Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:29

NASA kosmos giňişliginde janly ýaşaýşy gözleýän robot döretdi.

NASA “kosmos giňişlikde janly ýaşaýyş barmy” ( janly ýaşaýan:bakteriýa, ösümlik, haýwan, adam we ş.m) soragyna jogap tapmak meselesinde çaltlaşýar. NASA soňky wagt Mars planetasy we aýyň üstündäki işleri  bilen birlikde başga-da asman giňişliginde işini ýöredip başlady.

Nasa Buoyant Rover (BRUIE) ady berlen roboty bilen Ýupiter planetasynyň Europa hemrasy we Saturn planetanyň Enceladus hemrasynda gözleg işlerini dowam etmek isleýär.

Bu hemralarda iş geçirilmeginiň sebäbi, hemralaryň  daşky gabygynyň aşagynda wulkanik okeanlaryň barlygy mälim. Bu ýagdaýlary göz öňüne tutulyp, NASA  (BRUIE) robotyny döretdi. Robot drona meňzeş bolup, suwuň aşagyna girip “kosmos giňişlikde ýaşaýyş barmy” soragyna jogap tapmaga çalşar. Robot Europa we Enceladus hemralarynda sowuk howalara çydamaga ukyply aýratyn önümler bilen döredilen. Häzirki wagt Antarktida şertlerinde deňelýän robot, okeanyň aşagyna girip, ýerleşdirilen kameralarynyň üsti bilen ýazgy eder we alan ýazgylaryny Ýer planetasynda hereket edýän emeli hemralara (sputnik) ugradar.

Janly ýaşaýşy saýgaryp bilýän robot birnäçe sensor datçikleri bilen doldurylan.  NASA (BRUIE) robotyny  2025 ýyla çenli doly derejede kämilleşdirip taýýarlamagy we bu hemralara ugratmagy maksat edinýär.

Siz nähili pikir etýäňiz, NASA “kosmos giňişlikde ýaşaýyş barmy” soragyna bu hemralarda jogap tapyp bilermi? Teswirlerde öz pikiriňizi ýazyň!

10
1 862
Begench Malikgulyyew
03.12.2019 23:22
Ibrahimowiç:
-Ronaldo şowly adam. Her gezek öňden bilet tapyp, Messiniň baýrak alşyny synlaýar.
63
7 966
Begench Malikgulyyew
03.12.2019 23:08

Mallaryň halamaýan elementi:
AZ-OT  smile 
31
3 663
Begench Malikgulyyew
03.12.2019 22:46
80 ýaşly är-aýal parkyň ýanyndan  geçip barýarlar.
-Kempir ýaş wagtymyz şu ýerde eden duşuşyklarymyz ýadyňa düşýärmi?
-Howala, elbetde.
-Ertir şu ýere edil ýaşlygymyzdaky ýaly duşuşyk gurnaly.
-Bolýar.
Ertesi gün ata gowy geýnip ýaş wagtyny ýatlap parka gelýär, ene gelmeýär. Näçe wagt garaşýar gelmeýär. Keýpsiz öýüne gelse aýaly aglap otur.
-Kempir näme barmadyň, näme aglaýan?
-Näme bolsun ezizim ejem ugratmady.  joy  joy joy
48
5 567
Begench Malikgulyyew
03.12.2019 21:56
Gaty görmek, darykmak üçin bahana gözläninden, 
Söýmek we söýülmek üçin çäre gözläň.
Jelaleddin Rumy.
22
1 582
Begench Malikgulyyew
02.12.2019 22:26

18
1 680
Begench Malikgulyyew
02.12.2019 21:58

Lukmanlar öli ýüregi janlandyryp başga bir adama goýdular.

Duke Uniwersitediniň lukmanlary “ýürek ölüminden soňra donarlyk” (Donation after Circulatory DeathDCD) atly organ çalyşmagy durmuşa geçirdiler. Çalyşma operasiýasiýasy  üçin ýürek 8 sagat saklanyldy. Operasiýa, ABŞ üçin ilkinji gezek boldy.

ABŞ-da ýerleşýän Duke uniwersitediniň ýürek-damar keselleriniň hirurglary bolan lukmanlar, ABŞ-da ölen adamyň ýüregini başga bir adama ýerleşdirip bolýan operasiýany amala aşyrdylar.

Uniwersitetiň lukmanlarynyň amala aşyran operasiýasynda, ölen hassadan ýüregini alyp, ony işledip, ýürege mätäç hassa oturdylýar.

Bu geçirilen operasiýada donordan alnan ýürek, 8 sagat goraldy we urmagy dowam etdirdi. Ýürek çalyşma işinde direktor Dr.Jacob Niall Schroder, 8 sagat boýunça saklanan ýüregiň wideosyndan bir bölegini Twitter-de paýlaşdy.

Duke uniwersitetinde geçirilen bu görnüşli ýürek çalyşmasy, ABŞ-daky ilkinji gezek şeýle ýagdaýda ýürek çalşylmagyna getirdi. Emma, bu hili usullar Angliýada 2009 ýyldan bäri bar we ulanylýar. Angliýa DCD donarlygy, ölen organlardan edilýän donarlygyň 39 %-ni  tutýar.


58
8 486
Begench Malikgulyyew
02.12.2019 19:25

Ereýän gar ýaly bolmagy başarmaly ynsan, ýagny özüni özi bilen ýuwmaly.
15
1 596
Begench Malikgulyyew
02.12.2019 19:15
Näme sebäpden käwagt ýekeje söz üçin hem özümizi agyr duýýarys ?,
Çünki, sözüň eýesi gaty gymmatlydyr şondan.
18
1 241
Begench Malikgulyyew
02.12.2019 19:09
Durmuşda dogryny aýtmak ýaly kyn,
Boş gürlemek ýaly aňsat zat ýok.
Dostaýewski.
35
2 175