Begench Malikgulyyew
14.02.2020 21:00

14-nji fewral dünýä gülçiler we gyzylçylar güni gutly bolsun!
20
5 434
Begench Malikgulyyew
14.02.2020 20:29

Sesiňi däl, sözüňi beýgelt,
Gülleri gök gümürdisi däl, ýagyş ösdürýär.
29
1 543
Begench Malikgulyyew
14.02.2020 20:27
Kähalatda durmuş adamzada, "käşgä dogmazymdan öň ýaşamagymyň senarýasyny okasadym" diýdirýär.
19
1 779
Begench Malikgulyyew
14.02.2020 20:25
85 kg 537 gram, 5 sentner 98 kg 759 gramda näçe gezek bar?
5
1 585
Begench Malikgulyyew
14.02.2020 20:01

Söýgüliler güniňiz bilen mähriban Öwrenmeli portalynyň agzalary!

Söýgüliler güniňiz bilen!

Hormatly, Öwrenmeli portalynyň agzalary siziň ähliňizi ýetip gelen 14-nji fewral Bütindünýä söýgüliler güni bilen gutlaýarys. Ýürekleriňiz elmydama söýgüden, mähirden, şatlykdan, joşgundan we hyjuwdan doly bolsun! Elmydama janyňyzyň sag, başyňyzyň belent bolmagyny, söýgüli ýary barlara ýarlary bilen ömür boýy bagtlylyk, söýgüli ýary heniz ýoklara indiki söýgüliler gününe çenli ýürekdeş tapyp bagtly döwran sürmeklerini arzuw edýäris. 

Hormatlamak bilen Öwrenmeli App topary.

Geliň indi gysgaça söýgüliler güni barada tanyş bolalyň!

Söýgüliler güni, her ýylyň 14-nji fewralyndan birnäçe ülkede bellenip geçilýän aýratyn gündür. Köki, Rimli Katolik ruhanysynyň ynanyşyna daýanýar. Bu gün Walentin atly bir din adamyň adyna yglan edilen bir baýramçylyk güni hökmünde ýüze çykan. Bu sebäpli käbir ýerlerde “Mukaddes Walentin güni” diýlip bilinýär. Walentin ady gündogar medeniýetlerinde halanylan adam ýa-da söýgüliler manysyny berýär.

Güniň taryhynyň doly ýagdaýyny aşakdaky web adresiň üsti bilen türkmen dilinde okap bilersiňiz.

https://tk.m.wikipedia.org/wiki/Walentina_g%C3%BCni


0
21
8 600
Begench Malikgulyyew
13.02.2020 21:34
Näçe köp bilmek şonça egonyň peselmegi,
näçe köp bilmezlik şonça egonyň artmagy.
Albert Eýnşteýin
26
1 912
Begench Malikgulyyew
13.02.2020 21:29
100-i ýaryma bölüp 100-e köpeldip 100-i goşup, 199-y aýyrsaň we üstüne 1000-i goşup 3-e bölüp 33 goşsak näçe bolar? 
7
3 279
Begench Malikgulyyew
13.02.2020 17:54
Aňsat durmuş isleme, 
Kyn bolanynda daýanyp biljek güýç isle.
Bruce Lee
35
1 581
Begench Malikgulyyew
13.02.2020 17:50

Senem kiçikäň çigit çigitläniňde dänelerini agzyňda toplap birdan iýýärdiňmi? bowtie 
60
6 703
Begench Malikgulyyew
12.02.2020 22:41

Alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik tok almagy başarýan generator ýasadylar

Alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik tok almagy başarýan generator ýasadylar. Döredilen ulgam, diňe ýagyş damjalary bilen ýokary kuwwatlykly tok öndürip bilýär. Elektrik togy meselesini köki bilen çözen ulgamyň aýratynlyklary habarymyzda.

Täzeläp boljak energiýa ulanylyşy, klimat üýtgemegine garşy gerek bolan iň zerur zatlardan biri. Alymlaryň ýagyşdan elektrik toguny döretmek üçin birnäçe işleri boldy, ýöne häzirki wagta çenli önümli ýol tapylmady. 

Gankong şäher uniwersitetiniň gözlegçileri, ýagyş damjalaryndan ýokary woltly elektrik energiýa öndürmek üçin tranzistor täsirli ýasalan bir generator döretdi. Döredilen generator, ýekeje ýagyş damjasy bilen 140 V ýa-da 100 sany LED çyralary ýakmaga güýç berýän energiýa öndürmäge ukyply. Alymlar bu ýasalan generatoryň başgalara garanyňda has güýçli bolandygyny belleýärler. 

Täze taslama, bir alýuminiý elektrody, “ýary galyjy” elektrik togunyň ýüküne eýe bolan önüm bolan PTFE (teflon- politetraftoretilen)   goşundyly indiýum galaýy oksidi elektrod bilen birleşdirilýär. Ýagyş damjasy, PTFE aňsatlyk bilen urgy edende, iki elektrodyň birleşmesini emele getirip ýapyk äpet ulgamy emele getirýär. Bu ulgam saklanan ýükleri daşyna çykarýar. Tehnologiki enjam, yzygiderli ýagyşlary hem peýdalanyp bilýär. Yzygiderli ýagyş ýagmasy bilen ýükleri (önýän energiýa)  birikdirilip, esasy nokada baryp saklanýar. 

Öndürilen taslamany ulanyşa salmak üçin heniz köp iş bar. Gysga wagtda energiýa öndürmek aňsat, emma yzygiderli güýç bermesi üçin ýeterlik mukdarda ýük saklama göwrümi bolmagy gerek. Emma, gelejekde binalaryň üçeklerine, elektrik energiýasyny ulanmak üçin bu generatorlar ýerleşdirilip bilner. Hat-da has ileri gitsek, saýawanlar daşap bolýan zarýad beriji enjamlara öwrülip bilner. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/yagmur-damlalarindan-elektrik-ureten-jenerator-gelistirildi-h85527.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.

6
3 186