Bio_girl👩‍🔬💫
12.11.2023 00:41

Hemme zadyň göwnümizdäki ýaly bolmagyny çyn ýürekden islesek-de, durmuşymyzda dürli meseleler ýüze çykyp durýar. Göwnümize kybapdaş kararlar, köplenç, bize dogry çykalgany salgy berýär. Käwagt belli bir karara gelmekde töwekgellik hem ediberýäris. Käbiri hiç hili pikirlenmezden, bir netijä gelýärler, ýene käbirleri bolsa «Ýedi ölçe, bir kes» diýen nakyla amal etmäge adatlanan. Žurnalymyzyň nobatdaky sanynda adamyň töwekgellik derejesini barlaýjy testi dykgatyňyza hödürleýäris. Test sowallaryna jogap berip, ballaryňyzy toplaň.


1) Iş ýeriňiziň düzgünnamasyna täze kadalar girizildi diýeliň. Siz bu kadalara tiz uýgunlaşyp bilýäňizmi?


Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

2) Tankydy pikirleriňizi açyk aýdyp bilýäňizmi?


Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

3) Eger size başga edara ýa kärhana öňküňizden köp girdejili wezipe hödürlese, ikirjeňlenmezden geçersiňizmi?


Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

4) Öz ýalňyşlaryňyzy gizlemek ýa-da özüňizi aklamak üçin bahana gözleýäňizmi?


Hawa (0 ball) b) Ýok (4 ball)

5) Size bir zady teklip etdiler. Teklip göwnüňize ýaramady. Ýumşak söz bilen ýagdaýy düşündirip, teklibi ret edip bilersiňizmi?


Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

6) Çekeleşikli jedel özüňiziň haýsydyr bir meselä bolan garaýyşlaryňyzy özgerdip bilermi?


Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

7) Biriniň döredijilik eserini okap çykdyňyz. Siziň pikiriňizçe, muny başgaçarak edip ýazsa hem bolardy. Awtora ýalňyşlaryny düşündirip, esere täze özgertmeler girizersiňizmi?


Hawa (2 ball) b) Ýok (0 ball)

8) Bazarda nämedir bir harydy haladyňyz. Ýöne ol haryt siz üçin asla möhüm däl. Barybir satyn alardyňyzmy?


Hawa (0 ball) b) Ýok (2 ball)

9) Biriniň maslahaty siziň kararyňyzy üýtgedip bilermi?


Hawa (0 ball) b) Ýok (3 ball)

10) Dynç alşyňyzy öňünden rejeleşdirýäňizmi?


Hawa (1 ball) b) Ýok (0 ball)

11) Wadaňyzda durýaňyzmy?


Hawa (3 ball) b) Ýok (0 ball)

12) Siziň edaraňyza täze işgär geldi. Onuň bilen tiz wagtyň içinde öwrenişip, «dil tapyşyp» bilýäňizmi?


Hawa (4 ball) B) Ýok (0 ball)

Netijeler bilen tanşyň:

0 – 9 ball. Siz töwekgel däl. Her bir karar hakynda uzak pikirlenýärsiňiz, tejribeliler bilen maslahatlaşýarsyňyz. Ýygnaklarda, söhbetdeşliklerde dymyp oturmagy kem göreňizok.

10 – 18 ball. Çynlakaý meselelere duş gelmezlik üçin her bir karary örän hüşgärlik bilen çykarýarsyňyz.

19 – 28 ball. Siz ýeterlik derejede töwekgel. Bu ugurda tejribäňiz size hemişe şeýle ýol tutmaga ündeýär we siz az ýalňyşýarsyňyz.

28 we ondan köp ball. Töwekgellik etmezlik size düýbünden nätanyş düşünje. Bir işe başlasaňyz, üstünlikli gutarjagyňyza bolan ynam sizi hemişe töwekgellige çagyrýar. Ýalňyşlyk goýberseňiz, özüňizi däl-de, başgalary aýyplamak adatyňyz hem ýok däl. Munuň bolsa, köplenç, ýakynlaryňyza otrisatel täsir etmegi mümkin. Bu siziň iň uly kemçiligiňiz. Aýna serediň, belki, kemçilikleriňizi görmegi başararsyňyz.

45
140
Bio_girl👩‍🔬💫
10.11.2023 20:26

SÖÝGI HAKDA SOÑKY GOŞGY


Diýdiler: - Sen ýigit, elenip, nalap,

Urnup ýörsüň, söýgi sözüň gaýtalap.

Ol gopbam gyz söýýän diýip agzanok,

Haýran men, söýdüň şoň nämesin halap?!


Diýdi: - Söýýänligin agzamaýar, ýar,

Ony mähir, eda bilen duýdurýar.

