Blume_05
07.02.2021 22:40
-Eje...
Düşelgä ýetip gelýän gyz sakga aýak çekdi.Utanjyndan gulaklaryna çenli gyzardy.Gaýmaklap duran ýukajyk dodaklary tirpildedi.Gyzyň ýagdaýyndan bihawar çaga ylgawyny ýazdyrman, ony mäkäm gujaklady.Aýýallaryñ biri kömege ýetişdi.
-Diliňe döneýin, eziz bala!Dürje eje-dä şol!
Dürjemal çagajygy gujagyna aldy.Sessiz-üýnsiz bagryna basdy.Ýüzüni çaganyñ döşjagazynda gizledi.
Şeýdip ulugyz "eje" boldy...
Dürjemal jorasynyñ agysyny aglasa-da, ölümine ynanmady.Uzak wagtlap göwnüne Nurnabat gyzjagazyny göterip döleleriniñ añyrsyndan ýyljyraklap görünäýjek ýaly bolup duýuldy.Nurnabadyñ şol bir gatnaýan ýodajygyna seretdi ýördi.Jorasyndan oña ýatlamalar bilen diñe janlyja ýadygärlik galdy.
Bir gün giçlik Dürjemal işden gelşine, Nurnabadyñ gapysyny ýapdy-da, öýlerine sowuldy.Nurnabadyñ tamdyrynda çörek bişirip duran aýal bedresindäki suwy gahar bile köçä serpip göýberdi-de hüñür-hüñür etdi.Dürjemal kilwanyñ aýalynyñ özüne bir zat kakdyrýandygyny añdy-da ökje ogurlady.
-Doýa garny doýmadygam, irbärisiräp çaga eklejek.Ine-gana çörek bişirjek gümanyñ ýok.Gedaý ýaly ellerini serşip ömür gapdalyñda.Eýgereñokmy, elt-de ber-dä şähere!
Kilwanyñ aýaly öñem bir gezek awysyny pürkensoñ, içi kitüwli gyz gahary geldi-de, bu gezek geçirimlilik edip bilmedi, yzyna öwrüldi:
-Diliñi ýyg!Gedaýam, ogram sizden öñe geçýän däldir.Gedaý diläp alýandyr, bermeseñ, gider.Siziñ nädip alýanyñyzy bilmän durandyr öýtmegin!Bolduñ meñ başyma zatly heleý.Ilden bir utan!Ogurlap almak, iliñ daban azabyny iýmek, iñ erbedi şoldur!
-Nirede meni ogurlukda tutduñ, haýasyz?Gyz halyna heleý çykan salaty.Duruber bakaly, ojagaz diliñi damagyña gidermesem, kimiñ ogry, kimiñ dogrudygyny aýtdyrmasam, meñem adam bolmadygym.Kemally bolsañ är alardy.Beýdip çem gelen ýetimi boýnuñdam asyp entäp ýörmezdiñ.Hol, ilerki köçede-de bamyş bir ýetim.Ýygna şonam!
Çöregini ýanbaşyna alyp siltenjiräp aýalyñ tä öýlerine barýança sesi galmady.
-Diliñ gursun, ýalan sözlände agzam gyşaranok munuñ- diýip Dürjemal ýüregi dolup özbaşyna gürledi.
Agtygynyñ ýüzüni ak tam edip gelşini geñirgän garry atasy tirsegine daýandy-da, Dürjemala çiñerildi.
-Eýgilikmidir, guzym?!
Garrynyñ başujunda oýnap oturan gyzjagaz düwdenekläp, onuñ añyrsynda bukuldy.Gorkusyna eljagazlaryny ýüzüne tutup, barmaklarynyñ arasyndan jyklady.Gahary gelip duran gyzy bu ýagdaý gowşatdy.Onda-da Mährini ýanyna çagyrdy.
-Hany, gel ýanyma!
-Urýañ-a!
-Urmaýyn.Gyzjagaz gorkujygyna ýaýdanjyrap, Dürjemalyñ gapdalynda gelip durdy.Gyz onuñ gulagyndan ýuwaşja çekdi.
-Ol gün men saña näme diýdim, çykdymy eýýäm ýadyñdan?Tamdyryñ başyna barma diýmedimmi?
-Meni Hesel äkitdä!
-Allatma!
Gyzjagaz özüne ynam edilmejegine namys etdimi, onuñ dodajyklary müñküldedi.Gözüniñ owasy ýaşdan doldy.
Dürjemalyñ atasy başyny ýassykdan galdyryp, agtygyna gamly hem aladaly seretdi.Ol indi bir ýyl bäri düşege baglanypdy.
-Çaga azar berme, oglum!Şu gün şonda günä ýok.-Ol şeýle diýdi-de, sermenekläp, ýassygynyñ aşagyndan bir barmak çörek tapyp Dürjemala uzatdy.
Gyz Mähriniñ gulagyny goýberip, çörregi onuñ eline tutdurdy.
-Şuny kimden alan bolsañ, derrew eltip gel!
Gyzjagaz içi-içine sygman sojap durşuna bir nana, bir-de Dürjemala seretdi.Gultundy.Onsañ aglamjyrap gapa ýöneldi...
Dowamy bar...

