Bitter
25.05.2024 09:59
GALMADY


Sözüm olmasa-da, birdem sözläýin,
Yakyn tutunara ýadam galmady.
Yoda ýitdi, ýoly kaýdan gözläýin,
Barçany gam basdy,şadam galmady.

Ayak asta düşdi ile belliler,
Merde döndi ýaranjaňlar,pullular.
Sapar Öre, Jütdi, Jürdek, Gullalar...
Olardan sypmaga "hodam" galmady.

Ne sebäpge ykbal bizge keç olar,
Haýa gitdi, desmalçydyr niçeler. Namartlady "Agrar", "Myrryh", "Gojalar", Olaň gursagynda ödem galmady.

Neýlerem, tersinden öwüsdi ýeller,
Gapyldy göreçler, lal oldy tiller.
Yaýnady lolular, "Urkaçy piller",
Mertligiň nyşany "zadam" galmady.

Ykbal bizni ne nesibä süýredi,
Mert kişileň syrtyn ýapa diredi.
Gawun gurçuklady, garpyz çüýredi,
Mala berer ýaly kädem galmady.

A.Tagan 1999.
24
185
Bitter
26 May 2024
@Tayler, thanks,and you
Tayler
26 May 2024
@Bitter, Goodnight
Bitter
26 May 2024
@Tayler, hawa seylerak. Bu gun dal,suwagt yok,sagatlayyn uytgap dur
Tayler
26 May 2024
@Bitter, bu gün nastreniya ýok ýaly sizde
Bitter
26 May 2024
@Tayler, haawa)
Tayler
26 May 2024
@Bitter, nastreniya-ha üýtgâp dur suratlaram durmasyn diýýâňdâ😅
Bitter
26 May 2024
@Tayler, galareyamdaky in kone suratlan biri,mnm halap saklayan,ulanyan wln nastrayenya gora yene goyars ony onda son bir gun). Arasynda seydip "yas gyz" stil kartinkalar goyan bolyan😄
Tayler
26 May 2024
@Bitter, men-â beýlekini haladym ýöne
Bitter
26 May 2024
@Tayler, haa onki surat dp yanka diyyanizmi. Men hemme goyyan suratlam "onki surat"a, galareyada duran sobir 5-3 suraty calsyp goyyan. Yone yanky surat birhili durdy munda
Tayler
26 May 2024
@Bitter, eýwaý ýene üytgâpdir)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.