Öz gymmatyn bilip, agras gözleýşi,

Aklym alýar, elendirýär, söýdürýär.


...Tebygy kanun bi, haýran galmaly,

Bilbil maýyl, gül hem kaýyl bolmaly.


#Geldimyrat SEÝIDOW.

49
89
Bio_girl👩‍🔬💫
09.11.2023 22:11

😎😎😎Biz Turkmenler gapy kakylanda "KIM?" diyip sorag berenimizde standart "MEN" jogabyny alyp,ses analizi esasynda kimdigini tanap bilyaris...Tehnologiyadan onde biz😂😂😂

33
42
Bio_girl👩‍🔬💫
08.11.2023 20:43

Talyp, talyplygyñ çyn bolyan bolsa, Okuw okap, diplomyñy alyp git.

Talyplyk düshünjä çuñ bolýan bolsa,

Ýatyp, turup, okap, ýatyp, turup git.



Hem kopýa ber, hem kopýadan akyl al,

Kitapdan däl, internetden nakyl al,

Alan balyñ gözlerine basyp al,

Kopýalaryñy bildirmanjik zyñyp git.



Ders wagtynda mugallymlaryña belet bol,

Ders soralsa depderñe seret bol,

At soralsa Maral, Menli, Mahri bol,

Adyñ aýtman bashga biri bolup git.



Synag döwri kynlyk bilen geçiler,

Kelle agyrtman göni kopýa açylar,

Dersden gaçsa hemme üýshüp gaçylar,

Tutulaýsañ, soñ ýene-de ýanyp git.



Bagt paýlansa 3 baýlygy ilki al:

"Dersde ýatmak" bilen "Dersden terki" al,

"Çäreden azat sen" diýen erki al,

Soñ tapylar galan zady zyñyp git.



Köwüsh geý, Tahýa geý, Cabyt geý,

Parhy ýokdur, geýsen bolar talyp deý,

Forma 1'siz talyp bormy heý!?

Dekanyñ ýanynda sessiz, dymyp git.



"Sorasañ aýdaýyn kyýamat nedir!?"

Synagdan ýykylaýsañ kyýamat shodur.

Her "mugallym" atlyga goýmagyn gadyr,

Oñ diñe adyna hormat goýup git.



Ýenip ýasha, dersde, ýyllyk ishde ýeñ,

Dasharda ýeñ, tejribelik ishde ýeñ,

Iñ möhümi bolsa diplom ishde ýeñ,

Ýeñilmegem öwren, ýöne ýeñip git.



Derslere girmegiñ nobaty ýagshy,

Synaga girmegiñ nobaty ýagshy,

Men diñe bir zatda nobata garshy,

Diñe islän wagtyñ çärä gelip git.



Ýene bir söz magtanmak däl, öwüt däl,

Bu goshgyny okamagyñ sargyt däl,

Muny senden bashga okajak gyt däl,

Ÿöne senem okap, teswir yazyp git.

53
550
Bio_girl👩‍🔬💫
06.11.2023 01:01

Hakyky soyyan adam ozunden on kim bolany bilen gyzyklanmaz😇,ozunden son hichkim bolmaz yaly eder....😍

43
99
Bio_girl👩‍🔬💫
05.11.2023 12:34

Ylgyrr cunki ylgyrmak sna ovadan gelisya😊😇😍

44
198
Bio_girl👩‍🔬💫
04.11.2023 00:54

Happy Birthday To me🥰

52
239
Bio_girl👩‍🔬💫
26.10.2023 22:33

Dusin😌

Durmush gorkezyan ekeni kimin kimligini 😏

43
200
Bio_girl👩‍🔬💫
23.10.2023 09:26

Pul barada çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň ünsüni çekip biljek 20 sany gyzykly fakty okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.


1. Gadymy döwürlerde töleg hökmünde merjenler, balykgulaklar, öý haýwanlary, däneler, balyklar, ýüňler we şular ýaly beýleki zatlar kabul edilipdir.


2. Dollaryň «$» nyşany ABŞ-nyň walýutasynyň döremeginden has ozal, hatda ABŞ-nyň ýurt hökmünde ýüze çykmagyndan-da öň peýda bolupdyr. «$» belgisi ABŞ-nyň walýutasyndan öň köp ulanylan Meksika pesosyny aňlatmak üçin gysgaça bolan «Ps» harplarynyň birleşmesidir. Bu belginiň ABŞ-nyň çäginde giňden ornaşdyrylmagy bilen, amerikan dollarynyň ulanyşynda hem dowam etdirilipdir.

