Begench Malikgulyyew
11.12.2019 20:59
Dükana bir müşderi gelip, 5 manatlyk galam aldy. Alan galamyny alyp Myrat kassiriň ýanyna baryp oňa 100 manat uzatdy. Kassir Myrat özünde 100 manada bölek ýoklugy sebäpli puly alyp beýleki kassada işleýän Döwlete bölüp bermegini sorap puly oňa geçirdi. Döwlet Myradyň uzadan 100 manadyny bölüp berdi. Myrat Döwletden alan böleklenen 100 manadyň 5 manadyny kassada goýup, 95 manady müşderä uzatdy. Az wagtdan Döwlet puluň ýasamadygyny bilýär we Myratdan 100 manady yzyna soraýar. Myrat kassasyndan 100 manat alyp Döwlete yzyna berýär. Sorag: Myrat näçe möçberde zyýana galdy.
5
1 682
Begench Malikgulyyew
11.12.2019 20:27

Samsung Galaxy S11 modeliniň tanadylma wagty belli boldy.

Samsung kompaniýanyň täze önümi Galaxy S11 akylly telefonynyň tanadylma wagty barada internetde mundan öň birnäçe maglumatlar habar edilipdi.

Intek daşky formasy doly belli bolmadyk S11 ulanyjylar tarapyndan şeýle taslanýar:

Mobil enjamlar barada aýdyp geçmeleri bilen meşhur bolan Universe saýasynda ahyry telefonyň hakyky tanadylma taryhy belli boldy. 2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda San Francisko-da gurnaljak Unpacked 2020-de Galaxy S11 we täze bir Samsung telefony tanadylar.

Bu ýyla özüne köp ulanyjylary çekmegi başaran S10 modeli we Galaxy Fold 2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda tanadylypdy.

Täze Galaxy S11 model S10-a görä has uly ýatly, batareýaly we kamerasy bilen tapawutlanýar. S11 108 Megapiksel bolan esasy kamera we 5x periskop kamera eýe bolar.

S11-e Note 10 modelinden hem käbir aýratynlyklar geçirildi. Telefonyň QHD ekrany, 120 Hz  işleýiş tizligi,12GB-a çenli LPDDR5 RAM-y we 512 GB UFS 3.0 ýady bolmagyna garaşylýar. Telefon Snapdragon 865 we Exynos 9830 prosessorlary bilen satuwa çykarylar. Mundan başga aýratynlyklary, telefonyň takyk daşky görnüşi we bahasy barada telefonyň tanadylan güni tanşyp bolar.


28
5 127
Begench Malikgulyyew
10.12.2019 23:28
Bu jaňlardan haýsysy gapyny açmaga kömek eder?
4
1 422
Begench Malikgulyyew
09.12.2019 21:29
Käwagt adamlarda, esasan-da çagalarda burunda dem almaga päsgel berýän et ösýär. 
Sorag: şol burunda ösýän artykmaç ete näme diýilýär?
6
1 700
Begench Malikgulyyew
08.12.2019 22:49
Hiç wagt uly gürleme. Durmuş seni şeýle bir ýere elter: özüňi söýenleriň bilen urşup, duşmanlaryň bilen salamlaşyp duran wagtyň taparsyň.
46
2 866
Begench Malikgulyyew
08.12.2019 22:34
Hiç wagt geçmiş bilen ýaşama, ýöne hemişe geçmişden sapak al.
Jelaleddin Rumy
25
1 477
Begench Malikgulyyew
08.12.2019 21:57
Gadym wagtlarda ata-balarymyzda obalara suwuň akyş ýerini kesgitläp ýap gazmak üçin häzirki zamandaky ýaly ýeriň beýikligini-pesligini  görkeziji we ş.m. tehnikalar bolmandyr. Beýle ýagdaýda nädip ýer üstüni kesgitläpdirler we  oba nähili ýagdaýda ýap çekilipdir? Nähili pikir edýäňiz?
9
1 304
Begench Malikgulyyew
08.12.2019 20:32

Dünýäde ilkinji gezek doňuz-maýmyn gibridi döredildi.

