Begench Malikgulyyew
20.12.2019
Taryhy isler
70
12 191

5 müň 700 ýyllyk çeýnelen sakgyç tapyldy.

5 müň 700 ýyllyk çeýnelen sakgyç, Daş asyrynda ýaşan aýalyň genetiki maglumatlaryny orta çykardy.

Daniýanyň Syltholm adasyndaky arheologik gözleglerde 5 müň 700 ýyl öň çeýnelen sakgyç tapyldy. Ilkinji gezek süňkden başga bir bir önüm bilen genoma ýetilendigini duýdurýan alymlar, Daş asyrynda ýaşan aýala degişli haýran galdyryjy maglumatlary aldy.

Adada geçirilen arheologik işlerde 5 müň 700 ýyl öň bolup geçen, berýoza agajynyň ýakylmagy bilen ýasalan we mazuda meňzeş çeýnelen madda tapyldy.

Häzirki wagtdaky sakgyçlara meňzeýän maddada saklanýan DNA-dan Daş asyryna degişli aýalyň ähli genetiki maglumatlary çözüldi.

Toýun palçygy bilen örtülendigi üçin häzirki wagta çenli zaýalanman gelendigi aýdylýan sakgyjyň, şol wagtlar daşlary biri-birine ýelmeşdirmek üçin ulanylandygy çaklanylýar. Diş yzlary maddanyň ýumşamagy üçin ýa diş agyrysy ýa-da başga bir rahatsyz bolmalar üçin  çeýnelendigine yşarat edýär.

Gözleg işlerine ýolbaşçylyk edýän Kopengagen uniwersitedinden doktor Hannes Schroeder, Business Insider-a aýtmagyna görä “Bu örän täsin. Genetiki maglumatlardan bu kişiniň jynsyndan başga näme iýip içenine, hassalyklaryna çenli maglumatlary alyp bilýäris” diýdi.

Alymlaryň ilkinji gezek süňkden başga madda bilen gadymy adamlary öwrenmesinde bu sakgyç üsti bilen tapylan aýaly “Lola” adyny goýup, Lola baradaky maglumatlar Nature Communications atly bilim sergisinde görkezildi.

Sakgyjyň takmynan 2 sm bolandygy belli edilen makalada “Lola-nyň goýy reňk saçly, goýy bedenli we mawy gözli bolandygy belli edildi. Üste-üstüne bu aýal Ýewropada ýaşaýan awçy-çöpleýiji bir toparyň agzasy bolandygy öwrenildi.

Alnan maglumatlara görä bu aýalyň ördek we pisse iýendigi, pnewmoniýa (öýken çişme) keseline duçar bolandygy, Epstein-Barr wirusyny özünde göterendigi we laktoza duýgurlygy yşarat edilýär.

Sakgyçdan alnan maglumatlara görä bu awçy-çöpleýji toparlaryň Germaniýadan demirgazyk tarapa göçüp Şweýsariýa däl-de Daniýa barandyklary anyklanyldy.

Gözlegçiler DNA maglumatlaryna görä Daş asyryndan häzirki günümize gelip ýeten kesel dörediji mikroblaryň nähili gelendigini gyzyklanýarlar. Bir tarapdan bu çeýnelen sakgyjyň antibakterial aýratynlyklarynyň bardygy pikir edilýär.

Alnan çeşme: https://tr.sputniknews.com/bilim/201912181040862974-5-bin-700-yillik-cignenmis-sakiz-tas-devrinde-yasayan-bir-kadinin-genetik-sifresini-ortaya-cikardi/


AýgülÝazweliýewa
21 Oktýabr 2022
Siziňem çeýnän sakgyçlarňyz birnäçe müň ýyldan şeýdip derňelse gerek😅
Malim
11 Oktýabr 2022
Ha howwa dp okap otyryberinda cyn, yalan size ne fark eder
jemal_seyitniyazowa
25 Yanwar 2022
Myhman Myhman,howa😄haýran galara zat kän
Myhman Myhman
10 Yanwar 2022
5muň 700yyl duranyny nadip bilipdirler, sakgyc bilen bolya tüýkulik bilen keselinj yada jynsyny bildiler diyeli 2mun 700yylda onda tuykulik galan daldira toyun basga maddalar tasir edendira sakgyca?onsonon sakgyc bilen awcydygyny nadip bildi yada germaniyadan dg tarapa Daniya baranyny nahili bildiler?Soool dowurdede sakgyc bolupmy?
Myhman Myhman
3 Sentýabr 2021
Gaty gen😣
Resul1
18 Yanwar 2021
Gülşat Ataýewa,adresiñem aydyp beryä diyyä
Myhman Myhman
2 Yanwar 2021
Yazanyn eline saglyk wn yalanlay mena ynanamok sonca yyllap sakgyc durarmay bidereklik
Myhman Myhman
2 Yanwar 2021
Bolup biler pacti ynandym
Myhman Myhman
24 Dekabr 2020
Possible or Impossible?
Bagtyyar
10 Oktýabr 2020
Dos ol ertekini kim goýan bolsa kim tapan bolsa ýalan o zatlar biz ýaňy bir 2020 nji ýylda 5müň 700ýyl nire how o wagtlar durmuş bir bamy dp soraňa ilki mazut ýa da berÿoza diýmän o wagtlar asam ýoga iň bärkijesi ilki durmuş adamlarama ýok o wagtlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.