Berdi s ý
25.04.2020 22:29
«Ähli zatlar kiçilikden başlap ulalýandyr. Diňe merhuma bolan ahy-nala ulydan başlap soňra kiçelýändir»
Nasyr ibn Seýýar
8
184
2
Berdi s ý
25.04.2020 22:08
Akyl we hikmet eýeleri bolan alymlar şeýle diýýärler: «Eger bir adam seniň ýanyňa gelip, «Saňa pylany şeýle diýdi, saňa şeýle zyýan etdi» diýse, sen alty sany işi etmelisiň:
Birinji: ony dogruçyl hasap etme, sebäbi Allatagala oňa bozgak diýipdir. Bozgagyň sözi bolsa dogry däldir.
Ikinji, oňa gep gezdirmegi gadagan et. Çünki gep gezdirmek günädir, günäden gaýtarmak bolsa parzdyr.
Üçünji, Allatagalanyň ony duşman görýändigi üçin sen hem ony duşman saý. Sebäbi hadysy-şeripleriň birinde: «Allatagalanyň ýanynda iň erbet duşman gep gezdirip, dostlaryň arasyny bozýanlardyr» diýilýär.
Dördünji, öz musulman doganyň barada erbet pikir-güman etmeli däldir. Çünki, käbir gümanlar adamy günä elter.
Bäşinji, onuň aýdan habaryny yzarlama, sebäbi dinde aýyp gözlemek gadagyndyr.
Altynjy, gep gezdirýäniň aýdyşy ýaly etme. Aslynda gep gezdirýäni öz ýanyňa getirmeli däldir, onuň sözlerini diňlemek hem dürs däldir.
Öz ýanyňdan orun berme gepçä sen,
Gepinden bir demde ýüz pitne gopar.
Özüňe hiç mahal öwrenişmesin,
Ol sen hakda-da erbet söz tapar.
HÜSEÝIN KÄŞIFI.
8
184
3
Berdi s ý
25.04.2020 13:36
Dostum
5
171
2
Berdi s ý
24.04.2020 12:55
Söýgim — juwanlykda açylan gunça . . .
Söýgim — juwanlykda açylan gunça,
Söýgim — kämillikde mäkäm diregim.
Ýalňyşyň, näz ediň,
Ýeke dilegim,
Söýmäň meniň goşgularym boýunça.
Söýüň säherleri täzeden açyp,
Söýüň bar ýürekden,
Söýüň wepaly.
Söýüň —
Ynsan ogly şunça ýol geçip,
Sizden öň söýüşip görmedik ýaly!
Gurbannazar Ezizow.
8
170
2
Berdi s ý
23.04.2020 23:43
Hormatly Agzalar we Myhmanlar ýetip gelen Remezan baýramlaryňyz gutly bolsun. Tutjak orazalaryňyz, etjek ybadatlaryňyz Allah dergähinde kabul bolsun.
. . . Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmak ün ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi ün bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde her bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilşine görä, 10 hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby 10 däl, müň esse, Aýatel kursi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy ün beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby 30 müňe çenli ýetýär . . .
Kitap: Ylmyhal.
12
246
9
Berdi s ý
23.04.2020 16:51
Iň köp kömek etýäniň şu meselede beren jogaby. . .?
12
289
4
Berdi s ý
23.04.2020 16:47
☝????
8
206
5
Berdi s ý
22.04.2020 21:46
Menä ilki risk edip görerdim???
13
500
16
Berdi s ý
22.04.2020 13:54
???
14
415
9
Berdi s ý
22.04.2020 13:53
Eger seni özüm döreden bolsam. Eger seni özüm döreden bolsam, Hyýalymda, arzuwymda her günüm, Näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de, Seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm. Eger seni özüm döreden bolsam,
8
287
6
Yene yükle