3. Banknotlar — ýokançlaryň köpelip bilýän ýeridir. Alymlaryň pikiriçe, dünýädäki pullaryň 94%-i özünde bakteriýalary saklaýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri mikroblar üçin birnäçe walýuta nusgalaryny barladylar we 100 ýuanyň iň hapa puldugyny, onda 180 000-den gowrak bakteriýanyň bardygyny anykladylar. Has arassa banknoty bolsa özünde ortaça 11 000 bakteriýany jemleýän ýewro diýip hasaplamak bolar.


4. Kagyz banknotlarynyň ulanyş ömri 3-5 ýyl diýlip kesgitlenilýär.


5. Doly zyňaýmaly ýagdaýa gelýänçä bir pul serişdesi 30-50 müň adamyň elinden geçýär. Ýeri gelende aýtsak, banknotyň nomeri näçe kiçi bolsa, şonça-da tiz könelýär.

dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar.


6. 100$-lyk ABŞ dollaryndan düzülen 1 million dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar

7. Gadymy grek dekadrahmalary seýrek arheologiki tapyndy bolup, iň gymmat pul birligi hasaplanýar. Dekadrahma Afinada, Sirakuzada we Akragantda, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň döwründe (b.e.öň 336-323 ýý.) neşir edilipdir.


8. ABŞ-da pul birligine häzirki wagtda ýaşa ýören adamlaryň şekilini ýerleşdirmek kanuny taýdan gadagandyr.


9. Gadymy Rim tegelek teňňeleriň zikgelenip başlanan ilkinji döwleti hasaplanýar.


10. Ilkinji kagyz pullar Hytaý Imperiýasynda, Tan dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 618 — 907 ýý.) ulanyşa girizilipdir, emma olar diňe hususy maksatlar bilen peýdalanypdyr. Pullar döwlet derejesinde bolsa ondan soňky döwürde — Sun dinastiýasynda (970 - 1278) ulanylyp başlanypdyr.

11. Dollar pulunyň 100$ görnüşinden başga ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň şekili ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda diňe iň uly dollar görnüşinde şekillendirilen Benjamin Franklin prezident bolmandyr.


12. Meşhur stol üstünde oýnalýan Monopoliýa oýnundaky pullar adaty dollar pul birliginden 30 esse köpdür.

13. Dollar bilen 2005-nji ýylyň Azerbaýjan manadyny ilkibada tanamak ýeňilem düşmändir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ikisini-de şol bir adamyň — awstriýaly dizaýner Robert Kalinanyň ýasandygydyr.


14. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 159 sany resmi walýuta bar diýlip kesgitlenilýär.


15. 1966-njy ýylda bankda ilkinji bankomat patentlenildi. Şotlandiýaly inžener Jeýms Gudfello müşderileriň identifikasiýasy üçin PIN koduny oýlap tapdy. Doly anyk bolmadyk bir maglumata görä, başda PIN kody alty sandan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, oýlap tapyjynyň aýalynyň diňe 4 sany ýatda bilýändigi sebäpli, Gudfellow kody gysgaltmaly bolupdyr.


16. Pullaryň saklanyp bilinjek ähli ýerlerinden (gapjyk, jübi we ş.m) ýitirilýän puluň bir ýyldaky ortaça möçberi 4,3 ABŞ dollaryna deňdir.


17. Funt sterling — häzirki wagtda hem ulanylýan dünýädäki iň gadymy walýutadyr. Iňlis walýutasy biziň eramyzyň VIII asyrynda ulanylyp başlanypdyr

18. 1821 — 1825-nji ýyllar aralygynda Alýaskany dolandyrýan «Rus-amerikan» kompaniýasy düwleniň derisine çap edilen 10 000 sany banknoty çykarypdyr. Häzirki wagtda ol banknotdan takmynan 40 sanysy galypdyr.


19. Bagam adalarynda 2001-nji ýyldan bäri 1/2 dollarlyk nominaly bolan pul serişdesi dolanyşykda ulanylýar. Banknot numizmatlaryň arasynda giňden meşhurdyr.


20. Anyk bir taryhy maglumat saklanyp galmadyk bolsa-da, köp bilermenler rus dilinde ulanylýan «dengi» sözüniň türki diliniň sözlük düzümindäki «teňňe» diýen düşünjeden gelip çykandygyny belleýärler. «Kopeýka» sözüniň döremegi bolsa Iwan Groznynyň hökümdarlyk eden döwründe zikgelenen eli naýzaly (kopýe) atlynyň şekili bilen baglanyşdyrylýar.

35
593
Bio_girl👩‍🔬💫
22.10.2023 15:44

kimin doglan gunii hacan ve doglan guninde name sovgat almany govy goryanizz


komm garasyan🙃🤗

50
439