Begench Malikgulyyew
12.02.2020
Tehnologiýa
16
3 186

Ýagyş damjasyndan elektrik energiýa alýan generator.

Alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik tok almagy başarýan generator ýasadylar

Alymlar ýagyş damjalaryndan elektrik tok almagy başarýan generator ýasadylar. Döredilen ulgam, diňe ýagyş damjalary bilen ýokary kuwwatlykly tok öndürip bilýär. Elektrik togy meselesini köki bilen çözen ulgamyň aýratynlyklary habarymyzda.

Täzeläp boljak energiýa ulanylyşy, klimat üýtgemegine garşy gerek bolan iň zerur zatlardan biri. Alymlaryň ýagyşdan elektrik toguny döretmek üçin birnäçe işleri boldy, ýöne häzirki wagta çenli önümli ýol tapylmady. 

Gankong şäher uniwersitetiniň gözlegçileri, ýagyş damjalaryndan ýokary woltly elektrik energiýa öndürmek üçin tranzistor täsirli ýasalan bir generator döretdi. Döredilen generator, ýekeje ýagyş damjasy bilen 140 V ýa-da 100 sany LED çyralary ýakmaga güýç berýän energiýa öndürmäge ukyply. Alymlar bu ýasalan generatoryň başgalara garanyňda has güýçli bolandygyny belleýärler. 

Täze taslama, bir alýuminiý elektrody, “ýary galyjy” elektrik togunyň ýüküne eýe bolan önüm bolan PTFE (teflon- politetraftoretilen)   goşundyly indiýum galaýy oksidi elektrod bilen birleşdirilýär. Ýagyş damjasy, PTFE aňsatlyk bilen urgy edende, iki elektrodyň birleşmesini emele getirip ýapyk äpet ulgamy emele getirýär. Bu ulgam saklanan ýükleri daşyna çykarýar. Tehnologiki enjam, yzygiderli ýagyşlary hem peýdalanyp bilýär. Yzygiderli ýagyş ýagmasy bilen ýükleri (önýän energiýa)  birikdirilip, esasy nokada baryp saklanýar. 

Öndürilen taslamany ulanyşa salmak üçin heniz köp iş bar. Gysga wagtda energiýa öndürmek aňsat, emma yzygiderli güýç bermesi üçin ýeterlik mukdarda ýük saklama göwrümi bolmagy gerek. Emma, gelejekde binalaryň üçeklerine, elektrik energiýasyny ulanmak üçin bu generatorlar ýerleşdirilip bilner. Hat-da has ileri gitsek, saýawanlar daşap bolýan zarýad beriji enjamlara öwrülip bilner. 

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/yagmur-damlalarindan-elektrik-ureten-jenerator-gelistirildi-h85527.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp we göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.

Myhman Myhman
10 Iýun 2022
Bolyp biler
Myhman Myhman
25 Fewral 2020
şu generatoryñ shemasyny, her bölegiñ adyny nämeden ýasalandygyny bilip bolmazmyka
Muhammetemin
16 Fewral 2020
Тазеликлерин коп болмагыны ислардим!
Aymyrat Mammedow
14 Fewral 2020
gaty gowy
Myhman Myhman
14 Fewral 2020
Shular yaly peydaly ishler etsinlerda adamyn derisinden yupluk yasayancalar?
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
?????
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
malades
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
tuweleme malades
Myhman Myhman
13 Fewral 2020
malades allajan bizin yurdumuzada nesip etsin solor yaly osus

tuweleme allajan bizin yurdumuzada nesip etsin solor yaly osus
Realmadrid
13 Fewral 2020
Yagyşyñ suwuny awtomobilin zaryady ölen akkumulyatoryn içine guysañ elektrik beryandigini bilyan yöne yagyşyñ suwundan normal elektrik beryandigini geñ galdym ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.