Hekaýa
Bile oýnap ösen gyz bn oglan
Kämil ýaşa ýetip, är-aýal bolan.
Ýaş gelin bagtyýar duýupdyr özün,
Ýöne ýigit onuň çekmändir näzin.
Gaýta onuň göwni sowap gün-günden,
Ýüz sowup ugrapdyr juwan gelinden.
Her näçe mähremlik etse-de ýary,
Gowzanokmyş ýigdiň ýürek azary.
Diýipdirler oňa: ,, Bu bolşuň telek,
Sulhuň alanokmy - aýrylmak gerek".
Ýigit diýen: ,, Dünýäň baýlygyn bersem,
Razy men şonda-da başym gutarsam".
Gelin diýen: ,, Menem bar zada taýyn,
Ýöne şu ýigitden aýra bolmaýyn.
Söwer ýarym aýrylmasa ýanymdan,
Müň kerem razy men öz ykbalymdan".
Diýilşi dek ,, Geň göreniň alnyňa " ,
DYZAÝAS BIZ ÝIGRENÝÄNIŇ ÝANYNA.
Saady.