Begench Malikgulyyew
07.12.2019 20:46
Psihologlaryň aýtmagyna görä:
Adamlar haty kompýuterde, kitap okanyndan 25% haýal okaýar.
Şimpanzeler hem adamlar ýaly öleniň yzyndan ýas tutýar.
Gülmek stres garmonlaryny azaldyp, immuniteti güýçlendirýär.
Ýetginjekler günde 15-100 gezek gülýär.
Käwagt az mukdarda şerap içýän adamlar, hiç içmeýän adamlara görä durmuşda bagtly ýaşaýar.
43
6 583
Begench Malikgulyyew
07.12.2019 20:32
"Hippopotomonstrosesquipedaliophobia"
uzyn haty okamaga gorkmagyň ylmy ady, gaýta bu gorkuny 2 esse edýär. joy

32
4 764
Begench Malikgulyyew
07.12.2019 19:43
-Aýda 100000$ gazanmak isleýärmiň?
-Hawa.
-Onda aýa gidip işle. laughing


38
7 714
Begench Malikgulyyew
07.12.2019 19:25

16 inç MacBook Pro-ny ulanyjylardan şikaýat edýänler  köpelýär.

Geçen aý Apple tarapyndan tanadylan şonuň bilen birlikde biziň hem öwrenmeli portalynda habarlarda paýlaşan 16 inç bolan Apple MacBook Pro-dan gün-günden arz edýänler köpelýär. Çykarylan wagtynda öz görkezijileri bilen birnäçe ulanyjyny özüne çekmegi başaran Apple, öňki MacBook-larynda arz edilen klawiatura bilen hoşlaşdy we täze klawiatura ulgamyny döredip, ulanyjy arzlaryndan daşlaşdy. Emma, häzirki wagt Apple-iň resmi internet sahypasynda ýazylan teswirlere görä täze MacBook-dan ses beriji (kalonka) meselesinde kompaniýa arz edýänler köpelýär. MacBook eýeleri kompýuterleri ulanýan wagtynda partlama sesiniň eşidilýändigini aýdýarlar. Uly sesli aýdym ýa-da wideo diňläninde we ekrany açyp-ýapanyňda ses berijiden partlama eşidilip ulanyjyny gorkuzýar.

Apple kömekçi topary (Apple support), kompýuter bilen bagly käbir soraglary çözmäge we gysga wagtda ulanyjylaryň arzlarynyň üstünde  işläp çözjekdiklerini aýdýarlar.

Kompýuter bilen bagly arzlaryň ýene biri hem arwah ekran. Ekranda käbir işler edilen wagtynda, ekranda yzygiderli kölegelenme, ýagny ekranyň garalyp durmasy bolup geçýär. Bu ýagdaý hem ulanyjylary rahatsyz edýär. Resmi sahypada ýazylan teswirlere görä bu iki ýagdaýdan ýadan ulanyjylar öňki MacBook-larynda täzeden işlemekligi dowam etdirip başladylar. 

Apple bu arzlaryň üstünde işläp, dörän meseleleri çözmese, kompaniýa  gysga wagtda ulanyjylaryny ýitirer.


4
1 397
Begench Malikgulyyew
05.12.2019 00:02
Hiç zat bilen gyzyklanmaýan adam, suwsan gury ýapraga meňzeýär.
Timur.
28
2 010
Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:58
Haçanda bir iş etmek isleseňiz, ol işiň aňsat boljakdygyny pikir ediň. Şeýle ýagdaýda hakykatdan hem aňsat bolar.
Emile Coue
40
3 399
Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:52

Gidýän ýoluňa ynanýan bolsaň, ädýän ädimleriňden gorkma.


32
2 271
Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:48
Köpümiziň dogabitdi keselimiz bar.
"Her görenimizi adam hasaplaýarys".
24
1 012
Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:44
3G gowy tehnologiýa diýýärler, aslynda hakyky gowy tehnologiýa 3Ý... ýatalga, ýasdyk, ýorgan  joy 
31
4 913
Begench Malikgulyyew
04.12.2019 23:38

-Doglanymdan soň gaty semredim, dogan wagtym 3 kg. Häzir bolsa 63. smile 
33
3 853