Bkm
08.11.2023 07:54

Gel bu gün biz bile edeli söhbet,

Sözleşmek, gürleşmek adatyn açyp.

Gün geldikçe daşlaşylýar öñküden,

Täze dörän dostlañ doslugyn guçyp-


-Hamala olardan tapaýjak ýaly,

Bir-birekden tapylmadyk ýetmezi.

Şeýdip hasam bölekleýäs göwnümiz,

Şeýdip dünýäñ has köpeldýäs ýetmezin.


Görýärmiñ bar zada günäkär-ä biz,

Soñlanmaz ýazgydy ýazýarys telek.

Yzyndanam ham-hyýalda göwni bir,

Gezip ýörüs ýatlaşylmaga derek.


Gep edeli böwsüp günleñ bekedin,

Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn


( Laçyn Öwezowa)

23
33
Bkm
07.11.2023 00:33

Duýgularym öýleden soň

Kuýaş kibi batýar ene.

Şu ahwaly ýanyňyzda

Aýdyp bilmän gaýdýan, ene!


Çözüp syrlar düwnüni,

Giňeldäýsem göwnümi,

Ertir üçin düýnlermi

Şu gün aýdyp gaýtsam, ene!


Baryp käte ýanyňyza,

Gamgyn başym goýsam dyza.

Ýalan ýoly öwrüp yza,

Dogrularmy aýtsam, ene!


Gitsem ýitgilerme tarap,

Galmajagňy bilýän garap.

Ýene başlarymy yrap,

Dözüp bilmän gaýtsam, ene!


Kysmat ömri karz berdimi?

Bilmen, dünýäm özgerdimi?!

Ýatlap öz jigerbendiňi

Meniň üçin ýanýaň, ene!

24
75