Begench Malikgulyyew
18.12.2019 21:59
Öýde kakaň bolmagy, 10 sany gulp asylan gapydan hem has goragly.
67
1 577
Begench Malikgulyyew
18.12.2019 21:47
2 sany jaýyň birinde garyp, beýlekisinde baý ýaşapdyr. Bir gün öýe ot düşýär. Tiz kömek gelip bularyň haýsysynyň jaýyny ilki öçürýär.
4
2 672
Begench Malikgulyyew
17.12.2019 22:57
Mysal üçin siz bir arwahdan gaçyp barýarsyňyz. Öňüňizden 3 sany gapy çykýar. 1-nji  gapynyň içinde ot ýanyp duran. 2-nji gapyda öldürijiler ýaşaýar. 3-nji gapyda 3 aý bäri iýmitlenmeýän ýolbars bar. Siz bulardan birine girip halas bolmagy başaryp bilersiňizmi?
9
3 260
Begench Malikgulyyew
17.12.2019 20:15

PlayStation 5 üçin taýýarlanan daşky sypat.

Sony-nyň gelejek ýyl satuwa çykarjak täze nesil oýun tehnologiýasy bolan PlayStation 5 hakynda häzirki wagta çenlui birnäçe habarlar edildi, emma şugüne çenli daşky forma barada hiç hili anyk habarymyz ýokdy. 

 

Sony PlayStation 5 üçin heniz resmi çykyş taryhy ýok, ýöne kompaniýa tarapyndan PlayStation 5-iň  2020-nji ýylda çykaryljakdygy duýduryldy. 

ResetEra-da täze PlayStation 5 üçin gören daşky formamyzda, önümiň dizaýny V şekilde döredilipdir. Bu şekili PlayStation 5-i   PlayStation 4 we PlayStation 4 Pro önümlerinden hem has owadan görkezipdir.

PS5 häzirki wagt tehnologiýada Sony kompaniýasynyň iň garaşylýan önümlerinden biri. PS5 öňki döredilen PS-lara görä has tapawutly edilip döredildi, ýagny birnäçe aýratynlyklary bar. Has tapawutlanýan tarapy ekranda 8K şekil görkezmäge hem-de öňki PS oýunlaryny hem işletmäge ukyply. Beýle diýildigi PS5 alan ulanyjy PS4-i bar wagtynda alan disklerini satmaklyga geregi ýok, diskleri PS5 okamaga ukyply. 

PS5 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýalary arasynda çykmaklygyna garaşylýar. Bahasy doly derejede belli däl, ýöne köp ulanyjylaryň tehnologiýa bilen gyzyklanýanlaryň maglumatlaryna görä 500$-dan ýokary bolmaz.

Siz nähili, PlayStation oýnamak bilen gyzyklanýaňyzmy? 

11
4 203
Begench Malikgulyyew
17.12.2019 20:14
Başardygyňyzdan kömege mätäçlere kömek bermäge çalşyň. 
Hiç bir şemiň başga bir şeme ot bereni üçin ýagtylygy kemelmeýär.
35
2 559
Begench Malikgulyyew
16.12.2019 22:39
Durmuşda öwrenen ýeke täk zadym: öz-özüne kömek etmeýän adam, hiç kime kömek berip bilmez.
Johann Heinrich Pestalozzi 
33
2 582
Begench Malikgulyyew
16.12.2019 22:20
Bir gämide baý  kapitan bolupdyr. Ol örän baý eken. Onuň baýlygyna bir işgäri göz gyzdyrýar. Kapitanyň gapysynyň iç tarapy altyndan bolupdyr. Görüp işgär gapyny ogurlama çalşýar we şeýle pikir edýär: "Eger kapitan ýok bolsa ogurlap gideýin, eger ba bolsa gapyny ogurlajak bolamda özi geler we öz gapymdyr öýdüpdirn diýern" diýip gapyny ogurlamaga barýar. Gapyň ýanyna baryp ogurlamaga çalşan pursady kapitan gelýär we işgär oňa bagyşlaň öz gapymdyr öýtdüm diýip, kapitan bilen düşünişip gidýär. Ertesi gün kapitan şol işgärini öldürýär. 
Sorag: näme sebäpden şol işgär öldürilýär. 
8
3 475
Begench Malikgulyyew
16.12.2019 22:00
    Öňümizde gyzykly oýunlar bar.
38
3 359
Begench Malikgulyyew
16.12.2019 21:20
Durmuş- bu birden seredersiň hemme zat soň bolar.
Durmuş- bu soňky diýen zatlaň täzeden janlanar.
25
1 856
Begench Malikgulyyew
16.12.2019 21:05
Bir adam düýşünde 3 gatly jaýa giripdir. 1-nji gata çyksa 2-ä çyk. 2-ä çyksa 3-e çyk ýazgy dur. 3-e çyksa şu ýerden bökseň söýen gyzyňa öýlenersiň diýlen haty okaýar. Bökýär ýöne hiç zat bolmaýar. Näme üçin?
11
2 418