Begench Malikgulyyew
08.12.2019
75
4 834

Doňuz-maýmyn gibridi döredildi.

Dünýäde ilkinji gezek doňuz-maýmyn gibridi döredildi.

Hytaýda ylmy täzelikleri gözleýji alymlaryň bir topary “doňuz-maýmyn gibridi” bolan jandary (himera) döretmegi başardylar. Bu himera doglanyndan soňra 1 hepde ýaşap öldi. Bu dogan jandar doňza meňzeş bolsada, onuň beden öýjükleriniň az bölegi sinomolgus maýmynlarynyňka meňzeş.

Bu işi amala aşyran laborant Tang Hai: “bu doňuz-maýmyn himeralary häzirki wagta çenli ilkinji gezek uzak ýaşan doňuz-maýmyn himerasy” diýip, aýdýar.

Gözlegleriň, bu işi geçirmegiň esasy maksady geljekde şeýle gibrid himera döredip olarda adam organlaryny ýasap, haýwanlarda adamlar üçin donor organlaryny öndürmek. Emma, bu derejä ýetmek üçin topar alymlary  entek köp wagt gerekdigini aýdyp geçýärler. Laborant Hai we egindeşleri genetiki taýdan üýtgedilen sinolmolgus maýmynynyň öýjüklerini floresan belogyny GFP öndürip biljek şekilde ýasady. Munuň saýasynda gözlegçiler işlerini aňsat öwrenip bildi. Ene doňzyň ýumurtga öýjükleri ösüp ýetişip  taýýar bolanyndan soň olar maýmyn öýjükleri bilen tohumlandyryldy we tohumlanmadan 5 gün soňra ene doňza 4000-den gowrak embrýon, (düwünçek) tohumlanan öýjükler ýerleşdirildi.

Netijede edilen işlerden soňra 10 sany çaga doňuz dünýä inip, olaryň ikisi gerek bolan himera bolup doguldy. Himera doňuzlarynda ýürek, bagyr, dalak, öýken, deri we beýleki dokumalarynda 1/1.000-den 1/10.000 çenli maýmyn öýjükleri bar.

Heniz ölen himeralaryň näme sebäpden ölendigi belli däl. Topar häzirki wagt bu gibridiň üstünde köp işleri alyp barýarlar. Topar ýokary derejeli maýmyn görnüşleriniň öýjüklerini doňuzlara ornaşdyrmagy maksat edinýärler. Eger işleri şowly bolsa, primatlaryň organlaryny doňuzlarda öndürip bilerler.

Häzirki wagt doňuzlara adam öýjüklerini hem ornaşdyrmaga synanyşýan alymlar köpelýär. Eger bu edilýän işler amala aşan ýagdaýynda adamyň gerekli bolan, ýetmezçilik edýän organlaryny haýwanlarda ýasap, organ donorlygyny aňsatlaşdyryp bilerler.

Siziň pikirleriňiz nähili? Alymlaryň bu işi gowymy ýa-da ýok? Teswirlerde ýazyň.


Myhman Myhman
15 Iýul 2022
Hytaydanam hemme zat cykyalay.
M899
26 May 2022
maldes edip gorusdiribermeli 🙂 alymlaryn isine ustunlik
Myhman Myhman
8 Mart 2022
Myhman dostum haywanyn organy Adama yaramaya

Esgerchik oho esger menem esgerlige alsana dos

Hytaylan bary
Halanan
23 Yanwar 2022
Hytay diyilyan yere ay borda diyip goyaymasan.....
Myhman Myhman
28 Dekabr 2020
name gerek?
_Mähirlije?
24 Dekabr 2020
Beylede bolarmyy sony nama eltler onun
Turkmenistan
6 Noýabr 2020
Rovsen,mlds
Myhman Myhman
16 Yanwar 2020
bürgüt bilen ýolbarsy edip görmeli
Myhman Myhman
14 Yanwar 2020
Wagyt geçmegi bln hemme zat bolar
M.B.N
9 Yanwar 2020
Onna nm TÜRKMENISTANDA ýaşaýañ ýok bolda gitdä ýewropa onnoñam TÜRKMENLER akyllysyraýanlar bar bolsada sen ýalylardyr bilip goý??
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.