Berdi s ý
14.03.2020 22:26
Terezi bn oýun etmäň, utularsyňyz!!!

Bir garry gojanyň aýaly öý mesgesini ýasaýan eken. Garry şol mesgeden günde golaýdaky dükana äkidip, satýar eken.
Dükanyň satyjysy mesgäni her gün çekmän alýan eken. Bir gün ýaşuly dükandan çykyp gidensoň, satyjy mesgäni terezä goýup görüpdir. Görse, 1kg hasaplanan mesge 900gr gelip durmuşyn. Satyjy gaty gaharlanyp, ýaşulynyň gelerne howlugyp garaşypdyr. Ertesi gün elindäki mesgesi bn ýaşuly dükana girende satyjy erbet bakyşlar bn ýaşula seredip, mundan beýläk onuň mesgesini almajakdygyny aýdypdyr. Garry goja gynanyp:
- Bir ýalňyş iş etdimmi? Nm sebäpden beýle diýdiň? - diýýär.
- Seniň maňa getiren mesgäňi ölçedim, 900gr geldi. Bu eden işiň utanç dälmi? - diýip satyjy gahar-gazaba münüp, haýbat bn gygyrýar. Ýaşuly utanyp, başyny aşak egip:
- Günämizi geçeweriň, biziň terezimizde ölçeg daşy ýok. Öňräk sizden 1kg şeker alypdyk, şony hem bir ölçeg daşy edip ulanýardyk - diýipdir.
Satyjy utanjyndan ýaňa nm diýjeginem bilmändir.
- Kime, nähili agramda gadyr görkezseň, şol agramdada gadyr görersiň --- diýip, ýaňky goja yzyna dolanyp gaýdyberipdir.
16
392
Fatima
15 Mart 2020
Gowy ✌???
Bhgb
15 Mart 2020
Tereziñ gunasi agyr diyip esdipdim
Myhman Myhman
14 Mart 2020
Ozi etse bolya gowuda il etse cydar yaly dal yalnys ayyp ayyp?(baby)
gulshatayewa97
14 Mart 2020
???????????
Myhman Myhman
14 Mart 2020
Bet?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.