Berdi s ý
12.06.2020 20:02
Bir gezek synanşyp oňaýma: sebäbi ol synagyň başa barmadyk bolsa, başyňa düşen musallatdan entek dynmansyň. Bir ýola, esasanam birinji gezek ýalňyşmaklyk geň däl bu bolýan zat.
Mydama şowuna bolup durmaýar, her zadyň wagty möwriti bar, şonuň üçinem " Almada wagtynda bişer ,, diýýäler. Ine şonuň üçinem birinjiniň üstüne ýene birini goşaý. Eger şonda ugryna bolaýsa birinjiň ikinji synanşygyň telegi boldugy bolar.

Üstünlik - seýrek bagtdyr.
8
263
Berdi s ý
12.06.2020 20:00
Şahsyýetiň dosty az bolar, zadyň dosty kän bolar.
11
128
Berdi s ý
12.06.2020 06:00
Şu dünýäde iň kyn zat ýalançy adam bn ýaşamak.
9
263
Berdi s ý
10.06.2020 11:57
Dostlaryň dawasy.

– Adam dünýä iki gezek gelenok.
Ýene bir iç! Bu boluşyň bolanok.

– Juda dogry aýdýaň: iki gezek däl.
Şoň üçinem şundan artyk gerek däl.

Kerim aga
13
303
Berdi s ý
10.06.2020 01:12
. . .
+gaharymy getime?
-bolýa?
+gürleme . . .?
-bolýa?
+gürleme diýýän. . .?
-bolýa?
+gürleme . . .?
-bolýa?
+gürleme . . .?
-bolýa?
+gürleme . . .?
-bolýa diýdimä . . .?

Bolýa diýdimi goýda bahana aramada.

Aslynda iki sany boýnu ýogyn tapyşsa şeýle bolýa.
11
258
Berdi s ý
09.06.2020 18:57
Hekaýa

Bile oýnap ösen gyz bn oglan
Kämil ýaşa ýetip, är-aýal bolan.

Ýaş gelin bagtyýar duýupdyr özün,
Ýöne ýigit onuň çekmändir näzin.

Gaýta onuň göwni sowap gün-günden,
Ýüz sowup ugrapdyr juwan gelinden.

Her näçe mähremlik etse-de ýary,
Gowzanokmyş ýigdiň ýürek azary.

Diýipdirler oňa: ,, Bu bolşuň telek,
Sulhuň alanokmy - aýrylmak gerek".

Ýigit diýen: ,, Dünýäň baýlygyn bersem,
Razy men şonda-da başym gutarsam".

Gelin diýen: ,, Menem bar zada taýyn,
Ýöne şu ýigitden aýra bolmaýyn.

Söwer ýarym aýrylmasa ýanymdan,
Müň kerem razy men öz ykbalymdan".

Diýilşi dek ,, Geň göreniň alnyňa " ,
DYZAÝAS BIZ ÝIGRENÝÄNIŇ ÝANYNA.

Saady.
10
278
Berdi s ý
08.06.2020 01:59
Gije gara basmaz görmez kyn düýşi,
Ak bolsa gündüzki bar eden işi.

*******

Garnyň açmy - bar çäre
Gözüň açmy - biçäre.

???? A.Sammyýew.
8
299
Berdi s ý
06.06.2020 16:29
Durmuşda her hili ýagdaýlara duşdym. Ýylgyrýan?. Sebäbi ýylgyrmaga şansym köp.

