Bitter
28.11.2023 19:39
Köp ýyl mundan öň Londonda ýaşaýan bir ýaş ýigit ýazyjy bolmak üçin yhlas edipdir. Onuň göwnüne hemme zat şu arzuwynyň tersine ýalymyş. Ol diňe dört ýyl mekdepde okamaga mümkinçilik tapypdyr. Kakasyny bergidarlar türmesine salandyklary üçin, biziň ýaş ýigidimiz ýygy-ýygydan açlyk çekipdir. Günleriň bir güni ol iş tapypdyr — içinde alakalar loňkuldaşyp ýören ullakan ambarda içi ädik garaly çüýşä ýarlyk ýelmemäge başlapdyr. Gijelerini bolsa özi ýaly ykmanda iki oglan bilen tukat üçekde ýatyp geçiripdir. Onda özüniň ýazmak ukybyna ynamy az bolanlygy üçin, üstünden gülünmeginden gorkup, ýary gijäniň bir wagty öýlerinden gizlin çykyp, golýazmasyny poçta atypdyr. Onuň ähli hekaýatlary redaksiýalar tarapyndan birsyhly ykrar edilmändir ahyry ajaýyp Gün dogupdyr — onuň bir hekaýasyny kabul edipdirler. Ýöne ol hekaýa üçin ýaş ýigide ýeke şillingem bermändirler, herhal bir redaktor ony öwüpdir. Bir redaktor onuň baş goşan işini goldaýandygyny aýdypdyr. Ol şeýle bir tolgunypdyr, uzak gün köçede maksatsyz ygyp ýörüpdir, ýaňaklaryndan bolsa paýrap ýaş akypdyr. Haýsydyr bir hekaýasynyň çap edilmegi bilen baglylykda öwülmegi hem ykrar edilmegi netijesinde, onuň bütin durmuşy üýtgäpdir, ykbaly özgeripdir, ahyr şol bolmadyk bolsa, belki-de ol alakalary loňkuldaşyp ýören ammarda işläp, bütin ömrüni geçirmeli bolardy. Belki, bu oglanjyk hakynda siziňem eşiden bolmagyňyz mümkin. Onuň adyna Çarlz Dikins diýýärler.

«Biz özümiziň nähili bolmalydygymyz bilen deňeşdireninde, häzir oýaly-ukuly ýagdaýda ýaşaýarys. Bedenimiziň güýjüniň hem aklymyzyň gaty az bölejigini peýdalanýarys. Umuman aýdanyňda, adam öz mümkinçiliklerinden örän uzakda ýaşaýar diýseňem boljak. Ol örän dürli ukyplaryň eýesi, ýöne, adatça, ol olary ulanmaýar».

Hoş sözi,öwgüni gysganmañ! Beýleki bir adamyñ artykmaclyklaryny tassyklamak bizi peseltmez. Belki ýürekden aýdylan bir hoş sözüñiz,bir öwgüñiz adamyñ ömri bilen bile eräp barýan mümkincilikleriniñ üstüni acmaga kömek eder.
32
210
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter, Hgä (Garlawaç diýýädimi šuny :)) Òzim tapjak bolup göreýin heniz )
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter, Men gòzlesemä çykaýanok 😄. Şondan soraýdym )
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter, Suraty nirden tapdyñaý 🧐.
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter, Ýook 🙄.
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter, Salam. Tanamaýan bolsam özimem ynanardym 😅. Beýlekilerdenã geñ göremok 😁
okayjy
29 Noýabr 2023
@Bitter. Döwlet ady hemmä iş boldy öýitýän...😅
tmyigit76
29 Noýabr 2023
Aram özüne mynasyp baha berilmegine mätäç. Bu muzdsyz zady hem gysganýanlar kän:(
angelface
28 Noýabr 2023
@0878, kime diydin
rousey
28 Noýabr 2023
@0878, 😂😂
serdarowna
28 Noýabr 2023
Dislike basylsa bal azalýarmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.