Begench Malikgulyyew
20.12.2019 23:06
Adam deňizde bolmadyk wagty iň bolmanda, umutlanyp çarlak bolmaly.
Nazim Hikmet.
20
2 798
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 22:50
Aýlygyň näçe köp bolsa bolsun, aýalyňa berseň ýetenok. smile 
30
3 107
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 22:44
Adamyň hakyky baýlygy, onuň bu dünýäde eden ýagşylyklarydyr.
35
1 213
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 22:32
Siz awtobus sürüjisi we ýolda gidip barýarsyňyz. 1 duralgada 2 adam, 2 duralgada 6 adam, 3nji duralgada 4 adam aldyňyz we 4ji duralgada 5 adam düşürdiňiz. Bu görkezijiler bilen awtobus sürüjisiniň ýaşyny hasaplamak mümkinmi we ýaş näçe?
5
2 862
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 22:25

5 müň 700 ýyllyk çeýnelen sakgyç, Daş asyrynda ýaşan aýalyň genetiki maglumatlaryny orta çykardy.

Daniýanyň Syltholm adasyndaky arheologik gözleglerde 5 müň 700 ýyl öň çeýnelen sakgyç tapyldy. Ilkinji gezek süňkden başga bir bir önüm bilen genoma ýetilendigini duýdurýan alymlar, Daş asyrynda ýaşan aýala degişli haýran galdyryjy maglumatlary aldy.

Adada geçirilen arheologik işlerde 5 müň 700 ýyl öň bolup geçen, berýoza agajynyň ýakylmagy bilen ýasalan we mazuda meňzeş çeýnelen madda tapyldy.

Häzirki wagtdaky sakgyçlara meňzeýän maddada saklanýan DNA-dan Daş asyryna degişli aýalyň ähli genetiki maglumatlary çözüldi.

Toýun palçygy bilen örtülendigi üçin häzirki wagta çenli zaýalanman gelendigi aýdylýan sakgyjyň, şol wagtlar daşlary biri-birine ýelmeşdirmek üçin ulanylandygy çaklanylýar. Diş yzlary maddanyň ýumşamagy üçin ýa diş agyrysy ýa-da başga bir rahatsyz bolmalar üçin  çeýnelendigine yşarat edýär.

Gözleg işlerine ýolbaşçylyk edýän Kopengagen uniwersitedinden doktor Hannes Schroeder, Business Insider-a aýtmagyna görä “Bu örän täsin. Genetiki maglumatlardan bu kişiniň jynsyndan başga näme iýip içenine, hassalyklaryna çenli maglumatlary alyp bilýäris” diýdi.

Alymlaryň ilkinji gezek süňkden başga madda bilen gadymy adamlary öwrenmesinde bu sakgyç üsti bilen tapylan aýaly “Lola” adyny goýup, Lola baradaky maglumatlar Nature Communications atly bilim sergisinde görkezildi.

Sakgyjyň takmynan 2 sm bolandygy belli edilen makalada “Lola-nyň goýy reňk saçly, goýy bedenli we mawy gözli bolandygy belli edildi. Üste-üstüne bu aýal Ýewropada ýaşaýan awçy-çöpleýiji bir toparyň agzasy bolandygy öwrenildi.

Alnan maglumatlara görä bu aýalyň ördek we pisse iýendigi, pnewmoniýa (öýken çişme) keseline duçar bolandygy, Epstein-Barr wirusyny özünde göterendigi we laktoza duýgurlygy yşarat edilýär.

Sakgyçdan alnan maglumatlara görä bu awçy-çöpleýji toparlaryň Germaniýadan demirgazyk tarapa göçüp Şweýsariýa däl-de Daniýa barandyklary anyklanyldy.

Gözlegçiler DNA maglumatlaryna görä Daş asyryndan häzirki günümize gelip ýeten kesel dörediji mikroblaryň nähili gelendigini gyzyklanýarlar. Bir tarapdan bu çeýnelen sakgyjyň antibakterial aýratynlyklarynyň bardygy pikir edilýär.

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/201912181040862974-5-bin-700-yillik-cignenmis-sakiz-tas-devrinde-yasayan-bir-kadinin-genetik-sifresini-ortaya-cikardi/


24
12 191
Begench Malikgulyyew
20.12.2019 00:23
8+3=17, 7+8=71 ýaly yzygiderlik ýerine ýetýän bolsa 100+9=? näçe bolardy.
10
2 756
Begench Malikgulyyew
19.12.2019 23:11
Siz jaýyň üstüne münjek bolup merdiwana münýäňiz we onuň orta arasynda dursuňyz. Kakaňyz ýokardan sizi çagyrýar we 3 basgançak geçýärsiň. Edil şol wagt ejeňiz aşakdan sizi çagyrýar welin 5 basgançak aşak düşýärsiňiz. 5 basgançak düşeniňizden soňra täzeden 14 basgançak  ýokarlygyna geçip kakaňyzyň ýanyna ýetýäňiz.
Sorag: münilen merdiwanyň näçe basgançagy bar.
8
3 153
Begench Malikgulyyew
18.12.2019 23:00
Bir matematik parkda itini gezdirip ýörkä, köp wagtlap gabat gelmedik tanşy bilen görüşýär. 
- Gowy itiň bar eken.
- Hawa itleri oglum gowy görýär, şol sebäpli seredýän.
- Başgada çagalaryň barmy?
- Hawa. oglumyň erkek hem aýal doganlarynyň sany deň. Onuň iň uly aýal doganynyň gyz doganlarynyň sanyndan 2 esse köp erkek doganlary bar.
- Nähili uly maşgalaň bar eken welin men düşünip bilmedim. Doly aýdaýsaň jemi näçe?
- Men düşünmez ýaly zat aýtmadym.
Sorag: siz hasaplap bildiňizmi, matematigiň näçe çagasy bar?
10
3 968
Begench Malikgulyyew
18.12.2019 22:20
Bir gün talyplara karnawal eşik geýmeli edýärler. Her kim özüne berlenini geýýär we her kim barmaly ýerine gidýär. Talyplardan biri sirke düşýär. Sirkiň içinde arenada gezip ýörkä birden ýolbars peýda bolýar, ýaňky talyp görüp näme etjegini bilmän gorkup goýberýär... Ýolbars talybyň ýanyna gelip: Dost senem talypmy?... joy 
59
12 000
Begench Malikgulyyew
18.12.2019 22:01
Gözeli gözel edýän edepdir, edep bolsa gözeli söýmäge sebäpdir!
Jelaleddin Rumy.
45
2 382