Begench Malikgulyyew
26.02.2020
Internet
36
8 354

C. Ronaldo Jr - Instagramda

C. Ronaldonyň ogly instagram hasap açdy. 1 günde 1 million agza ýetdi

Ýuwentusyň Portugaliýaly superýyldyzy C. Ronaldonyň ogly Cristiano Ronaldo Jr., Instagram dünýäsine ilkinji ädimini ätdi. Kakasynyň yzyndan gidýän kiçi Ronaldo, 24 sagat içinde 1 million agza toplady.

Ähli wagtyň başarjaň futbolçylaryndan biri bolan we karýerinde utmadyk kubogy bolmaýan C. Ronaldonyň 9 ýaşyndaky ogly Cristiano Ronaldo Jr, Minicristianoronaldo2010  ulanyjy ady bilen Instagram hasabyny açdy.

Sosial media çalt giren Ronaldo Jr diňe bir günde 1 million agza ýetdi. Birnäçe atly ýyldyzlar bir million agza ýetmek üçin aýlar boýy zat paýlaşmaga mejbur galsa-da, iň güýçli futbolçylardan biriniň ogly üçin bu iş örän aňsat boldy. 

Ilkinji bolup, täze Instagram hasabyny 4 görnüşli dilde tanadan bir wideo paýlaşan Ronaldo Jr, 3,5 millondan gowrak görülme aldy. Soňra kakasy we doganlary bilen bolan suratyny paýlaşan 9 ýaşyndaky Cristiano Ronaldo Jr, soňky gezek Milano Moda hepdesinde kakasynyň söýgülisi  Georgina Rodriguez bilen bilelikde düşün bir suratyny agzalaryna paýlaşdyr.

Kakasynyň formasyny geýýän Italýan topar Ýuwentusuň ýaş toparynda oýnaýan Ronaldo Jr.. häzirki wagtda bäş adamyň agzasy. Bu pursatda, 35 ýaşly Ronaldonyň 205 million agza bilen Instagramda iň köp agzaly ýyldyzdygyny aýtman geçmäli. 

Ronaldo Jr, diňe sosial media-da däl, futbolda hem kakasynyň aýak yzlaryny yzarlaýar. 9 ýaşyndaky kiçi Ronaldo, Ýuwentusyň kiçi topary bilen çykan 28 oýnunda 58 gol salyp, 18 asist etmegi başardy. Dodak uçuklatýan netijä adyny ýazdyran Ronaldo Jr., bäş gezek Ballon dOr gazanan kakasy Ronaldo bilen äden ädimleriniň miwelerini alandygyna meňzeýär.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/cristiano-ronaldo-jr-instagram-hesabi-h86633.html

Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz!


abdy_dayy
29 Iýul 2022
Gyzykly maglumat
safia
17 Mart 2021
Myhman Myhman,bol ,gürle onda
Myhman Myhman
17 Mart 2021
Barynam sesini kes men gurlejek wagtym
Myhman Myhman
14 Mart 2021
Myhman myhman senkim
Myhman Myhman
18 Dekabr 2020
CR7 ?❤
guli_
13 Sentýabr 2020
Myhman Myhman,Beh tuweleme fanaty oytyan Ronalda bn messin
Myhman Myhman
13 Sentýabr 2020
Ronaldo 1985 yyl Messi 1987 yyl ikisinin arasy 869 gun....Ronaldon ogly 2010 yyl Messin ogly 2012 yyl olarynam arasy 869 gun
Myhman Myhman
28 May 2020
gowy
Myhman Myhman
19 Aprel 2020
Goyow ronaldo diyme mohammed sallah diy..?
Myhman Myhman
18 Aprel 2020
Youtubda belli br prosmotra pul berilya meselem prosmotr (1mln yetse)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.