Begench Malikgulyyew
12.02.2020 21:40
Bir adaty saýawanyň aşagyna 6 adam girip nähili ýagdaýda ezilmän durup bilerler?
18
3 732
Begench Malikgulyyew
12.02.2020 21:11
Karar berdim!
Şu 14 fewralda biziň liftimize sowgat aljak. 10 ýyl bäri biri-birimizi howsala salamzok. bowtie
14
4 887
Begench Malikgulyyew
12.02.2020 21:05
Gowy zatlar adam bolanda,
Has gowy zatlar sabyr edeninde 
We iň gowy zatlar hiçwagt goýbolsun etmediginde geler.
La Edri.
13
2 115
Begench Malikgulyyew
12.02.2020 21:02
Dogruçyl bolmakdan gorkma, iň köp ýitirjek zadyň ýalňyş adamlar bolar.
16
1 028
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 20:56
Amanyň bugün doglan güni, ol 12 ýaşaýar. Ol doglan güninde tortda şem ýakdy we olary üfläp söndürdi. Birdan üns berip seretse tortda 10 şem dur. Aman öz doglan günine görä goşmaça şem ýakyp, täzeden şemleri üfledi. Şemleriň 8-si söndi.
Tortda näçe şem galdy?
8
4 186
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 17:43

Gözlegçiler, gandan analiz almak üçin robot döretdiler

Hassalygy anyklamak üçin iň köp, giňden ulanylýan gan analizi üçin täze bir robot döredildi. Döredilen robot, gan almak meselesinde ýokary netije görkezdi.

Robotlar kosmos işleri, öý arassaçylygy, myhmanhanalar we gorag işleri üçin aýratyn ýer alýar. Hat-da korono wirusynyň bejergisinde hem işleýän robot bar. Döredilen täze robot bolsa, gan almakda ýokary derejeli netije görkezýär.

Rutgers uniwersitetinden gözlegçiler, gan analizini ýerine ýetirmek üçin gan almakda robot döretdiler.Döredilen robot, ilkinji barlagda ýokary derejeli görkezijini öňe çykardy. Ultrases şekili bilen damaryň ýerini anyklaýan robot, iňňe bilen damar ýoluny açýar we gan alýar. Robot diňe gan almak bilen çäklenmän, bu özünde gan analizatoryny hem saklaýar. Şeýlelikde, ganyň analizini hem robotyň kömegi bilen geçirip bolar.

Gan alyp bilýän robotyň ilkinji kliniki barlagynyň netijeleri Technology žurnalynda beýan edilen bir makalada görkezildi. Robot 31 adamdan gan alýar we 87% üstünlik görkezýär. Damary kynlyk bilen tapylýan hassalarda robotyň üstünligi 97% ýetdi.

Mundan öňki edilen işlerde, saglyk pudagynda işleýänleriň görkezijileri: damary kyn tapylýan hassalarda 73%, el bilen damary kyn tapylýan hassalarda 60% we damary iki usul bilen hem tapmasy kyn bolan hassalarda 40% barabar. Robotyň başarjaňlyk görkezijisi bu bahalardan has ýokary. (Ýagny, robot damar tapma meselede adamlardan ökde görünýär). 

Rutgers uniwersiteti Brunswick inženerçilik mekdebinde işleýän doktor öwrenijisi we makalanyň baş ýazyjysy Josh Leipheimer “ Biziňki ýaly enjam, saglyk pudagynda işleýänleriň gany tiz we ynamdar görnüşde almagyny gazandyrmak bilen bir hatarda, kynçylyklary we agyrylary hem aňsatlaşdyrýar” diýdi.

Gan almak üçin döredilen robot häzirki wagt hem testlerden geçmäge dowam edýär. Gözlegçiler robotyň gan almakdan daşynda, dializ we kateterizasiýa ýaly işlerde hem ulanyp biljekdiklerini belläp geçýärler.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/arastirmacilar-kan-ornegi-almak-icin-robot-gelistirdiler-h85440.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


13
3 746
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 16:55
Häzirki wagt dünýäniň iň gymmat sag hüjümçisi SALAH saýlanyldy. Onuň bahasy 150million euro. Ony 140 million euro bilen Barcelonadan MESSI, 120 million euro bilen B.Dortmund oýunçysy SANCHO yzarlaýar.
Çeşme:@transfermarkt_official
14
3 274
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 16:45
Olaryň ikisi hem tegelek görnüşde, olar bolmasa dünýä tümlüge öwrüler. 
Sorag: gürrüň näme barada gidýär.
6
3 399
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 16:39
Öwgü - gowy adamy has gowy, erbet adamy has erbet eder.
Tomas Fuller
12
1 015
Begench Malikgulyyew
11.02.2020 16:37
Ýitirjegiňi bilibem näme üçin dyrjaşýarsyň? - diýdi, öljegini bilibem ýaşaýandygyny unudypdy o wagt. Zat diýmedim. 
Özdemir Asaf
13
2 125