryny ýüzüne tutup, barmaklarynyñ arasyndan jyklady.Gahary gelip duran gyzy bu ýagdaý gowşatdy.Onda-da Mährini ýanyna çagyrdy.
-Hany, gel ýanyma!
-Urýañ-a!
-Urmaýyn.Gyzjagaz gorkujygyna ýaýdanjyrap, Dürjemalyñ gapdalynda gelip durdy.Gyz onuñ gulagyndan ýuwaşja çekdi.
-Ol gün men saña näme diýdim, çykdymy eýýäm ýadyñdan?Tamdyryñ başyna barma diýmedimmi?
-Meni Hesel äkitdä!
-Allatma!
Gyzjagaz özüne ynam edilmejegine namys etdimi, onuñ dodajyklary müñküldedi.Gözüniñ owasy ýaşdan doldy.
Dürjemalyñ atasy başyny ýassykdan galdyryp, agtygyna gamly hem aladaly seretdi.Ol indi bir ýyl bäri düşege baglanypdy.
-Çaga azar berme, oglum!Şu gün şonda günä ýok.-Ol şeýle diýdi-de, sermenekläp, ýassygynyñ aşagyndan bir barmak çörek tapyp Dürjemala uzatdy.
Gyz Mähriniñ gulagyny goýberip, çörregi onuñ eline tutdurdy.
-Şuny kimden alan bolsañ, derrew eltip gel!
Gyzjagaz içi-içine sygman sojap durşuna bir nana, bir-de Dürjemala seretdi.Gultundy.Onsañ aglamjyrap gapa ýöneldi...
Dowamy bar...

Şirinjemal Geldiýewa "Ulugyz" powesti.

Şu eseri okamagyñyzy haýyş edýärin.Sebäbi özüm okan wagtym eseriñ içinde çynym bilen azaşdym diýen ýaly .Göz öñümde kino film janlanýan ýaly bolýardy..
7
158
Blume_05
02.01.2021 01:51
Belkide kiçijek zatlardyr biziñ bagtymyz emma käbir sebäplerden öz bagtymyzy unudýas, harlaýas .Biziñ bagtymyz bilen baglanyşykly dürli pursatlar garşymyza çykar .Emma biz ýene olary ýitirers.Şeýdip öz ýalñyşymyzy durmuşdan görýäs.Aslynda hemme zat öz elimizde diýen ýaly...
7
200
Blume_05
06.12.2020 00:06
Öwrenmeliniñ täze ýyl bezegi gaty owadan bolupdyr.Gaty üýtgeşik...tüweleme gaty gowy ýöredýäñiz...bezegleri göremde göwnüm açylyp gitdiiii...?....
6
149
Blume_05
05.12.2020 09:29
Her kim öz düşünjesini aydyp bilermi?!?!?
Yzymdan gepimi edýärler diýip gynanma...
Unutma,
Bir möjegiñ yzyndan kyrk sany it üýrer!
6
191
Blume_05
29.11.2020 09:22
Sorag
39 at bilen 63 kitap yazan Türkmenistanda ýaşaýan adam kim???
6
297
Blume_05
18.11.2020 22:00
Gowy görýän adamlarymyzyñ kiçijek sözi hem biziñ göwnümize agyr ýaralar salyp bilýär.We olar muny duýmaýarlar.Emma biz kineli bolsak hem kinäni bildirmezlige çalyşýas.Şeýdip durmuşyñ nädip gutaranynam bilmän galýas?!?!?!?
11
370
Blume_05
15.11.2020 14:44
Eger-de siz bir zada gynanan bolsañyz ol zat barada pikir etmäñ başga zatlary pikir edip ýa -da gynanýan zadyñyzyñ tersini pikir edil görüñ.Belki gynanjyñyz azalar???
8
388