Berdi s ý
24.04.2020 12:55
Söýgim — juwanlykda açylan gunça . . .

Söýgim — juwanlykda açylan gunça,
Söýgim — kämillikde mäkäm diregim.
Ýalňyşyň, näz ediň,
Ýeke dilegim,
Söýmäň meniň goşgularym boýunça.

Söýüň säherleri täzeden açyp,
Söýüň bar ýürekden,
Söýüň wepaly.
Söýüň —
Ynsan ogly şunça ýol geçip,
Sizden öň söýüşip görmedik ýaly!

Gurbannazar Ezizow.
8
170
Berdi s ý
25 Aprel 2020
Hawa☺
BaHaRjYk.
24 Aprel 2020
Gowy gosgy ??????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.