Berdi s ý
16.03.2020 01:06
Baý kişi diýip hasap etýanimiz baýmyka? -- Baý bolmaklyk pul bn ölçenilmeýär. Aslynda maddy taýdan ( pul ) baýa puldar diýilýär. Baý bolmak bn puldarlyk ikisi bir zat däl ahryn. Çyn baý özünde bar bolan zada kaýyl bp ýören adamdyr. Kim öz ýygnap ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bp ýören adamlardan has garypdyr.
11
525
Berdi s ý
16.03.2020 00:54
Unutýarys.

Tebip hassanyň keselini anyklap, onuň sebäbini bilip, däri-derman edýändir. Emma ähli derdiň dermany ol derdi bereniň elindedir. Tebip bolsa diňe araçy we sebäpkärdir.

Durmuşda her hili ýagdaýa duşulýar. Onda akyllynyň nadana, güýçliniň güýçsüze we sahy garybyň gysganç baýa mätäç hem-de boýun bolmagy iň erbet ýagdaýlaryň biridir.
10
245
Berdi s ý
15.03.2020 22:36
Ilkinji zat hemişe garalama bolýandyr.

( tapawudy ýok o zadyň nämedigi. Käbirleri ony birinji gezekde gözelleşdirýä, käsi tersine 2-3 gezekde ).

11
378
Berdi s ý
15.03.2020 22:34
Iň gowusy dymmak.
- meniň dilimden sypdyran zatlarym üçin ökünen gezeklerim kän boldy, ýöne dişimiň aňyrsynda saklan zatlarym üçin welin, kän ahmyr çekmedim.


- heniz dilden sypmadyk söz şol sözi diýmekçi bolýan kişiniň bendisidir. Şol söz dilden sypan mahaly bolsa, şol sözi aýdan kişiniň özi sözüň bendiligine öwrülýändir.


Adam gürleýär, hereket etýär, dymýar, öwrenýär, ýatýar ýada ukusyz bolýar we ş.m. ol peýda-da gazanyp biler zyýan-da. Saýlamak size goýulan.
10
476
Berdi s ý
Berdi s ý
14.03.2020 22:32
Ösdürip ulaldany hiç haçan unutma !
Berdi s ý
14.03.2020 22:26
Terezi bn oýun etmäň, utularsyňyz!!!

Bir garry gojanyň aýaly öý mesgesini ýasaýan eken. Garry şol mesgeden günde golaýdaky dükana äkidip, satýar eken.
Dükanyň satyjysy mesgäni her gün çekmän alýan eken. Bir gün ýaşuly dükandan çykyp gidensoň, satyjy mesgäni terezä goýup görüpdir. Görse, 1kg hasaplanan mesge 900gr gelip durmuşyn. Satyjy gaty gaharlanyp, ýaşulynyň gelerne howlugyp garaşypdyr. Ertesi gün elindäki mesgesi bn ýaşuly dükana girende satyjy erbet bakyşlar bn ýaşula seredip, mundan beýläk onuň mesgesini almajakdygyny aýdypdyr. Garry goja gynanyp:
- Bir ýalňyş iş etdimmi? Nm sebäpden beýle diýdiň? - diýýär.
- Seniň maňa getiren mesgäňi ölçedim, 900gr geldi. Bu eden işiň utanç dälmi? - diýip satyjy gahar-gazaba münüp, haýbat bn gygyrýar. Ýaşuly utanyp, başyny aşak egip:
- Günämizi geçeweriň, biziň terezimizde ölçeg daşy ýok. Öňräk sizden 1kg şeker alypdyk, şony hem bir ölçeg daşy edip ulanýardyk - diýipdir.
Satyjy utanjyndan ýaňa nm diýjeginem bilmändir.
- Kime, nähili agramda gadyr görkezseň, şol agramdada gadyr görersiň --- diýip, ýaňky goja yzyna dolanyp gaýdyberipdir.
16
392
Berdi s ý
13.03.2020 16:30
Bir adam:
- dogry sözüň dosty ýok diýýäler, çynmy?!
Akyldar :
- ol töhmetçiler barada şeýledir.

*****
Bir akyldar:
- men baýlygy ýigrenýän diýýän adamy tä şol ýigrenjini subut edýänçä ýalançy hasaplaýaryn. Onuň hakykatdan hem çynyny aýtýandygyna gözümi ýetirenimde bolsa, men onuň akmakdygyny ýüzüne aýdyp bilerin'' diýipdir
15
686
Berdi s ý
Berdi s ý
13.03.2020 07:47
Bu durmuşda bolýan zat. Durmuş ýollarynda olaryň ikisem gaharlanyp biler, ikiside ýaraşyp ýaranyp biler. Ýöne : , erkek adam gaharlansada bolar, zenan maşgala hemme zady ýuwdup-ýuwdunyp, içine salyp,
Berdi s ý
12.03.2020 00:05
«Lal bolmak ýalan sözlemekden haýyrlydyr. Gün- güzeran üçin tagalla etmek we mätäç bolmazlyk, isripli ýaşaýyşdan we bihaýalykdan haýyrlydyr».

Islendik zatdada isrip etmeklik halanmaýar.
11
294
Berdi s ý
11.03.2020 20:44
Maşgala abatlygy diňe erkege bagly diýsek ýalňyşdygymyz bolar. Öý-hojalygyň agzybirligini saklamak ikisiniň hem deň derejede borjudyr. Maşgalabaşy erkek adam hasap edilensoň, üstüňe düşýän borçlara jogapkärli çemeleş. Gabarylmagyňy bir az peselt, howaýy ulumsylygyňdan el çek we kadaly hetdiňe dolan. ZENAN MAŞGALA HER DIÝENIŇE ,, HÄ '' BERIP DURMALY DP DÜŞÜNME ( gyzlar sizem hä diýmeli dälmikä dp pikir edäýmäň ). Zenan maşgala her neneň ýokary bilimli, çuňňur düşünjeli, döwrebap ýada dindar bolubersin, barybir onuň zandynda zenana mahsus häsiýetler agdyklyk eder durar. Şonuň üçin bir zada pugta üns ber: hatda dünýäniň dünýäniň mülki elinde bolsada, bir sowgatjyk ony has begendirer, has şadyýan we bagtyýar eder. Oňa bir ýakymly sowgat etmegi gysganma. Döwrüň iň çeper dilli şahyry onuň özi bolaýsyn, barybir ýakymly söz, hoşamaý jümle onuň göwnünden turar. Oňa bir hoşamaý söz aýtmagy gysganma!
16
980