Hytaýda ylmy täzelikleri gözleýji alymlaryň bir topary “doňuz-maýmyn gibridi” bolan jandary (himera) döretmegi başardylar. Bu himera doglanyndan soňra 1 hepde ýaşap öldi. Bu dogan jandar doňza meňzeş bolsada, onuň beden öýjükleriniň az bölegi sinomolgus maýmynlarynyňka meňzeş.

Bu işi amala aşyran laborant Tang Hai: “bu doňuz-maýmyn himeralary häzirki wagta çenli ilkinji gezek uzak ýaşan doňuz-maýmyn himerasy” diýip, aýdýar.

Gözlegleriň, bu işi geçirmegiň esasy maksady geljekde şeýle gibrid himera döredip olarda adam organlaryny ýasap, haýwanlarda adamlar üçin donor organlaryny öndürmek. Emma, bu derejä ýetmek üçin topar alymlary  entek köp wagt gerekdigini aýdyp geçýärler. Laborant Hai we egindeşleri genetiki taýdan üýtgedilen sinolmolgus maýmynynyň öýjüklerini floresan belogyny GFP öndürip biljek şekilde ýasady. Munuň saýasynda gözlegçiler işlerini aňsat öwrenip bildi. Ene doňzyň ýumurtga öýjükleri ösüp ýetişip  taýýar bolanyndan soň olar maýmyn öýjükleri bilen tohumlandyryldy we tohumlanmadan 5 gün soňra ene doňza 4000-den gowrak embrýon, (düwünçek) tohumlanan öýjükler ýerleşdirildi.

Netijede edilen işlerden soňra 10 sany çaga doňuz dünýä inip, olaryň ikisi gerek bolan himera bolup doguldy. Himera doňuzlarynda ýürek, bagyr, dalak, öýken, deri we beýleki dokumalarynda 1/1.000-den 1/10.000 çenli maýmyn öýjükleri bar.

Heniz ölen himeralaryň näme sebäpden ölendigi belli däl. Topar häzirki wagt bu gibridiň üstünde köp işleri alyp barýarlar. Topar ýokary derejeli maýmyn görnüşleriniň öýjüklerini doňuzlara ornaşdyrmagy maksat edinýärler. Eger işleri şowly bolsa, primatlaryň organlaryny doňuzlarda öndürip bilerler.

Häzirki wagt doňuzlara adam öýjüklerini hem ornaşdyrmaga synanyşýan alymlar köpelýär. Eger bu edilýän işler amala aşan ýagdaýynda adamyň gerekli bolan, ýetmezçilik edýän organlaryny haýwanlarda ýasap, organ donorlygyny aňsatlaşdyryp bilerler.

Siziň pikirleriňiz nähili? Alymlaryň bu işi gowymy ýa-da ýok? Teswirlerde ýazyň.


16
4 834
Begench Malikgulyyew
07.12.2019 21:47
Şu 9 sany adamlardan  haýsylary gije ýörişe çykypdyr?



22
1 633
Begench Malikgulyyew
07.12.2019 21:39
Hormatly öwrenmeli portalynyň agzalary. 

Öwrenmeli portalynda  şu günden biz lentamyzda LOGIKI SORAGLAR bölümini size tanadýarys. Bu ýerde dürli görnüşli gyzykly soraglar bilen tanşyp, teswirlerde özüňiziň jogaplaryňyzy ýazyp bilersiňiz. Jogaplar bilinmedik ýagdaýynda 24 sagat soň admin tarapyndan goýulýar. 
ÖWRENMELI bilen galyň, soraglaryň jogaplaryny ÖWRENIŇ!

Siz nähili görýäňiz? Teswirlerde ýazyň.
60
8 564