Şirinjemal Geldiýewa "Ulugyz" powesti.

Şu eseri okamagyñyzy haýyş edýärin.Sebäbi özüm okan wagtym eseriñ içinde çynym bilen azaşdym diýen ýaly .Göz öñümde kino film janlanýan ýaly bolýardy..
7
158
Greenleaf
9 Fewral 2021
Ýöne, Mähri eýýäm gelin adyny alan saçyny yzyna edip, ýaglyk daňynyp gezýär.Gaýga çümüp ýörmea ýaly gaýtadan medinstituta okuwa girýär. Şeýdip okuwyny gutaryp oba dolanyp gelýär. Oglan hem integem öýlenmändir. Oň bnem şeýdip käwagt bir obada gabatlaşyp ýaşap ýör. Kem kemden birek birek bn ysnyşyp başlaýarlar. We iň soňunda Happy End bolup gutarýar.

Bagyşlamagyňyzy haýyş edýän 😅🙏
S_guvanjova
8 Fewral 2021
Blume_05,hovva gulm gaty gyzykly menem okapdym shul eseri
Greenleaf
7 Fewral 2021
Blume_05 bagyşlarsyňda bir klasyň edebiýatynda bar geçipdik şuny menem gyzygyp kitabyny tapyp okanym ýadymda gaty görme saklanyp bilmedim. Sen arkaýyn goýuber. Meňkini ýöne uzagrak ýazylan annotasiýa hasap edäý 😅😁

Rugsat berseň yzynam goýaýaýyn🙏
Blume_05
7 Fewral 2021
Greenleaf,bäh yzly yzyna gürrüñ beräýjekdim welin...sen beripsiñ👍
Greenleaf
7 Fewral 2021
Muny doly okapdym. Uruşda Nurnabat bn adamasy ady ýadyma düşenok adamsa urşa gitýär. Nurnabat gyzy Mähri bn galýar. Emma soň keselläp aradan çykýar. Onuň jorasy hem goňşylary Dürjemal Mährä hossar çykýar. Soň Mähriň kakasy uruşdan ýaralanyp gelýär. Dürjemaly oňa alyp berjek bolýarlar, ikisi biri birlerini gowam görýärler wn ol tende galan okdan ölýär. Soň Dürjemal Mähri ulyrak bolanda durmuşa çykýar. Mährä ýokuş degýär. Adamsam Mährini halanok. Mähri okuwy gutarýar. Dürjemal ony özijik okuwa iberýär, ýogsa oň gidesem gelenok. Okuwa girsede içi gysyp taşlap gaýtýar. Obada birki ýerde gören sözleşip gören bir oglanyny halaýar. Soň şol oglandan sawçy gelýär. Mährem özi halansoň oglanam ony halap iberendir dp razylyk berýär.

Toý bolýar. Nika gyýylýar. Ýöne oglan hiç oň ýanyna gelenok. Soň görüp otursa toýy ondan soraman ejesi edip ýören eken. Oglan hem görmedik gyzym bn ýaşaşyp bilmen dp Mährini yzyna iberýär. Ötünç soraýar.
Misss
7 Fewral 2021
Okadym gowy powest eken👍❤👈
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.