Bitter
08.12.2023 23:33
Sizi isteyen birine aşık olun. Size yardım eden, sizi destekleyen... Sizi özleyen, sizinle yaşlanmak isteyen... "Sadece bir beden ya da yüze aşık olmayın."
33
183
Bitter
28.11.2023 19:39
Köp ýyl mundan öň Londonda ýaşaýan bir ýaş ýigit ýazyjy bolmak üçin yhlas edipdir. Onuň göwnüne hemme zat şu arzuwynyň tersine ýalymyş. Ol diňe dört ýyl mekdepde okamaga mümkinçilik tapypdyr. Kakasyny bergidarlar türmesine salandyklary üçin, biziň ýaş ýigidimiz ýygy-ýygydan açlyk çekipdir. Günleriň bir güni ol iş tapypdyr — içinde alakalar loňkuldaşyp ýören ullakan ambarda içi ädik garaly çüýşä ýarlyk ýelmemäge başlapdyr. Gijelerini bolsa özi ýaly ykmanda iki oglan bilen tukat üçekde ýatyp geçiripdir. Onda özüniň ýazmak ukybyna ynamy az bolanlygy üçin, üstünden gülünmeginden gorkup, ýary gijäniň bir wagty öýlerinden gizlin çykyp, golýazmasyny poçta atypdyr. Onuň ähli hekaýatlary redaksiýalar tarapyndan birsyhly ykrar edilmändir ahyry ajaýyp Gün dogupdyr — onuň bir hekaýasyny kabul edipdirler. Ýöne ol hekaýa üçin ýaş ýigide ýeke şillingem bermändirler, herhal bir redaktor ony öwüpdir. Bir redaktor onuň baş goşan işini goldaýandygyny aýdypdyr. Ol şeýle bir tolgunypdyr, uzak gün köçede maksatsyz ygyp ýörüpdir, ýaňaklaryndan bolsa paýrap ýaş akypdyr. Haýsydyr bir hekaýasynyň çap edilmegi bilen baglylykda öwülmegi hem ykrar edilmegi netijesinde, onuň bütin durmuşy üýtgäpdir, ykbaly özgeripdir, ahyr şol bolmadyk bolsa, belki-de ol alakalary loňkuldaşyp ýören ammarda işläp, bütin ömrüni geçirmeli bolardy. Belki, bu oglanjyk hakynda siziňem eşiden bolmagyňyz mümkin. Onuň adyna Çarlz Dikins diýýärler.

«Biz özümiziň nähili bolmalydygymyz bilen deňeşdireninde, häzir oýaly-ukuly ýagdaýda ýaşaýarys. Bedenimiziň güýjüniň hem aklymyzyň gaty az bölejigini peýdalanýarys. Umuman aýdanyňda, adam öz mümkinçiliklerinden örän uzakda ýaşaýar diýseňem boljak. Ol örän dürli ukyplaryň eýesi, ýöne, adatça, ol olary ulanmaýar».

Hoş sözi,öwgüni gysganmañ! Beýleki bir adamyñ artykmaclyklaryny tassyklamak bizi peseltmez. Belki ýürekden aýdylan bir hoş sözüñiz,bir öwgüñiz adamyñ ömri bilen bile eräp barýan mümkincilikleriniñ üstüni acmaga kömek eder.
32
210
Bitter
27.11.2023 00:49
Ümsümlikden alýan men öz güýjümi
Maña görä däl bu gopgun, şagalañ.
27
84
Bitter
21.11.2023 15:26
@kitapozetleri : "Zekasını beğendiğin birisinin görüntüsünü merak etme. Zekasını kullanmayan birinin ise görüntüsünden etkilenme."

- Hagel

@kitapozetleri : "Akyl-paýhasyny halaýan adamyň daşky görnüşi barada alada etme. Akyl-paýhasyny ulanmaýan adamyň daş keşbine haýran galma."

- Hagel
34
211
Bitter
13.11.2023 22:54

Aýby ýok.


Bu durmuş ýoludyr düz,dere,dagly,

Aram-aram büdreseñde aýby ýok.

Iýjegiñ geýjegiñ özüñe bagly,

Munda maşyn münmeseñ-de aýby ýok.


Söýgüsiz mümkin däl ýaşaýşyñ özi,

Söý eneñi,ýurdy,tomusy,güýzi.

Emma söýjek bolsañ namyssyz gyzy,

Ömür boýy söýmeseñ-de aýby ýok.


Uslyp däldir maly gizleýip goýmak,

Sogapdyr Allanyñ ýoluna soýmak.

