Bitter
15.09.2024 20:46
"İň ajy zat, ölüm däldir dünýede"
İň ajy zat, ölüm däldir dünýede,
Käbir dertde, hiç zat gelmez eliňden.
Alyp öz bagtyňy özgä berseler,
Aýralyk ajydyr, on müň ölümden.
İň ajy zat, ölüm däldir dünýede,
İl bir zat edende, edesiň geler.
Ana şonda, durmuş kemsiden wagty, Dünýäni terk edip, gidesiň geler.
İň ajy zat, ölüm däldir dünýede,
Bir başyňa, her zat gelýän ekeni.
Dünýäň ezýetinden ýadanlar üçin,
Ölmek, hiç zat bolup, galýan ekeni.
İň ajy zat, ölüm däldir dünýede,
Diliňi ýuwdarsyň gürlese eşek.
Durup, sähel zada aglaýan bolsaň,
Onda sen, hiç zady görmänsiň köşek.
Kuwwat Ýazmuhammedow.
19
236
Bitter
25.05.2024 09:59
GALMADY
Sözüm olmasa-da, birdem sözläýin,
Yakyn tutunara ýadam galmady.
Yoda ýitdi, ýoly kaýdan gözläýin,
Barçany gam basdy,şadam galmady.
Ayak asta düşdi ile belliler,
Merde döndi ýaranjaňlar,pullular.
Sapar Öre, Jütdi, Jürdek, Gullalar...
Olardan sypmaga "hodam" galmady.
Ne sebäpge ykbal bizge keç olar,
Haýa gitdi, desmalçydyr niçeler. Namartlady "Agrar", "Myrryh", "Gojalar", Olaň gursagynda ödem galmady.
Neýlerem, tersinden öwüsdi ýeller,
Gapyldy göreçler, lal oldy tiller.
Yaýnady lolular, "Urkaçy piller",
Mertligiň nyşany "zadam" galmady.
Ykbal bizni ne nesibä süýredi,
Mert kişileň syrtyn ýapa diredi.
Gawun gurçuklady, garpyz çüýredi,
Mala berer ýaly kädem galmady.
A.Tagan 1999.
25
191