Begench Malikgulyyew
07.12.2019
12
1 397

Apple MacBook Pro-dan arz eşidýär.

16 inç MacBook Pro-ny ulanyjylardan şikaýat edýänler  köpelýär.

Geçen aý Apple tarapyndan tanadylan şonuň bilen birlikde biziň hem öwrenmeli portalynda habarlarda paýlaşan 16 inç bolan Apple MacBook Pro-dan gün-günden arz edýänler köpelýär. Çykarylan wagtynda öz görkezijileri bilen birnäçe ulanyjyny özüne çekmegi başaran Apple, öňki MacBook-larynda arz edilen klawiatura bilen hoşlaşdy we täze klawiatura ulgamyny döredip, ulanyjy arzlaryndan daşlaşdy. Emma, häzirki wagt Apple-iň resmi internet sahypasynda ýazylan teswirlere görä täze MacBook-dan ses beriji (kalonka) meselesinde kompaniýa arz edýänler köpelýär. MacBook eýeleri kompýuterleri ulanýan wagtynda partlama sesiniň eşidilýändigini aýdýarlar. Uly sesli aýdym ýa-da wideo diňläninde we ekrany açyp-ýapanyňda ses berijiden partlama eşidilip ulanyjyny gorkuzýar.

Apple kömekçi topary (Apple support), kompýuter bilen bagly käbir soraglary çözmäge we gysga wagtda ulanyjylaryň arzlarynyň üstünde  işläp çözjekdiklerini aýdýarlar.

Kompýuter bilen bagly arzlaryň ýene biri hem arwah ekran. Ekranda käbir işler edilen wagtynda, ekranda yzygiderli kölegelenme, ýagny ekranyň garalyp durmasy bolup geçýär. Bu ýagdaý hem ulanyjylary rahatsyz edýär. Resmi sahypada ýazylan teswirlere görä bu iki ýagdaýdan ýadan ulanyjylar öňki MacBook-larynda täzeden işlemekligi dowam etdirip başladylar. 

Apple bu arzlaryň üstünde işläp, dörän meseleleri çözmese, kompaniýa  gysga wagtda ulanyjylaryny ýitirer.


Tokmak
3 Dekabr 2020
Myhman Myhman, apple kompabiyasy seni gaty gowy gorya
Myhman Myhman
11 Iýun 2020
namani alyp namani almaly daldigina bildik sagja bol
Myhman Myhman
23 Dekabr 2019
Apple-ni menem halap baramok. Onuňam gowy ýeri bar ýöne meň üçin gowusy SAMSUNG
Myhman Myhman
16 Dekabr 2019
bos
Myhman Myhman
8 Dekabr 2019
Это отличный новости. Большой спасибо
Scaryyew
8 Dekabr 2019
Senin warak telefonyndana mun esse gowy kompuyter
Myhman Myhman
7 Dekabr 2019
Applen telefonynynam yigrenyan kompyutera wapse
ShaA
7 Dekabr 2019
Şeyle maglumatlar gyzykly
Myhman Myhman
7 Dekabr 2019
Telefon zordan edindim geregem dal???
Sanjar
7 Dekabr 2019
Hmmmmm
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.