Begench Malikgulyyew
26.02.2020 20:42

Eşege ýüz beripdirler, özüni aýlawda ylgaýan at hasaplapdyr.
42
1 926
Begench Malikgulyyew
26.02.2020 20:26

Söýgi uruş ýalydyr, başlamasy aňsat, gutarmasy kyn, unutmasy mümkin däl.
57
1 765
Begench Malikgulyyew
26.02.2020 20:11

C. Ronaldonyň ogly instagram hasap açdy. 1 günde 1 million agza ýetdi

Ýuwentusyň Portugaliýaly superýyldyzy C. Ronaldonyň ogly Cristiano Ronaldo Jr., Instagram dünýäsine ilkinji ädimini ätdi. Kakasynyň yzyndan gidýän kiçi Ronaldo, 24 sagat içinde 1 million agza toplady.

Ähli wagtyň başarjaň futbolçylaryndan biri bolan we karýerinde utmadyk kubogy bolmaýan C. Ronaldonyň 9 ýaşyndaky ogly Cristiano Ronaldo Jr, Minicristianoronaldo2010  ulanyjy ady bilen Instagram hasabyny açdy.

Sosial media çalt giren Ronaldo Jr diňe bir günde 1 million agza ýetdi. Birnäçe atly ýyldyzlar bir million agza ýetmek üçin aýlar boýy zat paýlaşmaga mejbur galsa-da, iň güýçli futbolçylardan biriniň ogly üçin bu iş örän aňsat boldy. 

Ilkinji bolup, täze Instagram hasabyny 4 görnüşli dilde tanadan bir wideo paýlaşan Ronaldo Jr, 3,5 millondan gowrak görülme aldy. Soňra kakasy we doganlary bilen bolan suratyny paýlaşan 9 ýaşyndaky Cristiano Ronaldo Jr, soňky gezek Milano Moda hepdesinde kakasynyň söýgülisi  Georgina Rodriguez bilen bilelikde düşün bir suratyny agzalaryna paýlaşdyr.

Kakasynyň formasyny geýýän Italýan topar Ýuwentusuň ýaş toparynda oýnaýan Ronaldo Jr.. häzirki wagtda bäş adamyň agzasy. Bu pursatda, 35 ýaşly Ronaldonyň 205 million agza bilen Instagramda iň köp agzaly ýyldyzdygyny aýtman geçmäli. 

Ronaldo Jr, diňe sosial media-da däl, futbolda hem kakasynyň aýak yzlaryny yzarlaýar. 9 ýaşyndaky kiçi Ronaldo, Ýuwentusyň kiçi topary bilen çykan 28 oýnunda 58 gol salyp, 18 asist etmegi başardy. Dodak uçuklatýan netijä adyny ýazdyran Ronaldo Jr., bäş gezek Ballon dOr gazanan kakasy Ronaldo bilen äden ädimleriniň miwelerini alandygyna meňzeýär.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/cristiano-ronaldo-jr-instagram-hesabi-h86633.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!


16
8 354
Begench Malikgulyyew
26.02.2020 19:50
Konwerwatoriýada okaýan talyplaryň döwlet synagy ýetip gelýär. Synaga her kim bir saz düzmeli bolupdyr. Synagyň golaýlaşýan döwründe bir talyp öýünde gamgyn otur diýa. Öýe dosty gelip:
- Dost, näme bolýar. Näme üçin beýdip otursuň?
- Ai, GOS ýetik gelýä oňada saz düzmeli. Menmi inni saz düzjek. Nätsemkäm diýip oturn.
- Muň alada etýän zadyny, ol aňsada. Sazy ogurlaýmaly, mugallymlaň biriniň düzen sazyny terslikgäň çalsaň şo bolorda.
- Ai onam edip gördüm welin, mugallym bu çalan sazyň Beethoveniňki, bu sazyň Mosardyňky ogurlama diýip ýalňyş tapdy... joy
44
9 423
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 19:24

Belki-de durmuşyň agyrlygyndandyr, doganymyzda aglamagymyz...
35
3 398
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 19:18

Avonuň 10 ýaş ýaşartýan kremini ulanan 9 ýaşly gyz ýitip gitdi.  joy 
57
6 587
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 19:15
Ýara daşyndan ýapylar, emma agyry hemişe içdedir.
39
898
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 19:08

Bes etmeýän HTC-den täze telefon bildirişi

Bir wagtlar Android diýlende ilki bilen akyla akylly telefon öndürijisi bolan we bazarda orun tutan HTC-niň uly ýitgiler ýaşandygy hemmä mälim boldy. Häzirki gün ady hem tutulmaýan marka öwrülen HTC 5G telefon bildirişi bilen ünsi özüne çekdi.

Ösüşler we wirtual hakykatly tehnologiýalar bilen birlikde 5G-e üns beren şereket ýaşan ýitgilerine garamazdan telefon öndürmekden ýüz öwürmeýär. HTC CEO-sy Yves Maitre geçen günlerde beren reportažynda 5G gollagyna eýe bolan ilkinji akylly telefonlary häzirki wagtky 2020-nji ýylda satuwa çykarjakdyklaryny aýtdy.

HTC 5G telefon bu ýyl tanadylar!

Hem MediaTek hem-de Qualcomm-yň 5G gollagyny hödürlän orta derejede prosessorlary bolandygy üçin HTC-niň bu telefonynyň esasy bolup-bolmajakdygy belli däl.

Maitre muny wirtual hakykatlyk hem eýe bolmak bilen 5G ýakyn programmalar üçin uly ädimiň bölegi diýip belleýär. 5G tehnologiýasy has pes gijikme wagtlaryndan, has uly aragatnaşyk tizligine çenli birnäçe täzelikleri hödürleýär. Bu täzelikler has gowy wirtual hakykaty deňemek üçin zerur. 

HTC-niň  gelejekde üstünlikli günlerine täzeden gaýdyp geljegi bilinmeýär, emma, şeýle seredilende firmanyň otla ýetişmedigini we öňki günlerine gaýdyp gelmejegini görkezýär. 2018 ýylyndaky HTC U12 Plus-dan bu wagta çenli 1 önüm tanadyldy. Taýwanly telefon öndüriji indi Blockchain esasly Exodus 1 ýaly modeller bilen tanalýar.

Alnan çeşme: https://shiftdelete.net/htc-5g-telefon-aciklamasi-yapti

Habar barada pikirleriňizi tewirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!

12
7 369
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 19:02
Bir gün parkda kiçijek çaga oturguçda oturup süýjisini iýmäge başlaýar, bir ýaşuly çagaň ýanyna gelip oturup:
- Seret köşegim beýle köp süýji iýseň ähli dişleriň döküler.
Çaga:
- Seret daýy meniň atam 100 ýaşa çenli bardy.
- Bahh, ataňam köp süýji iýýärdimi?
- Ýok daýy, atam hemme zada burnuny sokmaýady... joy
49
9 423
Begench Malikgulyyew
25.02.2020 18:56
Bir sarwanyň 17sany düýesi bolupdyr. Ol öleninde 3 ogluna düýelerini miras galdyrýar we uly oglunyň ýaryny, kiçi oglunyň 3-den birini, körpe oglunyň dokuzdan birini almagyny tabşyrýar. Oglanlar her zat edýär ýöne düýäni kakalarynyň aýdyşy ýaly çözüp bilmeýär. Dawalaşyp durkalar ýoldan geçip barýan bir düýeli adam bulara düýeleri paýlap berip, ýoluna rowana bolýar. Geçip barýan  düýeleri nähili edip deň paýlapdyr?
13
4 027