Bkm
08.11.2023 07:54

Gel bu gün biz bile edeli söhbet,

Sözleşmek, gürleşmek adatyn açyp.

Gün geldikçe daşlaşylýar öñküden,

Täze dörän dostlañ doslugyn guçyp-


-Hamala olardan tapaýjak ýaly,

Bir-birekden tapylmadyk ýetmezi.

Şeýdip hasam bölekleýäs göwnümiz,

Şeýdip dünýäñ has köpeldýäs ýetmezin.


Görýärmiñ bar zada günäkär-ä biz,

Soñlanmaz ýazgydy ýazýarys telek.

Yzyndanam ham-hyýalda göwni bir,

Gezip ýörüs ýatlaşylmaga derek.


Gep edeli böwsüp günleñ bekedin,

Hysyrdylañ goýup biraz nokadyn


( Laçyn Öwezowa)

23
33
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.