Bio_girl👩‍🔬💫
10.11.2023 20:26

SÖÝGI HAKDA SOÑKY GOŞGY


Diýdiler: - Sen ýigit, elenip, nalap,

Urnup ýörsüň, söýgi sözüň gaýtalap.

Ol gopbam gyz söýýän diýip agzanok,

Haýran men, söýdüň şoň nämesin halap?!


Diýdi: - Söýýänligin agzamaýar, ýar,

Ony mähir, eda bilen duýdurýar.

Öz gymmatyn bilip, agras gözleýşi,

Aklym alýar, elendirýär, söýdürýär.


...Tebygy kanun bi, haýran galmaly,

Bilbil maýyl, gül hem kaýyl bolmaly.


#Geldimyrat SEÝIDOW.

49
89
kidt
10 Noýabr 2023
Gowy goşky eken haladym
tmyigit76
10 Noýabr 2023
Birinji setiri 👍🏻👍🏻(maňa ýazylan ýaly 😔)
nabat_
10 Noýabr 2023
@alone_girl_05, ,,Aklym alyar elendiryar soyduryar"☺🙃👍👍daş
nabat_
10 Noýabr 2023
In sonky setirleri has gowy eken😊👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.