Ýene kim şansly?
12
247
Berdi s ý
05.06.2020 12:49
АTА ÖKÜNJI

«Gulаk аs, oglum, mеn bu sözlеri sеn süýji ukudа ýatаn wаgtyň аýdýaryn: sеn çеpiksijе eliňi ýassyjagyň аşаgyndа goýupsyň, mymyjаk mеlе sаçlаryň bolsа çygjаrаn mаňlаýyňа ýеlmеşipdir. Mеn bir özüm sеniň ýatаn otаgyňа dаrаklygymа bаsyp girdim. Birnäçе minut mundаn ozаl, kitаphаnаdа gаzеt okаp otyrkаm biçаk gаty ökünç аlаdаsy mеniň üstümе lаbyryny аtdy. Häzir günämi boýun аlyp sеniň krowаdyň ýanynа gеldim..
Gör, mеn nämäň pikirini etdim, oglum. Mеn gаhаrymy sеndеn çykаrjаk bolаn ekеnim. Mеkdеbе gitjеk bolup gеýnip durkаň, öl polotеnsаny ýaňy ýüzüňе ýеtirеn wаgtyň, mеn sаnа gаty käýýеdim. Köwşüňi аrаssаlаmаnyň üçinеm ýüzüňi аldym. Eşiklеriňdеn bir zаdy ýеrе tаşlаn gеzеgiňеm üstünе hеrrеlipdim. Çаý dökеniň üçin, çörеgе mеsgäni judа köp çаlyp, аçgözlük bilеn iýýäniň üçin, tirsеgiňi stolа diräniň sеbäpli, ertirlik nаhаryň bаşyndа-dа mеn sаňа igеndim. Onsoň sеn-ä oýnаmаgа ugrаdyň, mеnеm otlа ýеtişjеk bolup аlňаsаdym, sеn şondа mаňа tаrаp öwrüldiň-dе, eliňi bulаýlаp: «Sаg bol, kаkа!» diýdiň, mеn wеli ýüz-gözümi çytyp: «Egniňi gysmа!» diýip gygyrdym.
Soňrа, günüň аhyryndа, bаry ýеnе täzеdеn bаşlаndy. Ýol bilеn öýе bаrýarkаm, sеniň dyzаnаklаp şаr oýnаýanyňy gördüm. Jorаplаryňаm dеşilеn ekеn. «Jorаbyň bаhаsy gymmаt — ony dеr döküp öz gаzаnjyňа sаtyn аlmаly bolаýsаň, ondа ony аýap gеýеrdiň!» diýip, hüňürdäp, öňümе sаlyp аlyp gаýdаnymdа, mеn sеni ýoldаşlаryň аrаsyndа kеmsitdim. Bir pikir et, oglum, bu zаtlаr аtаnyň oglа diýjеk sözümidir!?».
Ýadyňdаmy, bir gеzеk sеn kitаphаnа girdiň, ol ýеrdе mеn gаzеt okаp otyrdym, sеn çеkinýärdiň, ýygrylýardyň. Mеn okаp oturаn gаzеtimiň üstаşyry gözümi аlаrdyp sеrеtmеk bilеn mаňа päsgеl bеrеnligiňi аňdyrdym, sеn ýaýdаnyp, iç işikdе sаklаndyň. Mеnеm: «Sаňа nämе gеrеk?» diýip, аzmly sorаdym.
Sеn hiç zаt diýmеdiň-dе, mаňа tаrаp topulyp, boýnumdаn gujаklаdyň-dа ogşаdyň. Sеniň eljаgаzlаryň hudаýyň ýürеginе guýan mähri bilеn, hаtdа, mеniň sаňа ýowuz dаrаmаgym zеrаrly-dа öçmеdik mähir bilеn boýnumа orаşypdy. Soňrа аýajyklаryňy bаsgаnçаklаrа bаsyp ýokаry çykyp gitdiň.
Hаwа, oglum, аnа, şondаn soň, elimdäki gаzеt syrylyp ýеrе gаçdy-dа, mеniň kаlbymy eýmеnç ýürеkgysdyryjy gorky eýеlеdi. Ýarаmаz gylyk mеni nä günе sаlypdyr? Kiçijik oglаnlygyň üçin mеniň sаňа bаr edеn sowgаdym — gаhаrlаnmаk, igеnmеk boldy. Mеn sеni gowy görеmokdym diýip bilmеn, gеp bаşgа zаtdа, mеn çаgаdаn hаs köp zаdа gаrаşypdyryn, sеni hеm özüm ýaly etjеk bolupdyryn.
Sеniň hüý-häsiýеtiňdе wеli аjаpdаn-аjаp zаtlаr, ýürеkdеşlik gаty köp. Sеniň kiçijik ýürеgiň bаýyrlаryň аňyrsyndаn dogup gеlýän şаpаk ýaly, uly hеm tämiz. Ýatmаgа gitmеziň öň ýany mеni gujаklаmаk hеm ogşаmаk üçin topulаňdа bu zаtlаrа gowy göz ýеtirdim. Mеn gаrаňkydа utаnçly hаldа sеniň krowаdyň ýanynа gеlip dyzymа çökdüm! Bu gün bаşgа hiç zаdyň ähmiýеti ýok, oglum.
Elbеtdе, bu günäni ýuwаn kişi bolmаk. Oýanаn wаgtyň sаňа bu zаtlаry gürrüň bеrsеm, düşünmеjеgiňi bilýän. Ýönе mеn ertirdеn bаşlаp hаkyky аtа bolаryn! Mеn indi sеniň bilеn аgzybir boljаk, sеn ejir çеksеň bilе çеkеrin, bеgеnеn ýеriňdе-dе bеgеnеrin. Nähili gаhаrym gеlsе-dе indi dilimi dişlärin. Mеn hеmişе dogа sаnаn ýaly: «Ol entеk çаgа, kiçijik oglаn аhyry» diýеn sözlеri gаýtаlаryn.
Dogrusy, sеni öz аňymdа uly аdаm hökmundе görüpdirin. Ýönе, häzir krowаdyňdа süýji ukudа ýatyrkаň görеnimdе, sеniň entеk çаgаdygyňа düşündim. Sеn dеk düýnеm ejеň elindе, bаşyňy onuň egninе ýaplаpjyk durdun аhyry. Mеn sеndеn judа köp zаdy, uçursyz köp zаdy tаlаp edipdirin.

Amerikan žurnalistkasyn klasi eserleriniň biri.
8
139
Berdi s ý
05.06.2020 00:36
Biz hiç bir zady ýazmadyk . . . biziň etjek hereketlerimiz welin öňünden ýazylan. Netije - biz ýazga görä däl . . . ýazgy bize görä ýazylan . . .

7
147