Artan pula zerli gymmatja köýnek

Ynan gardaş geýmeseñ-de aýby ýok.


Ýalancyda allap, şatlap göwnüñi,

Agtyk,cowluk görüp,söýüp ýuwlygy,

Olaryñ añyna guýup gowlugy,

Bu ömrüñi jemleseñde aýby ýok.

32
340
Bitter
12.11.2023 20:32

-Adamlar baglarynda bäş müňläp bägül ýetişdirýärler... emma gözleýän zatlaryny welin, tapyp bilmeýärler...

- Hawa, tapyp bilmeýärler — diýip, onuň bilen razylaşdym.

— Olaryň gözleýän zadyny ýeke-täk bir bägülde ýa bolmasa bir owurt suwda tapsaň-da bolýar ahyry...


***


Taraplar uruşar.Bu uruşda kim ýeñsede,adamzat ýeñiler.


***


Durmuş döwük bulgurdaky suw,icseñem gutarar,icmeseñem.



***


Kimdir birine öwrenişseň, soň aglamalam bolaýýar.


***


Meniñ pikirim: Gözellik seredýäniñ gözünde,yhlasynda. Munyñ iñ gowy beýany kicijek şazadanyñ müñlerçe gülüñ içinden diñe birini beýle gaty söýmegidir.


***


Heniz 24 ýaşly ýaş gyzyñ X kompaniýanyñ direktory bolmagynyñ syry:

1. Her gün 6:00 da oýanmak.

2. Her gün 2 sagat fitnes we 7 bulgur suw.

3. Göwniaçyk,pozitiw dünýägaraýyş.

4. We onuñ kakasy X kompaniýanyñ eýesi. (😁😅)

33
125
Bitter
08.11.2023 23:45

Ruhum, bir ağaç kurdu gibi beni kemirmekten başka ne yapıyordu? 


***


Önümdeki seneler bana tahammül edilemeyecek kadar hazin görünüyor.


***


Bir insan diğer bir insana bazan hayata bağlandığından çok daha kuvvetli bağlarla sarılabilirmiş.


***


Bu şehirde yaşayan milyonlarca insandan ancak birkaç tanesiyle konuşmuş, yalnız bir tanesini tanımıştım.Belki bu da kâfiydi. /Bir insana bir insan herhalde yeterdi/.


***


Kaybedilen en kıymetli eşyanın, servetin, her türlü dünya saadetinin acısı zamanla unutuluyor. Yalnız kaçırılan fırsatlar asla akıldan çıkmıyor.


***


Her şeyi içinde boğmaya mecbur olmak, diri diri mezara kapanmaktan başka nedir? 


***


Hayat ancak bir kere oynanan bir kumardır, (ben onu kaybettim). 



Sabahattin Ali .

29
97
Bitter
08.11.2023 10:08

Sa:planmak. :).




Derdimi basgylap geçdim üstünden,

Kalbym bu gün nämüçindir bashgaça.

Derdinmäge sebäbimem yok eken,

Ähmiýetsiz dertler eken bashda-da.




Alyslardan gözläp ýakyn bagtymy,

Wagtymy gamlara sarplan ekenim.

"Durmush kitabyny okadym" diydim,

Okamak ne, diñe harplan ekenim.


Yalan wadalara baglap gözümi,

Derdinmäge hakym yok men bu yashda.

Ykbala zarynlap, nalamak üçin,

Entek näçe ak düshmeli bu basha.




Saplandym men!

Endiretmen indi päkize kalbym, Bor-bolgusyz duygulara aldanman.

Täze galam bilen, päk duygy bilen,

Dine öne ýörär ba:tly ädimlem.




(awtoryny blmk.)

27
116
Bitter
06.11.2023 09:57

Aglasañam merdiñ ýanynda agla, \"gurdam agsaklanyny ite bildirmez\".

36
88
Bitter
14.10.2023 22:53

Ýatda sakla. Her günüñ gije bilen gutaryşy ýaly ,ömürem garrylyk bilen gutarýar. Güýcsiz,ysgynsyz ,köplenc halatlarda ýalñyz garrylykda adamyñ süýji ýatlamalara ýylanmakdan başga cäresi galmaýar. "Dogry wagt" ýok,şu wagt bar. Wagt gelenok,ol gidip barýar. Her güni "şol" güne, her wagty mümkincilige, "dogry" wagta öwürmek gerek. Durmuşy iñ güýcli sesde acyp diñlemek,ýaşamak gerek.


#motiwasiya.

34
86