Begench Malikgulyyew
04.12.2019
20
1 862

NASA täze robot döretdi.

NASA kosmos giňişliginde janly ýaşaýşy gözleýän robot döretdi.

NASA “kosmos giňişlikde janly ýaşaýyş barmy” ( janly ýaşaýan:bakteriýa, ösümlik, haýwan, adam we ş.m) soragyna jogap tapmak meselesinde çaltlaşýar. NASA soňky wagt Mars planetasy we aýyň üstündäki işleri  bilen birlikde başga-da asman giňişliginde işini ýöredip başlady.

Nasa Buoyant Rover (BRUIE) ady berlen roboty bilen Ýupiter planetasynyň Europa hemrasy we Saturn planetanyň Enceladus hemrasynda gözleg işlerini dowam etmek isleýär.

Bu hemralarda iş geçirilmeginiň sebäbi, hemralaryň  daşky gabygynyň aşagynda wulkanik okeanlaryň barlygy mälim. Bu ýagdaýlary göz öňüne tutulyp, NASA  (BRUIE) robotyny döretdi. Robot drona meňzeş bolup, suwuň aşagyna girip “kosmos giňişlikde ýaşaýyş barmy” soragyna jogap tapmaga çalşar. Robot Europa we Enceladus hemralarynda sowuk howalara çydamaga ukyply aýratyn önümler bilen döredilen. Häzirki wagt Antarktida şertlerinde deňelýän robot, okeanyň aşagyna girip, ýerleşdirilen kameralarynyň üsti bilen ýazgy eder we alan ýazgylaryny Ýer planetasynda hereket edýän emeli hemralara (sputnik) ugradar.

Janly ýaşaýşy saýgaryp bilýän robot birnäçe sensor datçikleri bilen doldurylan.  NASA (BRUIE) robotyny  2025 ýyla çenli doly derejede kämilleşdirip taýýarlamagy we bu hemralara ugratmagy maksat edinýär.

Siz nähili pikir etýäňiz, NASA “kosmos giňişlikde ýaşaýyş barmy” soragyna bu hemralarda jogap tapyp bilermi? Teswirlerde öz pikiriňizi ýazyň!

Myhman Myhman
8 Iýun 2022
Yaşaýyş tapmaz ýone himiki elementleñ üstinde işlärler
Myhman Myhman
8 Yanwar 2022
Olar bizi on yuz mun yyl ozal tapdylar indi bizinki gezek yasayys gaty kan yone wagyt gerek buzatlara
Myhman Myhman
6 Mart 2021
Yasayys bar yone imindi sol robert tapmaz olar bizi tapar hacanam bolsa bir zaman
Myhman Myhman
7 Dekabr 2019
ýaşaýşyň bolmagy mümkin
Myhman Myhman
7 Dekabr 2019
والّاحُ عالَم
Myhman
6 Dekabr 2019
Hawwa bar
M.B.N
6 Dekabr 2019
Kosmos giñişliginde ýaşaýş bar bolsa onam şul robot tapany bilenem olar ün bu roboty ýok etmek kyn düşmez sebäbi olañ kellesi biziñkiden has güýçlimikä diýýän
Myhman
6 Dekabr 2019
TSOLTANOV mlds?
Myhman
5 Dekabr 2019
Robat yasamak oncakly kyn dal
Myhman
5 Dekabr 2019
Gowy zat ekeni satyk yokmyka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.