Begench Malikgulyyew
11.02.2020
Bilim
25
3 746

Gan almaga ukyply robot döredildi

Gözlegçiler, gandan analiz almak üçin robot döretdiler

Hassalygy anyklamak üçin iň köp, giňden ulanylýan gan analizi üçin täze bir robot döredildi. Döredilen robot, gan almak meselesinde ýokary netije görkezdi.

Robotlar kosmos işleri, öý arassaçylygy, myhmanhanalar we gorag işleri üçin aýratyn ýer alýar. Hat-da korono wirusynyň bejergisinde hem işleýän robot bar. Döredilen täze robot bolsa, gan almakda ýokary derejeli netije görkezýär.

Rutgers uniwersitetinden gözlegçiler, gan analizini ýerine ýetirmek üçin gan almakda robot döretdiler.Döredilen robot, ilkinji barlagda ýokary derejeli görkezijini öňe çykardy. Ultrases şekili bilen damaryň ýerini anyklaýan robot, iňňe bilen damar ýoluny açýar we gan alýar. Robot diňe gan almak bilen çäklenmän, bu özünde gan analizatoryny hem saklaýar. Şeýlelikde, ganyň analizini hem robotyň kömegi bilen geçirip bolar.

Gan alyp bilýän robotyň ilkinji kliniki barlagynyň netijeleri Technology žurnalynda beýan edilen bir makalada görkezildi. Robot 31 adamdan gan alýar we 87% üstünlik görkezýär. Damary kynlyk bilen tapylýan hassalarda robotyň üstünligi 97% ýetdi.

Mundan öňki edilen işlerde, saglyk pudagynda işleýänleriň görkezijileri: damary kyn tapylýan hassalarda 73%, el bilen damary kyn tapylýan hassalarda 60% we damary iki usul bilen hem tapmasy kyn bolan hassalarda 40% barabar. Robotyň başarjaňlyk görkezijisi bu bahalardan has ýokary. (Ýagny, robot damar tapma meselede adamlardan ökde görünýär). 

Rutgers uniwersiteti Brunswick inženerçilik mekdebinde işleýän doktor öwrenijisi we makalanyň baş ýazyjysy Josh Leipheimer “ Biziňki ýaly enjam, saglyk pudagynda işleýänleriň gany tiz we ynamdar görnüşde almagyny gazandyrmak bilen bir hatarda, kynçylyklary we agyrylary hem aňsatlaşdyrýar” diýdi.

Gan almak üçin döredilen robot häzirki wagt hem testlerden geçmäge dowam edýär. Gözlegçiler robotyň gan almakdan daşynda, dializ we kateterizasiýa ýaly işlerde hem ulanyp biljekdiklerini belläp geçýärler.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/arastirmacilar-kan-ornegi-almak-icin-robot-gelistirdiler-h85440.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.


Myhman Myhman
27 Awgust 2022
Telefon

Haywan
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
Myhman Myhman,dos ozun dasar yurtdan getiraymesen gelmez
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2020
Gowdygyny Turkmenistana hacan gelyar!!!
Myhman Myhman
17 Fewral 2020
Türkmenistana geler yene 1-2 yyldan
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
barlagdan gecirip ondan isletyarler.

minus taraplary bar bolsa.Aydarlar..
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
Meniň pikirimçe munuň minus taraplary hem bar. 1-njiden işji güýji azalýar 2njiden robortyň üsti bilen dürli keselleriň (wiruslaryň) geçmegi hem mümkin.
.........
12 Fewral 2020
Hotspot we upx diyip prog bar solar isleyar
Myhman Bagul
12 Fewral 2020
Sag bol telefon gowy yone intra dine you tube giryar.
Myhman Myhman
12 Fewral 2020
Bize ol robat hiç haçan gelmez
Fatima
12 Fewral 2020
Gowy dowur osya ????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.